81
«Ýaşlyk» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde okuw sapagy geçirildi
2025-nji ýylyň 17-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň «Parahatçylygyň medeniýeti» atly ÝUNESKO klubynyň işjeň agzalarynyň guramagynda Gökdere jülgesinde ýerleşýän «Ýaşlyk» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde okuw sapagy geçirildi.
Okuw sapagynyň dowamynda ÝUNESKO klubynyň agzalary ýurdumyzyň iri halkara guramasy bolan ÝUNESKO bilen giň gerimli hyzmatdaşlygy, bu halkara guramasynyň ýurdumyzda alyp barýan işleri dogrusynda belläp geçdiler. Bu bolsa ol ýerde dynç alýan çagalaryň ÝUNESKO guramasy we onuň ähmiýeti barada käbir gyzykly maglumatlary öwrenmeklerine öz täsirini ýetirdi. Okuw sapagynyň barşynda oňa gatnaşan çagalar bilen özara sorag-jogap alşylmagy okuw sapagynyň täsirliligini has-da artdyrdy.
Ýeri gelende bellesek, türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň okuw studiýasynyň döredijilik topary Gökderäniň bu ajaýyp künjeginde wagtlaryny şadyýan geçirýän körpejeler bilen didarlaşyp, olaryň ýürek buýsançlaryny ýazga geçirdiler. Munuň özi žurnalistika hünärini saýlan ýaşlar üçin özboluşly tejribe meýdançasy bolup, dowam edýän tejribelik döwrüniň mazmunyny artdyrdy.
«Parahatçylygyň medeniýeti» atly ÝUNESKO klubynyň guramagynda şeýle ähmiýetli çäreler yzygiderli geçirilýär. Bu bolsa Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasynda alnyp barylýan dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy wagyz etmekde möhüm ähmiýete eýe bolup durýar.
Laçyn MÄTJÄÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.