18/10/2021
590
Türkmenistanyň Gahrymany bilen söhbetdeşlik
— Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary siziň diplomatik gullugyndaky tejribäňiz bilen içgin gyzyklanýarlar. Mümkin bolsa özüňiziň diplomat bolup işläp başlan ilkinji ýyllaryňyzda toplan tejribäňiz barada gürrüň beräýseňiz.
— Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllarynda maňa ýurdumyzyň Hindistan Respublikasynda ilkinji Ilçihanasyny açmaga gatnaşmak we bu ýerde geňeşçi wezipesinde on bäş ýyllap işlemek miýesser etdi. Ýaş, Garaşsyz Türkmenistanyň adyndan Hindistan ýaly dünýäniň iň iri döwletinde wekilçilik etmek elbetde, hem buýsançly hem-de iňňän jogapkärli derejedir. Bu döwürde Ilçihananyň öňünde duran ilkinji wajyp we möhüm wezipeleriň biri Hindistanyň içeri we daşary syýasaty bilen içgin tanyşmak hem-de doly öwrenmekdi. Şeýle-de Türkmenistan döwletimiziň Hindistan bilen alyp barýan hoşniýetli “Açyk gapylar” syýasatynyň halkara gatnaşyk ýörelgelerinde ileri tutulýan ugurlary boýunça döwletara bähbitli taslamalary netijeli durmuşa geçirmekdi.
— Siz Hindistanda diplomatik wekil hökmünde işlärin diýip pikir edýärdiňizmi?
— Men ýaşlykdan Hindistanyň taryhy, halkynyň medeniýeti, sungaty, däp-dessurlary bilen bu ýurduň ýazyjylarynyň eserlerini okamak arkaly tanyşdym. Hindistanda işlän döwrümde bolsa bu ýurduň orta asyr taryhynda möhüm orny eýelän türkmenler barada maglumatlary toplamak babatynda aýratyn mümkinçilikler döredi. Bu hem maňa birnäçe ýyllardan soňra Türkmenistan bilen Hindistanyň gatnaşyklarynyň taryhy barada kiçi göwrümli kitapçany taýýarlap çapdan çykarmaga ýardam etdi. Häzirki wagtda köp ýyllaryň dowamynda toplan taryhy maglumatlarymyň esasynda bu iki dostlukly ýurduň taryhy we häzirki zaman gatnaşyklary barada has giň söhbet açýan kitaby taýýarlamagy we çap etmegi meýilleşdirýärin.
— Siz birnäçe ýyllaryň dowamynda Türkmenistan döwletimiziň Täjigistan Respublikasyndaky hem-de Hytaý Halk Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bolup işlediňiz. Siziň bu ýurtlarda ilçi wezipesinde işlän ýyllaryňyzda türkmen-täjik we türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň ylym, bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyny has hem işjeňleşdirmek arkaly birnäçe anyk netijeler gazanyldy. Mümkin bolsa bu üstünliklere badalga beren şertler barada söhbedimizi dowam edäýsek.
— Ilkinji nobatda, ýurdumyzyň ähli pudaklarynda gazanylýan üstünlikleriň hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öňdengörüji we konstruktiw içeri we daşary syýasatynyň netijesinde gazanylýandygyny bellemelidiris. Türkmen-hytaý gatnaşyklarynda bilim ugurly hyzmatdaşlygyň ilerlemeginde we ýokary netijeleriň gazanylmagynda hem milli Liderimiziň hut özüniň atalyk aladalary we irginsiz tagallalary esasy şertleriň biri bolup durýar. Munuň netijesinde, häzirki wagtda biziň ýurdumyzyň ýaşlary bu iki ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde öz bilimlerini kämilleşdirmäge giň mümkinçilik gazandylar. Türkmenistanyň Prezidenti özüniň daşary ýurt saparlarynyň çäklerinde ol ýurtlarda bilim alýan türkmen talyplary bilen duşuşýar we olara ýüzlenip döredilen amatly şertlerden peýdalanyp, okamak, öwrenmek we kämilleşmek arkaly, eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny, halkara abraýyny, mertebesini öňküden-de belende götermäge mynasyp goşant goşmalydygy babatynda dana nesihatlaryny berýär.
Bu babatda eziz Arkadagymyzyň 2014-nji ýylyň maý aýynda Hytaý Halk Respublikasyna bolan döwlet saparynyň dowamynda ylym-bilim ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň has hem ösdürilmegine aýratyn badalga beren netijeleri aýdyň mysaldyr. Ýagny, saparyň çäklerinde döwlet Baştutanymyza ylym, bilim we saglygy goraýyş ulgamlaryny ösdürmekde gazanan ýokary netijeleri üçin Hytaýyň Pekin şäherinde ýerleşen adaty hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň hormatly professory derejesi berildi.
Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryndan ugur alnyp barylan işleriň netijesinde bu ýurtda bilim alýan türkmen talyplarynyň sany artdyryldy. Türkmenistanyň ýokary bilim ojaklarynda hem hytaý talyplarynyň bilimlerini artdyrmagy babatynda däbe öwrülen işler ýola goýuldy.
— Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda BMG-niň bilim, ylym we medeniýet boýunça ýöriteleşdirilen edarasy bolan ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň daşary syýasatynda ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglanyşykly, ýurdumyzyň iň gözel tebigy baýlyklarynyň biri bolan Köýtendag goraghanamyzy ÝUNESKO-nyň Adamzadyň Bütindünýä tebigy miras sanawyna girizmek babatynda nähili işler alnyp barylýar?
— Hakykatdan hem ajaýyp ýurdumyz Türkmenistanyň tebigaty özboluşly gözelligi bilen bütin dünýäni haýran edýär. Häzirki wagtda diňe biziň ýurdumyzyň çäklerinde ösýän seýrek görnüşli türkmen arçasy, Wawilowyň sogany, türkmen kerkawy, Wilsonyň çigildemi, Atabaýewiň haramçybygy, Kossinskiniň dionisiýasy we beýleki ösümliklerimiz tutuş ýer ýüzüniň alymlarynyň ünsüni özüne çekýän tebigy täsinliklerdir. Bular barada hormatly Prezidentimiziň 13 tomdan ybarat bolan “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik kitabynda çuň we giňişleýin maglumatlar berilýär.
Ýurdumyzyň gündogar künjeginde ýerleşýän Köýtendag hem özüniň owadan dereleri, täsin tebigaty we syrly gowaklary bilen birlikde, has gadymy taryhy bilen hem dünýäde bellidir. Şeýle-de, Köýtendag takmynan 150 million ýyl mundan ozal ýaşap geçen dinozawrlaryň aýak yzlarynyň saklanyp galan ýeri hökmünde dünýäde meşhurdyr.
Mälim bolşy ýaly, 1986-njy ýylyň 11-nji iýulynda türkmen tebigatynyň bu täsin paleontologik ýadygärligini ylmy taýdan öwrenmek we onuň tebigy ýagdaýyny saklamak maksady bilen, Köýtendag döwlet goraghanasynyň Hojaýpil döwlet çäkli goraghanasy esaslandyryldy. Türkmenistan hökümetiniň 1990-njy ýylyň 3-nji awgustyndaky Karary esasynda dag ýapgydy «Dinozawrlaryň tekiz belentligi» atly tebigy paleontologik ýadygärlik diýip yglan edildi we ol döwlet tarapyndan resmileşdirilip, gorag astyna alyndy.
2014-nji ýylda hormatly Prezidentimiziň hut özi Köýtendag döwlet goraghanasyna baryp gördi. Ol ýeriň ajaýyp jülgelerine, dinozawrlaryň aýak yzlarynyň saklanyp galan ýerlerine aýlanyp gördi we Köýtendagyň täsin ekoulgamyny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşulmaga tüýs mynasyp tebigy ýadygärlikdigini bellemek bilen bu ugurda geçirilmeli işler babatynda alymlaryň, bilermenleriň öňünde anyk wezipeleri goýdy. Muňa laýyklykda häzirki wagtda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli topary we onuň Sekretariaty ýurdumyzyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi hem-de çöller boýunça Merkezi Aziýa başlangyçlary taslamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen bilelikde “Köýtendagyň dag ekoulgamy” atly hödürnamany taýýarlamak işleri alnyp barylýar.
— Bilşimiz ýaly, ÝUNESKO-nyň maddy däl mirasynyň sanawyna girizmek üçin medeni baýlyklarymyzyň başga-da birnäçesi boýunça hödürnamalar taýýarlanýan bolmaly.
Dogry, hut şu günler türkmen halkynyň durmuşynda aýratyn ähmiýete eýe bolan “Ahalteke atçylyk sungaty”, “Alabaý tohum itlerini ýetişdirmek sungaty”, “Keşdeçilik sungaty”, “Keçe sungaty”, “Demirçilik senedi”, “Tazy we elguş sungaty” “Türkmen milli göreşi” atly hödürnamalary taýýarlamak işleri dowam edýär. Şu ýylyň dekabr aýynda Türkmenistan tarapyndan işlenip taýýarlanan “Dutar ýasamak, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty” atly hödürnama laýyklykda türkmen dutaryny ÝUNESKO-nyň maddy däl mirasynyň sanawyna girizmek babatynda gutarnykly çözgüdiň yglan edilmegine garaşylýar.
— Siz Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hökmünde öz işlän ýurtlaryňyz bilen dürli ugurly meseleler boýunça gepleşikleri alyp bardyňyz. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň adyndan çykyş etmegiň jogapkärçiligi barada öz pikiriňizi aýdaýsaňyz.
Bu günki gün hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän parahatçylyklyk, ynanyşmak, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň has-da pugtalanmagynda türkmen diplomatiýasynyň mynasyp goşandy bardyr. Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň üstünlikli ösüşini üpjün etmekde her bir diplomatyň öňünde ilkinji nobatda hormatly Prezidentimiziň syýasatyna ygrarly bolmak, ony yzygider we gyşarnyksyz durmuşa geçirmek, özüniň sözi we hereketleri bilen döwletiniň halkara abraýyny pugtalandyrmak, ynanylan wezipe borçlaryny päk ýürekden we ýokary hünär derejesinde ýerine ýetirmek wezipeleri durýar.
Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meseleleri boýunça geçirilýän gepleşiklerde diplomat öz işini degişli döwlet edarasynyň ygtyýarlyklarynyň çäklerinde amala aşyrmaga borçludyr we ol gepleşikleriň dowamynda öz döwletiniň bähbidini goramak bilen bir hatarda beýleki tarapyň hem öňe sürýän pikirlerine hormat goýmak arkaly oňyn çözgütleri gazanmagy başarmalydyr.
Pursatdan peýdalanyp, berkarar Watanymyzyň abraýyny ýer ýüzünde belentden belende galdyrýan hormatly Prezidentimize çuň ýürekden alkyş aýdýaryn. Goý, Arkadag Prezidentimiziň belent başy aman, röwşen ömri uzak, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Gaýgysyz KERIMOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň III ýyl talyby.