Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
        • Prezentasiýa bäsleşigi geçirildi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
        • YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
        • Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň 2024-nji ýyl boýunça görkezijileri I
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Ýaş diplomatlaryň mekdebi / Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň agzalarynyň arasynda Halkara Nowruz güni mynasybetli “Biziň ýerler – behişt ýerler, bu ýerler ...” atly fotosurat bäsleşi
    Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň agzalarynyň arasynda Halkara Nowruz güni mynasybetli “Biziň ýerler – behişt ýerler, bu ýerler ...” atly fotosurat bäsleşi surady
    20/12/2024

    4171

    Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň agzalarynyň arasynda Halkara Nowruz güni mynasybetli “Biziň ýerler – behişt ýerler, bu ýerler ...” atly fotosurat bäsleşi

    Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň agzalarynyň arasynda Halkara Nowruz güni mynasybetli “Biziň ýerler – behişt ýerler, bu ýerler ...” atly fotosurat bäsleşigini gurnamak we geçirmek hakyndaky
    DÜZGÜNNAMA
    Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabryndaky 340 belgili Karary bilen tassyklanan Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny durmuşa ornaşdyrmagyň Meýilnamasyny ýerine ýetirmek, bilim ulgamynda innowasiýalary ornaşdyrmak, döwrebap žurnalistikany ösdürmek, hormatly Prezidentimiziň 2020-nji ýylyň 23-nji fewralynda hem-de 2021-nji ýylyň 9-njy fewralynda internet žurnalistikasyny, fotožurnalistikany ösdürmek boýunça beren tabşyryklaryny durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň bilelikde guramagynda Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň agzalarynyň arasynda Halkara Nowruz güni mynasybetli “Biziň ýerler – behişt ýerler, bu ýerler...” atly fotosurat bäsleşigini geçirmek boýunça şu Düzgünnama işlenip taýýarlanyldy.
    1. Umumy Düzgünler
    Şu Düzgünnama Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň agzalarynyň arasynda «Biziň ýerler – behişt ýerler, bu ýerler” atly fotosurat bäsleşigini (mundan beýläk – bäsleşik) guramagyň we geçirmegiň kadalaşdyryjy resminamasy bolup, ony geçirmegiň tertibini kesgitleýär.
    Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň agzalarynyň arasynda “Fotosurat” bäsleşigini geçirmek Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň sanly ulgama geçýän şertlerinde ýaşlarymyzyň innowasion tehnologiýalaryny ulanmakda zehinli ýaşlary ýüze çykarmakda olaryň başarnyklaryny açyp görkezmekde ýardam eder.
    Bäsleşigiň maksady:
    a) Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan hoşniýetli parahatçylyk dörediji daşary syýasy başlangyçlarynyň netijesinde Bitarap Türkmenistanyň ýeten ýokary halkara abraýyny, owadan ýerlerini şöhlelendirmek, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady depginini fotosuratlarda, şekillerde şöhlelendirmek, teswirlemek;
    b) Hormatly Prezidentimiziň 2021-nji ýylyň 9-njy fewralyndaky beren tabşyrygy esasynda ýurdumyzyň geljekki ýokary okuw mekdeplerinde žurnalistika we beýleki hünärlerde okajak okuwçylaryň arasynda fotožurnalistika bolan garaýyşlaryny, aň-düşünjelerini giňeltmek, ösdürmek bilen bir hatarda, tebigata, ýurdumyza hormat-söýgüni döretmek;
    ç) fotožurnalistikanyň žanrlary boýunça surata düşürmek endiklerini kämilleşdirmek;
    d) Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň agzalarynyň arasynda hoşniýetli dostlukly gatnaşyklary berkitmek, islendik agzada fotosurata düşürmek ukybyny ýüze çykarmak.
    Bäsleşigiň wezipesi:
    a) geljekki ökde, ussat hem-de höwesjeň fotožurnalistleri hünäre höweslendirmek;
    b) häzirki zaman tehnologiýalary ulanmak arkaly döredijilige bolan gyzyklanmany döretmek;
    ç) zehinli we ukyply ýaşlary ýüze çykarmak, olaryň mundan beýläk intellektual ösüşi bilen bagly hünär saýlamaklaryna oňyn şertleri döretmek;
    d) sanly maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary arkaly mekdep okuwçylarynyň özara aragatnaşygyny amala aşyrmak.
    Bäsleşige ugradylýan suratlar şular esasynda bahalandyrylar:
    a) suratyň tema bilen sazlaşygy;
    b) bäsleşige ugradylan suratyň reňk öwüşginleri we sazlaşygy;
    c) düşürilen suratyň aňladýan belli bir garaýşy we manysy;
    d) suratyň düşüriliş tarapy.
    2. Bäsleşigiň guramaçylyk-usulyýet üpjünçiligi
    2.1. Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň agzalarynyň arasynda fotosurat bäsleşigini guramak we geçirmek boýunça umumy ýolbaşçylygy amala aşyrmak üçin Guramaçylyk we Eminler topary döredilýär.
    Guramaçylyk topary:
    Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň agzalarynyň arasynda fotosurat bäsleşigini geçirmegiň esasy ýörelgelerini kesgitleýär hem-de bäsleşigi guramak we geçirmek boýunça guramaçylyk işleri alyp barýar;
    Eminler topary:
    Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň agzalaryndan gelip gowşan suratlara bellenilen talaplar boýunça adalatly bahalandyryp, ýeňijileri kesgitleýär.
    3. Bäsleşigi guramagyň we geçirmegiň tertibi
    3.1. Bäsleşige ýurdumyzyň islendik ýerinden Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň agzalary bolan okuwçylar gatnaşyp biler.
    3.2. Bäsleşige gatnaşyljak suratyň temasy:
    a) “Biziň ýerler – behişt ýerler, bu ýerler...”;
    b) “Gözlerimde Watan keşbi”;
    ç) “Tebigat – biziň öýümiz”.
    3.3. Bäsleşige gatnaşýan agza hgi.redaksiya@gmail.com elektron salga ugratmaly.
    3.4. Bäsleşige gatnaşýan agza suraty özbaşdak düşürmeli, göçürilen bolmaly däl. Eger-de surat plagiat bolan ýagdaýynda bäsleşikden aýrylar.
    3.5. Bäsleşige gatnaşýan agza bäsleşige birnäçe surat hödürläp biler. Hödürlenýän suratlar guramaçylyk toparynyň hgi.redaksiya@gmail.com elektron salgysyna 2025-nji ýylyň 10-njy martyna çenli ugradylmaly.
    3.6. Bäsleşigiň eminler toparynyň düzümi ýurdumyzyň gazet-žurnallarynyň redaksiýalarynyň wekillerinden, halypa fotožurnalistlerden düzüler.
    3.7. Eminler topary bäsleşige gatnaşýan agzalaryň işlerini bahalandyrýar we netijelerini jemleýär.
    3.8. Islendik gatnaşyjynyň arz-şikaýat bilen ýüz tutmaga hukugy bardyr. Arz-şikaýat bilen eminler toparyna elektron salgy arkaly ýüz tutup biler.
    3.9. Arz-şikaýatlara eminler topary tarapyndan seredilýär we ahyrky netijäni eminler toparynyň başlygy kesgitleýär, hem-de bu gutarnykly netije üýtgedilmäge degişli däldir.
    4. “Biziň ýerler – behişt ýerler, bu ýerler...” atly fotosurat bäsleşiginiň ýeňijilerini kesgitlemegiň we sylaglamagyň tertibi
    4.1. Bäsleşigiň netijesi eminler tarapyndan toplanan ballaryň jemi boýunça kesgitlenýär.
    4.2. Bäsleşigiň ýeňijileri: I, II, III ýerler diplomlar, şeýle hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanar.
    4.3. Bäsleşikde baýrakly orna mynasyp bolup bilmedik, ýöne baýrakly orunlara dalaş eden fotosuratlar höweslendiriji Hormat haty bilen sylaglanylar.
    4.4. Ýeňijileriň fotosuratlary Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň resmi saýtynda ýerleşdiriler. Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänler baradaky maglumatlary (agzanyň ady, familiýasy, okaýan mekdebi, näçinji synpy) we bäsleşige tabşyryljak fotosuratlar institutyň hgi.redaksiya@gmail.com elektron salgysy arkaly kabul etmek 2024-nji ýylyň 20-njy dekabryndan başlap, 2025-nji ýylyň 10-njy martyna çenli aralygynda amala aşyrylar.

    Habarlaşmak üçin:
    Tel: +993 12 226852,
    Elektron salgy: hgi.redaksiya@gmail.com

    Soňky täzelikler

    Türkmen halysynyñ milli muzeýine gezelenç gurnaldy surady

    05/05/2025

    Türkmen halysynyñ milli muzeýine gezelenç gurnaldy
    “Ýaş diplomatlar” ylmy gurnagynyň we Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň  agzalaryna okuw sapagy geçirildi surady

    30/04/2025

    “Ýaş diplomatlar” ylmy gurnagynyň we Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň agzalaryna okuw sapagy geçirildi
    INSTITUTDA GEÇIRILEN DERS OLIMPIADANYŇ JEMI JEMLENDI surady

    30/04/2025

    INSTITUTDA GEÇIRILEN DERS OLIMPIADANYŇ JEMI JEMLENDI
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI