Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
        • HALYPA MUGALLYMYŇ GATNAŞMAGYNDA YLMY-DÖREDIJILIK MASLAHATY GEÇIRILDI
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • BILIM ULGAMYNDA TÜRKMEN-ÝAPON HYZMATDAŞLYGYNA BAGYŞLANAN DUŞUŞYK
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • BÜTINDÜNÝÄ «BRAÝL» HARPLYGYNYŇ GÜNI
        • Halkara epidemiýa garşy taýýarlyk güni: ählumumy howpsuzlygyň kepili
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
        • Взгляд на 2026 год лидеров США, России и Китая
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Media
    Esasy / Habarlar / Ýeňijiler sylaglanyldy
    Ýeňijiler sylaglanyldy surady
    30/11/-0001

    1157

    Ýeňijiler sylaglanyldy

    2021-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli ýokary okuw mekdebimiziň guramagynda ýurdumyzyň we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriniň ýokary okuw mekdepleriniň žurnalistika hünäriniň we beýleki hünärleriniň talyplarynyň arasynda yglan edilen “Garaşsyzlyk, Bitaraplyk – ösüşiň goşa ganaty” atly çeper-publisistik makalalar bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Ýokary derejede guralan dabara ýeňiji bolan talyp ýaşlar bilen bilelikde bäsleşigiň emin agzalary, ýurdumyzyň halypa žurnalistleri hem-de institutymyzyň professor-mugallymlary gatnaşdylar.

    Talyp ýaşlaryň döredijilik ukybyny açyp görkezmek maksady bilen iki derejede geçirilen bu bäsleşige žurnalistika hünärinde okaýan talyplar birinji dereje, beýleki hünärlerdäki talyplar bolsa ikinji dereje boýunça gatnaşdylar. Eminler toparynyň yglan eden netijelerine görä ýeňiji bolan talyplardan birinji dereje boýunça baş baýraga institutymyzyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Mätgurban Mätkurbanow, birinji ýere Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň žurnalistika hünäriniň 3-nji ýyl talyby Toýly Muhammetdurdyýew, ikinji ýere Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Gunça Hamedowa, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň žurnalistika hünäriniň 5-nji ýyl talyby Süleýman Kowusow, üçünji ýere Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Durmuş-ynsanperwerlik bilimleri fakultetiniň žurnalistika hünäriniň 2-nji ýyl talyby Sülgün Bazarowa hem-de ýokary okuw mekdebimiziň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Tawus Akjaýewa we şol fakultetiň 2-nji ýyl talyby Aýlar Atajykowa dagy eýe boldular. Bäsleşigiň ikinji derejesi boýunça birinji ýere Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby Ogulnur Pirjikowa, ikinji ýere Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň Türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Aýgözel Garlyýewa, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň 2-nji ýyl talyby Maksatgeldi Geldiýew, üçünji ýere Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň pediatriýa fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Mamagül Koşakowa, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Dokma önümçiligi fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Sapar Ummadow, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň 2-nji ýyl talyby Allanazar Allanazarow dagy eýe boldular. Ýeňiji bolan talyplara I we II derejeli diplomlar, Hormat hatlary, şeýle-de, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň gymmat bahaly sowgatlary gowşuryldy.

    Bäsleşige gatnaşan talyp ýaşlar ýurdumyzda Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekleri üçin uly mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimize çäksiz alkyş aýtdylar!

    Eneş ATAJANOWA,

    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

    Halkara gatnaşyklary institutynyň

    Halkara žurnalistikasy fakultetiniň III ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI surady

    16/01/2026

    WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
    «PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: V MÖWSÜMIŇ III SAÝLAMA OÝNY surady

    14/01/2026

    «PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: V MÖWSÜMIŇ III SAÝLAMA OÝNY
    Magtymguly Pyragynyň rumyn dilindäki neşiri surady

    08/01/2026

    Magtymguly Pyragynyň rumyn dilindäki neşiri
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI