621
WATAN GORAGÇYLARYNA ŞÖHRAT
2021-nji ýylyň 3-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda 1941 - 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 76 ýyllygy mynasybetli “Görelde mekdebi siz, Watan gahrymanlary” atly uruş we tylda zähmet çeken weteranlaryň şanyna döredijilik duşuşygy geçirildi. Döredijilik duşuşygynyň dowamynda talyplar Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň guran göçme sergisine aýlanmaga, ýörite taýýarlanan dokumental filmine tomaşa etmäge mümkinçilik aldylar. Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby M.Hudaýgulyýewanyň uruş weterany bilen wideoaragatnaşyk arkaly tomaşa edilen söhbetdişlik bolsa talyplarda uly täsir galdyrdy. Çünki uruş weterany Prýaniçnikowa Antonina Pawlownanyň hem-de tylda zähmet çeken Dmitriý Aleksandrowyň beren täsirli gürrüňleri, watan goragçylary baradaky seslenmeleri, geljekki nesillere watan mukaddesligi hakyndaky düşünjä has-da giň düşünmeklerine ýardam etdi. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň ylmy neşir bölüminiň uly ylmy işgäri B.Ataýewanyň Beýik Watançylyk urşy ýyllarynyň resminamalary, “Hatyra” we “Şöhrat” kitaplarynyň taýýarlanyşy, Alp Arslan adyndaky Milli drama teatrynyň artisti Tahyr Mämmedowyň “Gala” spektaklyndaky monology, Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň III ýyl talyby D.Lomanowyň türkmen ýigitleriniň edermenliklerini wasp edýän çeper okaýyşy, Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 4 ýyl talyby R. Jumaýewiň öz düzen goşgysy, M.Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymy A. Seýitgulyýewanyň rus we türkmen dillerinde ýerine ýetiren aýdymlary döredijilik duşuşygynyň has-da täsirli bolmagyna getirdi. Şeýle hem, Türkmenistanyň halk bagşysy M.Täçmyradowyň edermen esgerlerimiziň fronta gidip aman dolanyp gelmekleri mynasybetli döreden “Ugradyş”, türkmen zenanlarymyzyň gyzyl-kümüş şaý-seplerini fron üçin, ýeňiş üçin tabşyran gymmatlyklaryna bagyşlanan “Gyzyl kerwen”, esgerleriň ýeňiş gazanyp gelenlerinde bagyşlanan “Ýeňiş” atly sazlary ýaňlandyrylmagy hem-de Beýik Watançylyk urşy döwri bilen bagly dokumental filmiň görkezilmegi döredijilik duşuşygyna gatnaşanlarda pederlerimiziň Watan goragynda görkezen gahrymanlyk, ruhubelentlik, gaýratlylyk ýaly häsiýetleriniň nesilden-nesle dowam etdirilmeginiň ähmiýetine düşünmeklerine itergi berdi.
Ogulnur DÖWLETÝAROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň I ýyl talyby.