11/07/2023
1007
Bütindünýä şokolad güni
Hoşboý ysly şokolad köpümizde çagalygy ýatladýar we ýakymly duýgylary döredýär. Munuň beýle bolmagy, döwrebap ylym tarapyndan kesgitlenişi ýaly, şokoladda dynç almagy we psihologiki taýdan dikelmegi üpjün edýän elementler bar.
Her ýylyň 11-nji iýulynda süýji söýüjiler Bütindünýä şokolad gününi belleýärler. Ilkinji gezek 1995-nji ýylda fransuzlar tarapyndan bu lezzetli baýramçylyk oýlanyp tapyldy we geçirildi.
Şokolad ýasamagy, ilkinji bolup Aztekleriň öwrenendigi çak edilýär. «Şokolad» sözi Aztek sözünden gelip çykýar. «Çokolatl» «ajy suw» hökmünde terjime edilýär.
Şokolady Ýewropa getiren ispan basyp alyjylary, bu nepislige “gara altyn” diýip at beripdirler we fiziki güýji we çydamlylygy güýçlendirmek üçin ulanypdyrlar.
Şol döwürde şeker yoklugy sebäpli şokoladyň tagamy düýbünden başgaça bolandygy aýdylýar. Wagtyň geçmegi bilen, onuň has lezzetli bolmagy üçin üwelen dänelere bal we wanil goşupdyrlar.
Şokolad aşakdaky bejeriş aýratynlyklaryna eýedir:
Häzirki zaman lukmançylygy şokoladyň: gan aýlanyş ulgamyny güýçlendirýändigini, depressiýany we ýaralary çalt bejerýändigini, ýadyňy gowulaşdyrýandygyny, immunitetini ýokarlandyrýandygyny, nerw ulgamynyň durnuklylygyny ýokarlandyrýandygyny, energiýa çeşmesidigini, witaminleri (A, B, E) we adamlar üçin zerur elementleri öz içine alýandygyny öňe sürýär.
Şokoladyň erbet taraplary hem bar. Köp mukdarda şokoladyň ulanylmagy: semizlige, kariesiň döremegine sebäp bolýar.
Şokolad diňe çäkli mukdarda sarp edilse bedene peýdalydyr.
Güljan ORAZNEPESOWA,
Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.
Soňky täzelikler
16/10/2024
Всемирный день продовольствия09/10/2024
9-njy OKTÝABR — BÜTINDÜNÝÄ POÇTA GÜNI05/10/2024
BÜTINDÜNÝÄ MUGALLYMLAR GÜNI