30/11/-0001
561
«Ýaş diplomatyň sesi» gazetiniň täze 20-nji sany çapdan çykdy
2021-nji ýylyň 30-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty tarapyndan her aýda iki gezek neşir edilýän «Ýaş diplomatyň sesi» atly gazetiň 20-nji sany 8 sahypa möçberinde çapdan çykdy. Üç dilde neşir edilýän gazetimiziň bu sany many-mazmunynyň we bezelişiniň täzeçilligi bilen tapawutlanýar. Ozaly bilen internet gazetimiziň şu ýörite sanynyň tutuşlygyna diýen ýaly, Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde YHG-nyň Aşgabatda geçen XV sammitiniň jemlerine bagyşlanandygyny bellemek bolar. Neşiriň ilkinji sahypasynda noýabr aýynyň möhüm wakalaryny teswirleýän «Türkmenistan — YHG-nyň giňişliginiň ýüregi», «Rowaçlyga beslenýän türkmen-türk dostlugy» atly syýasy makalalar ýerleşdirilipdir. Olarda diňe bir YHG-nyň taryhy 15-nji sammit däl, eýsem onuň çäklerinde geçirilen YHG-na agza döwletleriniň işewürler maslahatynyň we Ýokary wezipeli şahslaryň duşuşygynyň, YHG-na agza döwletleriň daşary işler ministrler Geňeşiniň 25-nji mejlisiniň, YHG-nyň Aşgabat forumynyň jemlerine bagyşlanan metbugat maslahatynyň geçirilmegi, şeýle-de Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň Türkmenistana döwlet sapary bilen bagly syýasy teswirler öz beýanyny tapypdyr. Dowamlary ikinji sahypada goýlan bu syýasy makalalary institutymyzyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyplary Sona Halykowa hem-de Gurbansähet Gurbansähedow dagy ýazypdyrlar.
«Ýaş diplomatyň sesi» gazetimiziň ikinji sahypasyndaky institutymyzyň mugallymy, publisist Täçgeldi Gutlyýewiň «Aziýanyň Kaknus guşy ganat ýaýýar» atly çaklaň publisistik makalasy YHG-nyň 15-nji sammitiniň taryhy ähmiýetini açmaga filosofik taýdan çemeleşilişi bilen tapawutlanýar. Bu pelsepeleýin makalanyň başy: «Aziýa halklarynyň, has takygy, Gündogar halklarynyň Kaknus guşy hakda döreden rowaýatyny eşitmedik barmyka? Şol rowaýata görä, Kaknus guşy misli perwana deýin, özüni oda urup, kül bolup ýanýarmyş, soňra hem şol oduň külünden owadan guş bolup, täzeden döreýärmiş. Siňe seretseň, Aziýanyň ykbaly hem şol guşuň ykbalyna kybapdaş gelýär. Ynha, ençeme müňýyllyklaryň dowamynda dünýä Müsür, Hindistan, Marguş ýaly siwilizasiýalary beren Aziýa birden orta asyrlarda Kaknus guşunyň ömrüniň pajygaly bölegi ýaly, kül durmuşa uçraýar. Soňra XIX–XX asyrlardan başlap, yklym oýanyp ugraýar. YHG-nyň geçen asyryň 60-njy, soňra 80-nji ýyllarynyň ortasyndan gözbaş alyp gaýdan taryhynda YHG-nyň 15 sammitiniň geçirilmegi, olarda, meselem, «2025-nji ýyla çenli garaýyşlar», ine, bu sammitde hem Hereketleriň Aşgabat Ylalaşygy ýaly taryhy resminamalaryň kabul edilmegi bolsa, bu Kaknus guşunyň täzeden döremeginiň we ganat gerip uçmagynyň ugrunda möhüm taryhy wakalar boldy» diýen röwüşdäki rowaýata salgylanýan tymsal bilen açylýar we soňra bu ideýa seljerilip, degerli deliller bilen delillendirilýär. Makalanyň ahyry bolsa «...XV sammit... has çeper söz bilen aýdanymyzda, Aziýanyň ýolbarsynyň yklym derelerini ýaňlandyran belent arlamasy bolup, taryha girdi» diýen görnüşdäki täze baha beriji kesgitleme bilen jemlenilýär.
Gazetiň «Myhmanlara gujak açýar, Aşgabat» diýen rubrika bilen açylýan 3-nji sahypasy «28-nji noýabrda – Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sene baýramçylygy gününde, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Aşgabatda geçirilen YHG-na agza döwletleriň Baştutanlarynyň XV sammiti soňky bir hepdäniň dowamynda dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ünsüni Türkmenistana gönükdirdi. Bu sammitde we onuň çäginde geçirilen beýleki çärelere gurama agza ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň 100-e golaýy gatnaşdy. «Ýaş diplomatyň sesi» gazetiniň döredijilik toparynyň agzalary hem sammite institutymyzdan gatnaşan meýletinçileriň 60-synyň hatarynda daşary ýurtly wekiller bilen söhbetdeş bolup, olaryň sammitiň jemleri, gözel Aşgabat şäheri barada garaýyşlaryny ýazga geçirdiler» diýen sözler bilen açylýar. Gazetimiziň 3-nji sahypasy tutuşlygyna institutymyzyň talyplary: Seýli Aryşowyň Päkistan Yslam Respublikasynyň meşhur «PTV» teleýaýlymynyň wekili Khan Arshad Mahmood, Meýlis Sadykowyň Türkiýe Respublikasynyň «Anadolu ajans» habarlar agentliginiň operatory Mesut Tankulu, Orazmyrat Hemraýewiň Eýran Yslam Respublikasynyň «Islamic Republic of Iran Broadcasting» habarlar gullugynyň habarçysy Abbas Fallah Farage bilen guran söhbetdeşliklerine bagyşlanypdyr.
Institutymyzyň Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň mugallymy Altyn Magtymowanyň «Türkmenistan – YHG: hyzmatdaşlygyň täze gözýetimleri» hem-de Halkara gatnaşyklary fakultetiniň talyby Gülruh Geldiýewanyň «Видение-2025» ОЭС» atly makalalary gazetimiziň 4-nji sahypasynda öz mynasyp orunlaryny tapypdyr. Bulardan başga-da, gazetiň bu sahypasynda YHG-na agza döwletleriň territoriýasy, ilaty, ykdysadyýeti baradaky gyzykly maglumatlar ýerleşdirilipdir. Olary internet maglumatlary esasynda institutymyzyň talyby Ýupar Egirjäýewa taýýarlapdyr.
Täsin maglumatlara, wakalara baý bolan gazetimiziň 5-nji sahypasynda institutymyzyň mugallymy Mähriban Gandymowa tarapyndan YHG-nyň 15-nji sammitine bagyşlanyp taýýarlanylan «Tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik rus dilinde çap edilipdir. Onda Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymlary: Amanmyrat Myradowyň, Gülälek Nuryýewanyň we Sülgün Nepesowanyň hem-de Halkara gatnaşyklary fakultetiniň talyplary: Batyr Esenowyň we Arslan Syýahatowyň YHG-niň taryhy, XV sammitiň jemleri baradaky söhbetleri öz beýanyny tapypdyr.
Hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatda geçirilen 15-nji sammiti diňe sebitiň däl, eýsem bütin dünýäniň habar beriş serişdelerinde we agentliklerinde giňden beýan edildi. «Ýaş diplomatyň sesi» gazetiniň 6-njy we 7-nji sahypalarynda «YHG-nyň XV sammiti halkara media giňişliklerinde» diýen rubrikanyň astynda bu sammit babatdaky halkara habarlaryna giň orun berlipdir.
Gazetimiziň 8-nji sahypasynda «Sungatlar söhbetleşýärkä, toplaryň sesi çykmaýar» atly rubrikanyň astynda YHG-na agza döwletleriň şahyrlarynyň ajaýyp eserleri ýerleşdirilipdir.
Gazetiň elektron görnüşini Halkara gatnaşyklary institutynyň internet saýtynda www.iirmfa.edu.tm salgy esasynda tapyp bilersiňiz.
Biziň gazetimiz bu saýtyň «Ylmy žurnal» bölümçesiniň içinde ýerleşdirilendir.
Makalalary we dürli namalary redaksiýamyza ibermek üçin gazetimiziň şu aşakdaky thevoiceofyoungdipolmat@gmail.com elektron poçtasyndan peýdalanyp bilersiňiz.
Halbibi SATLYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary
institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.