20/11/2026
39
Telewideniýe žurnalistikasy boýunça okuw sapagy geçirildi
2026-njy ýylyň 17–20-nji noýabry aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Aşgabatdaky merkeziniň gurnamagynda telewideniýe žurnalistikasy, habarlar gepleşiklerini taýýarlamak boýunça okuw sapagy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň hem-de Türkmen döwlet medeniýet institutynyň žurnalistika ugry boýunça bilim alýan talyplary we mugallymlary gatnaşdylar.
Okuw sapagynyň açylyşynda ilkinji bolup ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy, Ilçi Uilýam Lif gutlag sözi bilen çykyş etdi. Dört günlük okuw sapaklaryny halkara bilermenler — teležurnalist, Gazagystandaky «MIR» döwletara
teleradiokompaniýasynyň baş redaktory Witaliý Popow hem-de Moldowa Respublikasynyň Saz, teatr we şekillendiriş sungaty akademiýasynyň mugallymy, goýujy operator Ruben Agajanýan alyp bardylar. Okuw sapagynyň maksatnamasy häzirki zaman telewideniýe žurnalistikasynyň orny, internet meýdançalary bilen bäsdeşlik, gibrid formatlaryň döremegi we adaty köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň döwrebaplaşdyrylmagy ýaly ugurlary öz içine aldy. Talyplar redaktorlar we operatorlar toparlaryna bölünip, habar sýužetleriniň görnüşleri hem-de gurluşy, «Reels» we «Shorts» formatlaryny taýýarlamagyň usullary, şeýle hem wideoýazgy etmegiň tehniki esaslary, yşyklandyryş we ses enjamlary bilen işlemegiň düzgünleri barada giňişleýin maglumat aldylar. Mundan başga-da, «MIR» döwletara teleradiokompaniýasynyň hem-de türkmen žurnalistleriniň bilelikdäki taslamalarynyň mysalynda dokumental filmleriň we tapgyrlaýyn gepleşikleriň aýratynlyklary ara alnyp maslahatlaşyldy, žurnalistiň işinde emeli aňy we neýroulgamlary ulanmagyň peýdasy hem-de töwekgelçilikleri seljerildi.
Okuw sapagynyň amaly böleginde talyplar döredijilik toparlarynda işläp, saýlanan
temalar boýunça sýužetleri, söhbetdeşlikleri, stendaplary we gysga wideoşekilleri surata düşürdiler, tekstleri ýazyp, redaktirlediler, şeýle-de olary seslendirdiler we montaž etdiler. Çäräniň jemleýji gününde taýýarlanan işlere bilelikde tomaşa edilip, pikir alyşmalar geçirildi hem-de okuw sapagyna gatnaşyjylara sertifikatlar gowşuryldy.
Ahmet AGANIÝAZOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby