07/10/2026
106
TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYK ÝÖRELGELERINE BAGYŞLANAN OKUW-USULY SEMINAR GEÇIRILDI
2026-njy ýylyň 7-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň 2026-njy ýylyň 2-nji sentýabrynda Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçiren umumy okuw sapagyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen okuw-usuly seminar geçirildi. Seminara ýokary okuw mekdepleriniň talyplary hem-de orta mekdepleriň okuwçylary gatnaşdylar.
Okuw-usuly seminarda institutyň Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi Muhammet Bäşimow «Türkmenistan – Bitaraplyk ýörelgeleriniň halkara syýasatynyň dürli şertlerinde berjaý edilişi» atly tema boýunça çykyş etdi. Mugallym öz çykyşynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň halkara syýasatyny işjeň hem-de oňyn daşary syýasatyň esasy ugurlarynyň biridigini belledi. Mundan başga-da, türkmen Bitaraplygynyň tutuş dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmaga, halklaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge çagyrýandygyny, ynsanperwer ýörelgeleri dabaralandyrýandygyny nygtady.
Seminarda Milli Liderimiziň okuw sapagyndaky parasatly sözleri, watançylyk we edermenlik barada öwüt-nesihatlary, ýaşlary terbiýelemekde möhüm ädimleri dogrusynda giňişleýin gürrüň edilip, gyzykly sorag-jogap alyşmalar esasynda işjeň alnyp baryldy.
Aýlar ORAZOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby
Soňky täzelikler
07/10/2026
OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
07/10/2026
TERJIME BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI