
12/06/2025
222
Ylma goýulýan hormat
Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygyna beslenýän Halkara
parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda geçirilen
ylmy bäsleşikde birinji orun eýeläp, hormatly Prezidentimiziň şa serpaýyny almak
bagtynyň miýesser edenine begenjimiň çägi ýok.
Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüji başlangyçlary we Arkadagly
Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamy
depginli ösüp, dünýäniň iň ösen döwletleriniň derejesine çykýar. Ýurdumyzda
ýaşlaryň bilim almagy, ylym we döredijilik bilen meşgullanmagy üçin ähli şertler
döredilýär. Şeýle amatly mümkinçiliklerden netijeli peýdalanýan ýaşlar milli ylym
ulgamynyň täzeçil ylmy garaýyşlar we nazary bilimler hem-de oýlap tapyşlar bilen
baýlaşmagyna mynasyp goşant goşýarlar.
Men Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen
bäsleşige “Syýasy kommunikasiýanyň türkmen jemgyýetine ýetirýän täsiri” atly
ylmy işim bilen gatnaşdym. Mälim bolşy ýaly, syýasy kommunikasiýa jemgyýetde
syýasy garaýyşlaryň we durmuş gurşawynyň döremegine täsirini ýetirýän esasy
şertleriň biridir. Diňe bir türkmen jemgyýetinde däl, eýsem, dünýä halklarynyň
arasynda abadan durmuşyň we dost-doganlygyň has-da berkidilmegine,
parahatçylykly garaýyşlaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine çagyryş edýän
türkmen syýasy kommunikasiýa ulgamyny öwrenmek möhüm ähmiýete eýedir.
Ýurdumyzyň BMG tarapyndan ykrar edilen halkara hukuk derejesine eýe
bolmagynyň şanly toýy baýram edilýän ýylynda şu mowzugy ylmy esasda has-da
içgin öwrenmegi ylmy işimde maksat edindim.
Ylmy işime berlen ýokary baha üçin hoşallygymyň çägi ýok. Ýaşlary
Watanymyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmek babatda giň gerimli
işlere işjeň gatnaşmaga ruhlandyrýan, munuň üçin giň mümkinçilikleri döredip
berýän döwlet Baştutanymyzyň we Milli Liderimiziň janlary sag, ömürleri uzak
bolsun!
Ogulgerek ABDYKADYROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti
kafedrasynyň mugallymy.