Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
        • Prezentasiýa bäsleşigi geçirildi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
        • YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Ýaş diplomatlaryň mekdebi / TÜRKMENISTANYŇ TARYHY, IŇLIS DILI, MATEMATIKA, TÜRKMEN DILI DERSLERI BOÝUNÇA OLIMPIADA
    TÜRKMENISTANYŇ TARYHY, IŇLIS DILI, MATEMATIKA, TÜRKMEN DILI DERSLERI BOÝUNÇA OLIMPIADA
    TÜRKMENISTANYŇ TARYHY, IŇLIS DILI, MATEMATIKA, TÜRKMEN DILI DERSLERI BOÝUNÇA OLIMPIADA
    19/01/2024

    6887

    TÜRKMENISTANYŇ TARYHY, IŇLIS DILI, MATEMATIKA, TÜRKMEN DILI DERSLERI BOÝUNÇA OLIMPIADA

    Ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen Bilimler güni mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Merkezi geňeşi bilen bilelikde “Watanyň daýanjy-bilimli ýaşlar, Arkadagly Gahryman Serdaryň guwanjy ýaşlar!” atly Türkmenistanyň taryhy, matematika, türkmen dili, iňlis dili, dersleri boýunça olimpiadany guramak we geçirmek hakyndaky
    DÜZGÜNNAMA
    Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararlary bilen tassyklanan Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny durmuşa ornaşdyrmagyň Meýilnamalaryny ýerine ýetirmek,mekdep okuwçylaryny hünäre ugrukdyrmak, zehinlerini artdyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen Bilimler güni mynasybetli “Watanyň daýanjy-bilimli ýaşlar, Arkadagly Gahryman Serdaryň guwanjy ýaşlar!” atly Türkmenistanyň taryhy, matematika, türkmen dili, iňlis dili, dersleri boýunça olimpiadany guramak we geçirmek hakyndaky Düzgünnama işlenip taýýarlanyldy.
    Umumy düzgünler
    Şu Düzgünnama onlaýn olimpiadany guramagyň we geçirmegiň kadalaşdyryjy resminamasy bolup, ony geçirmegiň tertibini kesgitleýär. Watana, halkymyza Türkmenistanyň Prezidentine wepaly, zehinli we başarjaň ýaşlary ýüze çykarmak, Türkmenistanyň bilim ulgamynyň dünýäniň ylym-bilim giňişligine sazlaşykly aralaşýan döwründe esasy mesele hökmünde orta çykýar. Onlaýn bäsleşigiň geçirilmegi ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň intellektual derejesini kesgitlemäge, Türkmenistanyň okgunly ösýän bazar ykdysadyýetinde innowasion tehnalogoýalary ulanmakda we çylşyrymly meseleleri özbaşdak çözmegi başarýan zehinli ýaşlary ýüze çykarmakda ýardam eder.
    Olimpiadanyň maksady
    Zehinli mekdep okuwçylaryny ýüze çykarmak, olaryň sanly ulgamyň mümkinçiliklerini ulanmak endiklerini kämilleşdirmek hem-de giriş synaglaryň tabşyryljak dersleri boýunça bilimleriniň derejesini kesgitlemek.
    Onlaýn olimpiadanyň guramagyň we geçirmegiň tertibi
    1. Ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän ähli mekdepleriň 11-nji synp okuwçylarynyň olimpiada gatnaşmaga hukugy bolup, olar 20.03.2024 senä çenli degişli maglumatlaryny elektron-salga: hgi.charetm@gmail.com ugratmaly. Okuwçylaryň hasaba alnandyklary baradaky maglumat elektron salgylaryna 3-nji aprele çenli ugradylar, I tapgyrynyň ähli welaýatlarda we Aşgabat şäherinde aşakdaky salgylarda 2024-nji ýylyň 8-nji aprelinde geçirilýändigini, II tapgyrynyň bolsa 2024-nji ýylyň 22-nji aprelinde geçirilýändigini mälim edýäris.
    Olimpiadanyň I tapgyrynyň geçiriljek rejesi:
    a. Aşgabat şäheri we Ahal welaýaty - Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda;
    b. Balkan welaýaty – "Türkmennebit" döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde;
    c. Daşoguz welaýaty – Türkmen oba hojalyk inistitutynda;
    d. Lebap welaýaty – S.Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk inistitutynda;
    e. Mary welaýaty - Türkmenistanyň döwlet energetika institutynda.
    1. I tapgyrna üstünlikli geçen mekdep okuwçylary barada II tapgyra gatnaşmaga hukuk gazanan okuwçylaryň elektron salgylaryna II tapgyra gatnaşmak üçin ýörite login/açar ugradylar we uzak aralykdan test tabşyrarlar.
    Olimpiadanyň II tapgyrynyň geçiriljek rejesi:
    a. Aşgabat şäheri we Ahal welaýaty - Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda;
    b. Balkan welaýaty – "Türkmennebit" döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde;
    c. Daşoguz welaýaty – Türkmen oba hojalyk inistitutynda;
    d. Lebap welaýaty – S.Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk inistitutynda;
    e. Mary welaýaty - Türkmenistanyň döwlet energetika institutynda.
    Ýeňijileri kesgitlemegiň we sylaglamagyň tertibi
    1. Olimpiadada ýokary utuklary gazanmagy başaran mekdep okuwçylarynyň sanawy Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektorynyň buýrugy bilen tassyklanar.
    2. I, II, III ýerlere hem-de höweslendiriji ýerler boýunça ýeňijiler gurnaýjylar tarapyndan taýýarlanan Hormat haty we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary bilen institutda 2024-nji ýylyň 8-nji maýynda geçiriljek “Açyk gapylar” gününde sylaglanarlar.
    Habarlaşmak üçin:

    Tel:+99364037176

    E-poçta: hgi.charetm@gmail.com

    Şeýle hem bu barada şu ýerden okap bilersiňiz:

    https://www.turkmenistan.gov.tm/ru/post/79570/v-turkmenistane-sostoyatsya-predmetnye-olimpiady-v-chest-mezhdunarodnogo-dnya-obrazovaniya

    https://turkmenportal.com/blog/73096

    https://orient.tm/ru/post/67319/v-turkmenistane-projdut-olimpiady-v-chest-mezhdunarodnogo-dnya-obrazovaniya

    https://orient.tm/ru/post/67329/ucheniki-11-h-klassov-priglashayutsya-k-uchastiyu-v-olimpiade

    https://orient.tm/tm/post/67322/turkmenistanda-halkara-bilim-guni-mynasybetli-ders-olimpiadalary-geciriler

    https://salamnews.tm/section/ylym-bilim/bilim/v-turkmenistane-sostoyatsya-predmetnye-olimpiady-7371d1

    https://ashgabat.in/2024/01/28/okuwcylaryn-arasynda-ders-olimpiadalary-geciriler/

    Soňky täzelikler

    Türkmen halysynyñ milli muzeýine gezelenç gurnaldy surady

    05/05/2025

    Türkmen halysynyñ milli muzeýine gezelenç gurnaldy
    INSTITUTDA GEÇIRILEN DERS OLIMPIADANYŇ JEMI JEMLENDI surady

    30/04/2025

    INSTITUTDA GEÇIRILEN DERS OLIMPIADANYŇ JEMI JEMLENDI
    “AÇYK GAPYLAR” GÜNI GEÇIRILDI surady

    30/04/2025

    “AÇYK GAPYLAR” GÜNI GEÇIRILDI
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI