1778
Ýaş alymlar geňeşi
Berkarar döwletiň
täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe giň dünýägaraýyşly, ýokary ahlakly, adamkärçilikli,
beden taýdan sagdyn, kämil bilimli, hakyky watansöýüji nesilleri terbiýeläp
ýetişdirmek, olaryň jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşmaklary, öňde goýan maksatlaryna
ýetmekleri üçin ähli şertleri döretmek maksady bilen, “Ýaşlar barada döwlet
syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi, “Türkmenistanda
Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet
Maksatnamasy” hereket edýär, şeýle hem, hormatly Prezidentimiziň Karary bilen
“Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin
döwlet Maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň
meýilnamasy” tassyklandy. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanynda Ýaşlar
syýasaty boýunça bölümiň, Türkmenistanyň Mejlisinde ylym, bilim, medeniýet we
ýaşlar syýasaty komitetiniň döredilmegi, şeýle hem, Türkmenistanyň Ylymlar
akademiýasynyň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň
ýanyndaky Ýaş alymlar merkeziniň döredilmegi, Ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny
durmuşa geçirmekde esasy ädimleriň biridir. Ýaşlar syýasatyny durmuşa
geçirmekde ýaş raýatlara hünär saýlamak, hünär öwrenmek we iş üpjünçiligi,
olaryň bilim almaga we ylym bilen meşgullanmaga bolan höwesini
kanagatlandyrmaklyga aýratyn üns berilýär.
Hut şu nukdaýnazardan hem,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda
Ýaş alymlar geňeşi hereket edýär. Geňeşiň düzümine ýaş mugallymlardan, ylma
höwesjeň, işjeň talyp ýaşlardan ybarat agzalar kabul edildi. Institutymyzda
döredilen bu geňeş hormatly Prezidentimiziň ýaş alymlaryň ylmy döredijilik
işlerine işjeň gatnaşmaklary baradaky tabşyryklaryny ýerine ýetirmek, ýaş
mugallymlaryň we talyplaryň ylmy işlere, ylym, bilim we ýokary tehnologiýalar
ulgamynda işeňňir gatnaşmaklygyny gazanmak maksady bilen, ýaşlaryň arasynda
netijeli işleri alyp barýar. Bu işler ýaşlaryň ylmy taýdan kämilleşmegini
gazanmak, ýaş alymlaryň we hünärmenleriň ylmy-barlag işleri boýunça halkara
hyzmatdaşlygyny berkitmäge we ösdürmäge, olaryň ýurdumyzda we daşary ýurtlarda
geçirilýän ylmy, ylmy-amaly, ylmy-usuly, ylmy-önümçilik maslahatlara işjeň
gatnaşmagyna ýardam berýär hem-de ylmyň täze gazananlary barada talyplaryň
arasynda wagyz-nesihat işlerini geçirýär.
Ýaş alymlar geňeşiniň
döredilmegi bilen institutymyzda ylym bilen meşgullanmaga, ylmy işleri,
makalalary ýazmaga isleg bildirýän talyplaryň sany barha artýar. Türkmenistanyň
Ylymlar akademiýasy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Merkezi Geňeşi tarapyndan yglan edilýän ýaş alymlaryň ylmy bäsleşigine
gatnaşmak üçin ýaş mugallymlaryň, ylma höwesjeň talyplarynyň halkara
gatnaşyklarynyň möhüm meseleleri, ynsanperwer ylymlary, innowasion ykdysadyýet
boýunça derwaýys temalaryndan ylmy işleri alyp barmaga ýardam berilýär.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň
ýurdumyzda ýaşlaryň arasynda 2023-nji ýylda geçiren ylmy işleriň bäsleşigine
institutdan 2 sany mugallymyň we 8 sany talybyň, jemi 10 sany ylmy iş
hödürlendi. Netijede, 1 sany mugallym we 1 sany talyp degişlilikde baýrakly
orunlara mynasyp boldy.
1.
Hommadowa
Gülsenem Kakageldiýewna, Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary
institutynyň Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasynyň öwreniji
mugallymy. Temasy: “Intellektual
eýeçilik hukugynyň halkara goraglylygy”. Ylmy ýolbaşçysy:
Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy we
deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasynyň mugallymy, A.Omarowa. Ýeňiji, II orun.
2. Kerimow
Arslankerim, Türkmenistanyň
DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary
hünäriniň 4-nji ýyl talyby. Temasy: “Häzirki zaman türkmen diliniň emele
gelşiniň, türkmenleriň döreden san ulgamynyň aýratynlyklary we beýleki dillere
ýetiren täsiriniň analizi”. Ylmy ýolbaşçysy: Türkmenistanyň DIM-niň
Halkara gatnaşyklary institutynyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly
mugallymy, A.Baýmyradowa. Ýeňiji, III orun.
Institutyň Ýaş alymlar
geňeşiniň düzüminde
hereket edýän ylmy
gurnaklar:
1. «Ýaş diplomatlar»;
2. «Ýaş hukukçylar»;
3. «Ýaş ykdysatçylar»;
4. «Ýaş žurnalistler»;
5. «Paýhas we parasat»;
6. «Lingvo World»;
Gurnaklaryň esasy maksady Türkmenistanyň we dünýä döwletleriniň halkara
gatnaşyklarynyň we diplomatiýasynyň derwaýys meselelerini öwrenmek we
ylmy-barlag tejribesini toplamak, halkara
hukuk we deňeşdirme hukugynyň we milli kanunçylygyň derwaýys meselelerini,
dünýä ykdysadyýetiniň we halkara
söwda-ykdysady gatnaşyklaryň derwaýys meselelerini öwrenmek, Türkmenistanyň
dünýä ykdysadyýetine işjeň goşulyşmagy barada ylmy habarlary taýýarlamak, köpçülikleýin
habar beriş ulgamyna degişli ylmy işleri ýazmaga ukyplaryny emele getirmek we
artdyrmak, halkara ýagdaýy barada makalalary taýýarlamak hem-de çapa bermek
şeýle hem, talyplaryň ylmy-barlag endiklerini ösdürmek we olaryň arasyndan
zehinleri saýlap, geljekde has çuňlaşdyrylan görnüşde ylmy işleri ýazmak we
teklipleri taýýarlamakdan ybaratdyr. Gurnaklara
gatnaşyjylar tarapyndan döwrüň derwaýys halkara syýasy, ykdysady, medeni
meseleleri, aýratyn hem daşary we içeri syýasat, ykdysadyýet, maliýe,
energetika, ulag, ekologiýa, medeniýet we saglygy goraýyş ugurlary boýunça ylmy
işler alnyp barylýar. Bu ugry Ýaş alymlar geňeşi hem aýratyn gözegçilikde
saklap, talyplar bilen maslahatlary geçirýär. Şeýlede, Geňeş ýurdumyzda her
ýylda geçirilýän «Ýaş alymlaryň bäsleşigine» hödürlenýän işleri taýýarlamaga
talyplara ýardam berýär. Mundan başga-da, Ýaş alymlar geňeşi Magtymguly
adyndaky Ýaşlar guramasynyň merkezi geňeşiniň geçirýän ýaş alymlaryň ylmy bäsleşigine
gatnaşan agza talyplaryň we mugallymlaryň ylmy işleriniň ýokary netijeliligini
üpjün etmek maksady bilen, ylmy barlag işlerini gözden geçirmeklige ýardam
edýär. Ylmy gurnaklaryň agzalarynyň arasynda şanly baýramçylyklar we möhüm
wakalar boýunça dürli makalalar ýazylýar. Şeýle hem gurnaklaryň gurnamagynda
alymlar, ýazyjy, žurnalistler bilen birnäçe duşuşyklar we uly göwrümli
çäreler geçirilýär.
Ýaş alymlar geňeşiniň agzalary talyplaryň ylmy-barlag endiklerini
ösdürmekde we bu babatdaky başarnyklaryny yzygiderli artdyrmakda, kurs we
diplom işleriniň ýazylyşyna gözegçilik edýärler we ýakyndan ýardam berýärler. Ýylyň dowamynda birnäçe ylmy-amaly maslahatlar
geçirilip, onda talyplaryň özleriniň ylmy temalary bilen çykyş etýärler. Ylmy
temalary taýýarlamakda talyplara ylmy ýolbaşçylary bilen bir hatarda Ýaş
alymlar geňeşiniň işjeň agzalary hem ýakyndan ýardam berýär.
Soňky täzelikler
12/06/2024
ÝÜREKLERDE GAHRYMANA ALKYŞ BAR12/06/2024
YLYMLY ÝAŞLAR – KÄMILLIGIŇ ÝOLUNDA