639
“Ýaş diplomatyň sesi” gazetiniň 17-nji sany çapdan çykdy.
Ýakynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty tarapyndan her aýda iki gezek neşir edilýän “Ýaş diplomatyň sesi” atly gazetiniň 17-nji sany çapdan çykdy. Üç dilde neşir edilýän gazetimiziň bu sany many-mazmuny, bezeg we sahypa sany taýdan täzeçilligi bilen tapawutlanýar. Neşiriň ilkinji sahypasy institutyň mugallymy Mähriban Gandymowanyň milli Liderimiziň Özbegistana, Täjigistana we “EXPO-2020” atly dünýä sergisiniň çäginde Birleşen Arap Emirliklerine eden saparlaryna syýasy syn berýän “Сотрудничество во имя благополучие” atly rus dilindäki makalasy bilen açylýar. Ony rus diline institutymyzyň talyby Ogulnar Orazmyradowa terjime edipdir. Sahypada mundan başga-da hormatly Prezidentimiziň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gadyr-gymmaty hakynda aýdan dürdäne pentleri ýerleşdirilipdir. Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby Aziza Hudaýnazarowanyň taýýarlan “Täze neşir edilen ylmy-döredijilik kitaby” atly makalasynda institutymyz üçin möhüm waka bolan, ýagny institutymyz tarapyndan çap edilen “Halkara gatnaşyklarynyň derwaýys meseleleri: ylmy-döredijilik çemeleşmeler” atly kitaby hakynda giňişleýin habar berilýär. Bu owadan bezegli kitapda ýokary okuw mekdebimiziň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň ylmy makalalary we goşgular ýygyndylary ýerleşdirilipdir. Institutymyzyň rektory Jumamyrat Gurbangeldiýewiň “Milli diplomatiýanyň ýokary mekdebi: halkara gatnaşyklary ugrunda başarnykly hünärmenleri taýýarlamagyň oňyn tejribesi” atly ylmy makalasy bilen açylýan kitapda şeýle hem mugallymlaryň we talyplaryň döwrebap hünärmenleri taýýarlamagyň oňyn tejribesine, ýurdumyzyň ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek boýunça halkara tagallalaryna, Diýarymyzda sanly bilim ulgamynyň ösüşine, daşary ýurt dilleriniň jemgyýetde tutýan ornuna we beýleki ugurlaryna degişli makalalary, syýasy we durmuşy äheňli goşgular bilen tanşyp bilersiňiz.
“Ýaş diplomatyň sesi” gazetimiziň ikinji sahypasyny tutuşlygyna eýeleýän “Garaşsyzlygymyzyň goşa kitaply goşa ganaty” atly syýasy söhbetdeşlik Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramçylygyna bagyşlanypdyr. Halkara žurnalistikasy fakultetiniň III ýyl talyby Tawus Akjaýewanyň neşiriň bu sahypasynda Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti, halypamyz bolan Täçgeldi Gutlyýew bilen eden bu söhbetdeşliginde biri Garaşsyzlygyň 30 ýyllyk belentliginde, ikinjisi Garaşsyzlygyň gözbaşynda ýazylan kitaplar hökmünde Garaşsyzlygymyzyň goşa ganatly goşa kitaplary bolup görünýän bu eserleriň, has takygy, hormatly Prezidentimiziň “Garaşsyzlyk – bagtymyz” atly halkymyza peşgeş beren täze kitabynyň hem-de Täçgeldi Gutlyýewiň “Soýuz hem Garaşsyzlyk” atly publisistik kitabynyň ýaşlaryň Garaşsyzlyk düşünjelerini has giňeltmekdäki örän uly ähmiýeti açylyp görkezilýär.
Sahypadaky: “ Eger Garaşsyzlygy ummandaky bir aýsberg hökmünde göz öňüne getirsek, bäsleşige ýazan makalaňyzdan görnüşine görä, siz bu aýsbergiň diňe suwdan üstki gatlagyny görýärsiňiz. Emma suwdan aşaky bölegini, ýagny, üçden iki bölegine welin göz ýetirip bilmeýärsiňiz”- diýen aýratyn öwüşginde berlen halypa sözleri kitaplaryň ähmiýetine düşünmegiň leýtmotiwi bolup durýar. Söhbetdeşlikde aýsbergi asty-üsti bilen tutuşlygyna görmek üçin kitaplary diňe bir gowy okamagyň ýeterlik däldigi, eýsem olary azyndan özlerine mahsus bolan dört okaýyşda gowy okap, dört düşünmek halyna ýetmegiň zerurdygy ündelýär. Gazetimiziň bu sahypasynda kitaplara içgin düşünmegiň iki sany okaýşy barada täsirli gürrüňler berlipdir. Halypamyz Täçgeldi Gutlyýew bu ugurda birinji okalyşa aň-bilim arkaly, ýagny Garaşsyzlygymyzyň asyrlara barabar geçen 30 ýyllyk taryhy ýoluny, 30 ýylyň içinde gazanan üstünliklerimizi gymmatly sanlar we maglumatlar bilen bagly okalyşyň, ikinji okalyşa bolsa Garaşsyzlygymyzyň hakyky keşbini on iki süňňüň bilen duýmak, adatdan daşary söýgi bilen bagly kalp we ýürek okalyşynyň degişlidigini belläp geçýär.
Institutymyzyň talyby Tawus Akjaýewanyň halypamyz Täçgeldi Gutlyýew bilen taýýarlan gyzykly söhbetdeşligini hem-de okalyşyň üçünji we dördünji okalyş haly baradaky täsirli söhbetiniň dowamyny gazetimiziň indiki sanynda okap bilersiňiz.
Gazetiň üçünji sahypasynda Türkmenistanyň Daşary işleri ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlary: filosofiýa ylymlarynyň kandidaty Ogulgurban Ezimowanyň syýasy äheňli, Bazar Mesowyň geoykdysady synly makalalary ýerleşdirilipdir. Şol makalalary bolsa institutymyzyň Halkara žurnalistika fakultetiniň talyplary Humaý Meredowa hem-de Kyýat Ilamanow dagy Iňlis we rus dillerine terjime edipdirler. Bulardan başga-da, gazetiň bu sahypasynda institutymyzyň Halkara gatnaşyklary fakultetiniň III ýyl talyby Nurana Muhyýewanyň “Дружеские отношения расширяются” atly makalasynda institutymyz bilen Özbegistanyň Diplomatiýa Akademiýasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara orun berlipdir.
Gazetimiziň geçen 16-njy sanynda Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby Aýlar Atajykowanyň Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rüstemowa bilen eden “Gahryman adyna mynasyp bolan diplomat zenan” at bilen çykan söhbetdeşliginiň dowamy gazetiň 4-nji sahypasynda şol öňki at bilen berlipdir. Gyzykly gürrüňlere baý bolan bu söhbetdeşlikde gahryman zenanyň: “Meniň durmuşymda saýlan ýolum – halallyk. Öz hünäriňi diňe ýokary başarjaňlyk bilen ele almak we özüňe ynanylýan wezipäni garaşylandan has hem netijeli we ýokary hilli alyp barmak, ýerine ýetirmek meniň durmuş ýörelgämdir” diýen sözleri aýratyn öwüşginde berlipdir.
Gazetiň şu sahypasynda söhbetdeşlikden başga-da institutymyzyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyplary Ajaýyp Nobatowa bilen Meýlis Sadykowyň BMG –niň halkara günlerine bagyşlap, iňlis we rus dillerinde ýazan makalalary hem öz mynasyp orunlaryny tapypdyr.
“Ýaş diplomatyň sesi” gazetiniň bäşinji sahypasy “Türkmenistan halkara media giňişliklerinde”, “Dünýä täzelikleri” diýen rubrikalaryň täzelenen hem-de habarlaryň mukdarynyň has köpeldilen görnüşinde täze öwüşginde taýýarlanypdyr. Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyplary Ajaýyp Nobatowa hem-de Annaberdi Kaşanow tarapyndan halkara dilleriniň ikisinde-rus we iňlis dillerinde taýýarlanan bu sahypada ýurdumyzyň üstünlükleri barada halkara media giňişligindäki dünýä täzelikleri ýerleşdirlipdir. Talyplaryň halkara dillerinde özbaşdak sahypa taýýarlap bilmekleri institutymyzda ýaşlaryň kämil bilim alýandygynyň nyşanydyr.
Gyzykly we täsirli maglumatlara baý bolan gazetimiziň iň soňky 6-njy sahypasynda institutymyzyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby, “Garaşsyzlyk, Bitaraplyk – ösüşiň goşa ganaty” atly döredijilik bäsleşiginiň baş baýragynyň laureaty Mätgurban Mätgurbanowyň “ Türkmenistan-bazarlary barly ýurt” atly makalasy okyjylara ýetirilýär. Sahypada institutymyzyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby Batyrmuhammet Orazow hem-de Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby Orazberdi Oraztaganowyň şygyrlary hem ýerleşdirilipdir. Gazetiň elektron görnüşini Halkara gatnaşyklary institutynyň internet saýtynda www.iirmfa.edu.tm okap bilersiňiz.
E-@mail:diplomatyn.sesi@mail.ru
Halbibi SATLYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işleri ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.