Logo
  • Logo
    • Science
      • Research activities
      • Postgraduate study
      • Scientific and practical conferences
      • 300th anniversary of Magtymguly Fragi
        • « Magtymguly, my word is short, has much meaning... » (Magtymguly Fragi)
        • «Magtymguly, tongue will speak of the destan... » (information about Magtymguly collected from websites)
        • Video recording of Magtymguly Fragi's poems
        • Collection of audio recordings of Magtymguly Fragi's poems
        • Magtymguly Fragi in the world press
        • Publications of Magtymguly Fragi's poems in foreign languages
        • Explanatory Dictionary of Magtymguly
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Scientific articles, abstracts and collections
      • Council of Young Scientists
        • PRESENTATION COMPETITION WAS HELD
    • International cooperation
      • Meetings
      • Visits
      • Ambassadors' lectures
      • International days
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • UNESCO Club "Culture of Peace"
        • SCIENTIFIC-PRACTICAL CONFERENCE WAS HELD
    • Faculties
      • FACULTY OF INTERNATIONAL RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL LAW
      • FACULTY OF INTERNATIONAL ECONOMIC RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL JOURNALISM
    • About us
      • Administration
      • Departments
        • Department of International Relations and Diplomacy
        • Department of International Law and Comparative Law Studies
        • Department of International Economic Relations
        • Department of Theory and Practice of Journalism
        • Department of Social Sciences
        • Department of World Languages
      • Indicators
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • About us
    • Education
      • Specialties
      • Applicants
    • Centers
      • Scientific Center for Strategic Studies
      • School of Young Diplomats
      • Department of Digital Systems and Communications
      • Scientific and Methodological Center for the Sustainable Development Goals
      • Young Messengers of Peace
      • Training Center for Priority Areas of Diplomacy of Turkmenistan
        • Transport diplomacy
        • Energy Diplomacy
        • Water diplomacy
        • Preventive diplomacy
        • Economic diplomacy
      • Diplomatic Protocol Training Center
    • Ambassadors
    • Media
    Main / Council of Young Scientists / Ýaş alymlar geňeşi
    Ýaş alymlar geňeşi surady
    07/05/2023

    2361

    Ýaş alymlar geňeşi

    Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe giň dünýägaraýyşly, ýokary ahlakly, adamkärçilikli, beden taýdan sagdyn, kämil bilimli, hakyky watansöýüji nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek, olaryň jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşmaklary, öňde goýan maksatlaryna ýetmekleri üçin ähli şertleri döretmek maksady bilen, “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi, “Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasy” hereket edýär, şeýle hem, hormatly Prezidentimiziň Karary bilen “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy” tassyklandy. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanynda Ýaşlar syýasaty boýunça bölümiň, Türkmenistanyň Mejlisinde ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty komitetiniň döredilmegi, şeýle hem, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky Ýaş alymlar merkeziniň döredilmegi, Ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny durmuşa geçirmekde esasy ädimleriň biridir. Ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmekde ýaş raýatlara hünär saýlamak, hünär öwrenmek we iş üpjünçiligi, olaryň bilim almaga we ylym bilen meşgullanmaga bolan höwesini kanagatlandyrmaklyga aýratyn üns berilýär.

    Hut şu nukdaýnazardan hem, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Ýaş alymlar geňeşi hereket edýär. Geňeşiň düzümine ýaş mugallymlardan, ylma höwesjeň, işjeň talyp ýaşlardan ybarat agzalar kabul edildi. Institutymyzda döredilen bu geňeş hormatly Prezidentimiziň ýaş alymlaryň ylmy döredijilik işlerine işjeň gatnaşmaklary baradaky tabşyryklaryny ýerine ýetirmek, ýaş mugallymlaryň we talyplaryň ylmy işlere, ylym, bilim we ýokary tehnologiýalar ulgamynda işeňňir gatnaşmaklygyny gazanmak maksady bilen, ýaşlaryň arasynda netijeli işleri alyp barýar. Bu işler ýaşlaryň ylmy taýdan kämilleşmegini gazanmak, ýaş alymlaryň we hünärmenleriň ylmy-barlag işleri boýunça halkara hyzmatdaşlygyny berkitmäge we ösdürmäge, olaryň ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilýän ylmy, ylmy-amaly, ylmy-usuly, ylmy-önümçilik maslahatlara işjeň gatnaşmagyna ýardam berýär hem-de ylmyň täze gazananlary barada talyplaryň arasynda wagyz-nesihat işlerini geçirýär.

    Ýaş alymlar geňeşiniň döredilmegi bilen institutymyzda ylym bilen meşgullanmaga, ylmy işleri, makalalary ýazmaga isleg bildirýän talyplaryň sany barha artýar. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan yglan edilýän ýaş alymlaryň ylmy bäsleşigine gatnaşmak üçin ýaş mugallymlaryň, ylma höwesjeň talyplarynyň halkara gatnaşyklarynyň möhüm meseleleri, ynsanperwer ylymlary, innowasion ykdysadyýet boýunça derwaýys temalaryndan ylmy işleri alyp barmaga ýardam berilýär.

       Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýurdumyzda ýaşlaryň arasynda 2023-nji ýylda geçiren ylmy işleriň bäsleşigine institutdan 2 sany mugallymyň we 8 sany talybyň, jemi 10 sany ylmy iş hödürlendi. Netijede, 1 sany mugallym we 1 sany talyp degişlilikde baýrakly orunlara mynasyp boldy.

    1.    Hommadowa Gülsenem Kakageldiýewna, Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasynyň öwreniji mugallymy. Temasy: “Intellektual eýeçilik hukugynyň halkara goraglylygy”. Ylmy ýolbaşçysy: Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasynyň mugallymy, A.Omarowa. Ýeňiji, II orun.

    2.    Kerimow Arslankerim, Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary hünäriniň 4-nji ýyl talyby. Temasy: “Häzirki zaman türkmen diliniň emele gelşiniň, türkmenleriň döreden san ulgamynyň aýratynlyklary we beýleki dillere ýetiren täsiriniň analizi”. Ylmy ýolbaşçysy: Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy, A.Baýmyradowa. Ýeňiji, III orun.

    Institutyň Ýaş alymlar geňeşiniň düzüminde

    hereket edýän ylmy gurnaklar:

    1. «Ýaş diplomatlar»;

    Latest News

    PRESENTATION COMPETITION WAS HELD surady

    29/05/2025

    PRESENTATION COMPETITION WAS HELD
    THE LESSON WAS HELD surady

    21/05/2025

    THE LESSON WAS HELD
    SCIENTIFIC SEMINAR “DIPLOMACY IS AN ART” WAS HELD surady

    12/03/2025

    SCIENTIFIC SEMINAR “DIPLOMACY IS AN ART” WAS HELD
    Useful Links
    Other
    Contact

    744000, Turkmenistan Ashgabat, Street:Galkhynysh, Building 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 All rights are reserved: TDIMHGI