159
“ÝAŞ YKDYSATÇYLAR” YLMY GURNAGYNYŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2025-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň guramagynda “Ýaş ykdysatçylar” ylmy gurnagynyň duşuşygy geçirildi. Oňa Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 1-2-nji ýyl talyplary we magistrantlary gatnaşdy. Duşuşykda gurnagyň başlygy Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň dosenti, tehniki ylymlaryň kandidaty Öwezmyrat Bäşimow “Ylma ilkinji ädim” atly tema boýunça maglumatlary gatnaşyjylaryň dykgatyna ýetirdi. Ony Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň magistranty Kerim Serdarow alyp bardy.
Duşuşygyň dowamynda Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň magistranty Mergen Myratnazarow “Bankyň taryhy” atly tema bilen çykyş edip, gatnaşyjylaryň soraglaryna giňişleýin jogap berdi. Soňra Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň magistranty Kerim Serdarow “Akyl zähmetiniň netijesini resmilleşdirmek” atly tema bilen çykyş etdi.
Duşuşygyň ahyrynda talyplar özlerini gyzyklandyrýan sowallara jogaplary aldylar.
Aýgül HAÝYTOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň magistranty.