24/05/2024
745
Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlary boýunça UNICEF-iň hünärmeni Şiba Harmanyň okuw sapagy
2024-nji ýylyň 23-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Durnukly ösüş maksatlary boýunça okuw sapagy geçirildi. Sapagy UNICEF-iň hünärmeni Şiba Harma alyp bardy.
Sapagyň dowamynda Şiba Harma Durnukly ösüş maksatlarynyň gender deňligi barada we ol babatynda edilýän işler hem-de zenanlaryň hukuklaryny goramak hakynda talyplara okuw sapagyny geçdi. Ondan başga-da Durnukly ösüş maksatlarynyň Türkmenistandaky statistiki iş netijeleri bilen talyplary tanyşdyrdy.
Sapagyň ahyrynda Durnukly ösüş maksatlary boýunça UNICEF-iň hünärmeni Şiba Harma zenanlaryň hukuklaryny goramak we gender deňligi ugrunda alyp barýan işlerini has-da ösdürjekdigi barada aýtdy.
Ýazjeren TIRKIŞOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby.