Logo
  • Logo
    • Science
      • Research activities
      • Postgraduate study
      • Scientific and practical conferences
      • 300th anniversary of Magtymguly Fragi
        • « Magtymguly, my word is short, has much meaning... » (Magtymguly Fragi)
        • «Magtymguly, tongue will speak of the destan... » (information about Magtymguly collected from websites)
        • Video recording of Magtymguly Fragi's poems
        • Collection of audio recordings of Magtymguly Fragi's poems
        • Magtymguly Fragi in the world press
        • Publications of Magtymguly Fragi's poems in foreign languages
        • Explanatory Dictionary of Magtymguly
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Scientific articles, abstracts and collections
      • Council of Young Scientists
        • PRESENTATION COMPETITION WAS HELD
    • International cooperation
      • Meetings
      • Visits
      • Ambassadors' lectures
      • International days
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • UNESCO Club "Culture of Peace"
        • SCIENTIFIC-PRACTICAL CONFERENCE WAS HELD
    • Faculties
      • FACULTY OF INTERNATIONAL RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL LAW
      • FACULTY OF INTERNATIONAL ECONOMIC RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL JOURNALISM
    • About us
      • Administration
      • Departments
        • Department of International Relations and Diplomacy
        • Department of International Law and Comparative Law Studies
        • Department of International Economic Relations
        • Department of Theory and Practice of Journalism
        • Department of Social Sciences
        • Department of World Languages
      • Indicators
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • About us
    • Education
      • Specialties
      • Applicants
    • Centers
      • Scientific Center for Strategic Studies
      • School of Young Diplomats
      • Department of Digital Systems and Communications
      • Scientific and Methodological Center for the Sustainable Development Goals
      • Young Messengers of Peace
      • Training Center for Priority Areas of Diplomacy of Turkmenistan
        • Transport diplomacy
        • Energy Diplomacy
        • Water diplomacy
        • Preventive diplomacy
        • Economic diplomacy
      • Diplomatic Protocol Training Center
    • Ambassadors
    • Media
    Main / School of Young Diplomats / Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň agzalarynyň arasynda Halkara Nowruz güni mynasybetli “Biziň ýerler – behişt ýerler, bu ýerler ...” atly fotosurat bäsleşi
    Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň agzalarynyň arasynda Halkara Nowruz güni mynasybetli “Biziň ýerler – behişt ýerler, bu ýerler ...” atly fotosurat bäsleşi surady
    20/12/2024

    4175

    Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň agzalarynyň arasynda Halkara Nowruz güni mynasybetli “Biziň ýerler – behişt ýerler, bu ýerler ...” atly fotosurat bäsleşi

    Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň agzalarynyň arasynda Halkara Nowruz güni mynasybetli “Biziň ýerler – behişt ýerler, bu ýerler ...” atly fotosurat bäsleşigini gurnamak we geçirmek hakyndaky
    DÜZGÜNNAMA
    Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabryndaky 340 belgili Karary bilen tassyklanan Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny durmuşa ornaşdyrmagyň Meýilnamasyny ýerine ýetirmek, bilim ulgamynda innowasiýalary ornaşdyrmak, döwrebap žurnalistikany ösdürmek, hormatly Prezidentimiziň 2020-nji ýylyň 23-nji fewralynda hem-de 2021-nji ýylyň 9-njy fewralynda internet žurnalistikasyny, fotožurnalistikany ösdürmek boýunça beren tabşyryklaryny durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň bilelikde guramagynda Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň agzalarynyň arasynda Halkara Nowruz güni mynasybetli “Biziň ýerler – behişt ýerler, bu ýerler...” atly fotosurat bäsleşigini geçirmek boýunça şu Düzgünnama işlenip taýýarlanyldy.
    1. Umumy Düzgünler
    Şu Düzgünnama Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň agzalarynyň arasynda «Biziň ýerler – behişt ýerler, bu ýerler” atly fotosurat bäsleşigini (mundan beýläk – bäsleşik) guramagyň we geçirmegiň kadalaşdyryjy resminamasy bolup, ony geçirmegiň tertibini kesgitleýär.
    Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň agzalarynyň arasynda “Fotosurat” bäsleşigini geçirmek Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň sanly ulgama geçýän şertlerinde ýaşlarymyzyň innowasion tehnologiýalaryny ulanmakda zehinli ýaşlary ýüze çykarmakda olaryň başarnyklaryny açyp görkezmekde ýardam eder.
    Bäsleşigiň maksady:
    a) Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan hoşniýetli parahatçylyk dörediji daşary syýasy başlangyçlarynyň netijesinde Bitarap Türkmenistanyň ýeten ýokary halkara abraýyny, owadan ýerlerini şöhlelendirmek, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady depginini fotosuratlarda, şekillerde şöhlelendirmek, teswirlemek;
    b) Hormatly Prezidentimiziň 2021-nji ýylyň 9-njy fewralyndaky beren tabşyrygy esasynda ýurdumyzyň geljekki ýokary okuw mekdeplerinde žurnalistika we beýleki hünärlerde okajak okuwçylaryň arasynda fotožurnalistika bolan garaýyşlaryny, aň-düşünjelerini giňeltmek, ösdürmek bilen bir hatarda, tebigata, ýurdumyza hormat-söýgüni döretmek;
    ç) fotožurnalistikanyň žanrlary boýunça surata düşürmek endiklerini kämilleşdirmek;
    d) Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň agzalarynyň arasynda hoşniýetli dostlukly gatnaşyklary berkitmek, islendik agzada fotosurata düşürmek ukybyny ýüze çykarmak.
    Bäsleşigiň wezipesi:
    a) geljekki ökde, ussat hem-de höwesjeň fotožurnalistleri hünäre höweslendirmek;
    b) häzirki zaman tehnologiýalary ulanmak arkaly döredijilige bolan gyzyklanmany döretmek;
    ç) zehinli we ukyply ýaşlary ýüze çykarmak, olaryň mundan beýläk intellektual ösüşi bilen bagly hünär saýlamaklaryna oňyn şertleri döretmek;
    d) sanly maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary arkaly mekdep okuwçylarynyň özara aragatnaşygyny amala aşyrmak.
    Bäsleşige ugradylýan suratlar şular esasynda bahalandyrylar:
    a) suratyň tema bilen sazlaşygy;
    b) bäsleşige ugradylan suratyň reňk öwüşginleri we sazlaşygy;
    c) düşürilen suratyň aňladýan belli bir garaýşy we manysy;
    d) suratyň düşüriliş tarapy.
    2. Bäsleşigiň guramaçylyk-usulyýet üpjünçiligi
    2.1. Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň agzalarynyň arasynda fotosurat bäsleşigini guramak we geçirmek boýunça umumy ýolbaşçylygy amala aşyrmak üçin Guramaçylyk we Eminler topary döredilýär.
    Guramaçylyk topary:
    Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň agzalarynyň arasynda fotosurat bäsleşigini geçirmegiň esasy ýörelgelerini kesgitleýär hem-de bäsleşigi guramak we geçirmek boýunça guramaçylyk işleri alyp barýar;

    Latest News

    A Tour to the National Museum of Turkmen Carpet surady

    05/05/2025

    A Tour to the National Museum of Turkmen Carpet
    СОСТОЯЛСЯ СЕМИНАР ДЛЯ ЧЛЕНОВ ШКОЛЫ «МОЛОДЫХ ДИПЛОМАТОВ» surady

    30/04/2025

    СОСТОЯЛСЯ СЕМИНАР ДЛЯ ЧЛЕНОВ ШКОЛЫ «МОЛОДЫХ ДИПЛОМАТОВ»
    AWARDS CONFERENCE ON THE RESULTS OF THE SUBJECT OLYMPIAD WAS HELD surady

    30/04/2025

    AWARDS CONFERENCE ON THE RESULTS OF THE SUBJECT OLYMPIAD WAS HELD
    Useful Links
    Other
    Contact

    744000, Turkmenistan Ashgabat, Street:Galkhynysh, Building 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 All rights are reserved: TDIMHGI