499
ÝEŇIJILERIMIZI GUTLAÝARYS
Bilşimiz ýaly ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli «Atavatan Turkmenistan» halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýty tarapyndan «Ata Watan Eserleri» atly bäsleşik yglan edilipdi. Ýakynda şol bäsleşigiň jemi jemlenip, ýeňijiler belli boldy.
Bäsleşigiň ýeňijileri eseriň okalan sany, ýagny okyjylaryň köplügi boýunça kesgitlenildi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen bu bäsleşikde 30 sany pul baýragy sowgat hökmünde goýuldy. Ýeňijileriň arasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara gatnaşyklary fakultetiniň II ýyl talyby Guwanç Serdarow, Halkara žurnalistikasy fakultetiniň III ýyl talyby Begenç Aşyrow we şol fakultetiň IV ýyl talyby Seýli Aryşow dagy hem bar.
Şeýle bäsleşikleriň yzygiderli geçirilmegi ýaş zehinleriň ýüze çykarylmagyna uly itergi berýär. Biz hem ýeňiji bolan talyplarymyzy tüýs ýüregimizden gutlaýarys. Baýraklaryňyz gutly bolsun, talyp deň-duşlar!
Aýlar ATAJYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.