774
Türkmenistanyň BMG-niň agzalygyna kabul edilmeginiň 29 ýyllygy mynasybetli geçirilen duşuşyk
2021-nji ýylyň 1-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň okuw studiýasynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly institutyň professor mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň hem-de ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretarynyň, ýurdumyzyň Fransiýa Respublikasyndaky, Şweýsariýa Konfederasiýasyndaky, Awstriýa Respublikasyndaky Adatdan Daşary we Doly ygtyýarly ilçileriniň gatnaşmaklarynda Türkmenistanyň BMG-niň agzalygyna kabul edilmeginiň 29 ýyllygy mynasybetli duşuşyk geçirildi.
Duşuşyga gatnaşyjylar Hormatly Prezidentimiziň çuňňur paýhasy bilen amala aşyrylýan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň halkara gatnaşyklary ulgamynda barha abraýly we täsirli orna eýe bolýandygy barada gürrüň etdiler. Milli Liderimiziň hoşniýetli Bitaraplyga daýanýan ynsanperwerlik, dostluk we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny alyp barmagy netijesinde Türkmenistanyň halkara abraýynyň dünýäde has-da berkeýänligi bellenildi.
Duşuşykda Türkmеnistаnyň özüniň dаşаry syýasаtyndаky bаş ugrunyň esаsy ýörеlgеlеriniň biri hökmündе Birlеşеn Millеtlеr Gurаmаsy bilеn оňyn wе hеmmеtаrаplаýyn hyzmаtdаşlygy ösdürmeklige aýratyn ähmiýet berýänligi nygtaldy. Biziň döwletimiz Birlеşеn Millеtlеr Gurаmаsynyň birnäçe ýokary derejeli we ýolbaşçylyk wezipeli düzümleriniň hataryna saýlandy. Olara gatnaşmak bilen, Türkmenistanyň BMG bilen bilelikdäki tagallalaryň netijeli bolmagyna, şоl sanda pаrаhаtçylygyň wе hоwpsuzlygyň, dünýäde durnukly ösüşiň möhüm mеsеlеlеrini ara alyp maslahatlaşmaga we çözgütleri kаbul etmäge özüniň mynasyp goşandyny goşýandygy nygtaldy.
Duşuşykda 2019-njy ýylyň sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynda ähli agza döwletler tarapyndan Türkmenistanyň öňe süren «2021-nji ýyl - Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigi bellenildi. Çykyş edenler bu Kararnamanyň kabul edilmegi hormatly Prezidentimiziň umumyadamzat ähmiýetli başlangyçlarynyň dünýä bileleşiginiň agzalarynda ägirt uly gyzyklanma döredýändiginiň nobatdaky subutnamasydygyny nygtadylar.
Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň BMG bilen hyzmatdaşlygyny giňeltmekde alyp barýan işleriniň ähmiýetini belläp, mähriban Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, alyp barýan il – ýurt bähbitli işleriniň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Guwanç SERDAROW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby