04/01/2024
957
Türkmenistan — Ýunesko: ýaşlaryň mümkinçiliklerini giňeltmek ugrunda
Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň daşary syýasatynda esasy hyzmatdaşlaryň biridir. ÝUNESKO-nyň XXI asyryň çylşyrymly we dartgynly meselelerini medeni diplomatiýa arkaly çözmek, ynsanperwer ýörelgeleriň üsti bilen Ýer ýüzünde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek ugrundaky tagallalary Türkmenistanyň hoşniýetli daşary syýasatynyň maksatlaryna doly gabat gelýär.
Birleşen Milletler Guramasynyň bu ýöriteleşdirilen edarasynyň maksady bilimiň, ylmyň we aragatnaşygyň esasynda adamlaryň aňynda parahatçylygy goramak, hoşniýetlilik, geçirimlilik pikirini oýarmakdan ybaratdyr. Tertipnamasyndaky: «Uruş hakdaky pikir adamyň aňynda döreýär, şonuň üçin hem olaryň aňynda parahatçylygy goramak pikirini oýarmaly» diýen sözler bolsa ÝUNESKO-nyň baş ýörelgesidir. Guramanyň wezipesi adalatlylygy, kanunylygy we adam hukuklaryny ählumumy hormatlamagy, BMG-niň Tertipnamasyndaky teniniň reňkine, jynsyna, diline ýa-da dinine garamazdan, ähli halklar üçin ykrar edilen esasy hukuklaryny üpjün etmek maksady bilen, halklaryň bilim, ylym we medeniýet ulgamlarynda hyzmatdaşlygyny giňeltmek arkaly, parahatçylygy, howpsuzlygy berkitmäge ýardam etmek bilen baglydyr. Umumadamzat gymmatlyklaryna, islendik siwilizasiýanyň we medeniýetiň özygtyýarlylygyna hormat goýmak onuň ileri tutýan ýörelgesidir. ÝUNESKO her bir döwletiň, milletiň taryhyny, medeni gymmatlyklaryny, tebigatyny goramak, olary ösüp gelýän ýaş nesillere aýawly ýetirmek, her bir halkyň gymmatlyklaryny umumadamzat mirasyna öwürmek babatda netijeli iş alyp barýan ýeke-täk halkara guramadyr.
«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary astynda geçen 2023-nji ýylda BMG-niň bu ýöriteleşdirilen edarasy bilen köpugurly hyzmatdaşlyk has-da giňeldi we täze anyk many-mazmuna eýe boldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow türkmen ýaşlarynyň halkara gatnaşyklarda öz mynasyp ornuny tapmaklary, şeýle-de dünýäniň ýaşlary bilen ylym, bilim, medeniýet babatda hyzmatdaşlyk etmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredýär. Şunda geçen ýylda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi hem möhüm ädim boldy. Munuň özi guramanyň çäklerinde amala aşyrylýan gyzykly we geljegi uly taslamalara ýaşlary giňden çekmäge, olary höweslendirmäge ýardam berer.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda ÝUNESKO kafedralarynyň döredilmegi, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda, Türkmen oba hojalyk institutynda, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde ÝUNESKO klublarynyň açylmagy, umumybilim berýän orta mekdepleriň birnäçesiniň bu düzümiň assosirlenen mekdepleriniň toruna goşulmagy bu gurama bilen bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň barha işjeňleşýändigine şaýatlyk edýär. Öz gezeginde, türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebinde 2022-nji ýylda açylan «Parahatçylyk medeniýeti» atly ÝUNESKO kluby guramanyň parahatçylyk ýörelgelerini, medeni diplomatiýanyň inçeliklerini ýaşlara ýetirmäge hem-de wagyz etmäge mynasyp goşandyny goşýar.
Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasy dünýäde parahatçylygy üpjün etmekde ýaşlara daýanýan guramadyr. Ol geosyýasy şertleriň ýitileşen döwründe ilkinjileriň hatarynda ýaşlar syýasatyny öňe sürdi. Şoňa görä, ýaşlar ÝUNESKO-nyň aýratyn üns berýän ilat toparynyň biri bolup, eýýäm 20 ýyldan gowrak wagt bäri dünýäde olaryň müňlerçesiniň ýolbaşçylygyndaky başlangyçlary goldap, Bütindünýä ýaşlar toruny döretmek we ösdürmek, ýaşlaryň mümkinçiliklerini güýçlendirmek, bilim önümçiligini ösdürmek, olary döwlet işlerine çekmek üçin dürli şertleri döredýär. BMG-niň 1999-njy ýylyň 17-nji dekabryndaky Kararnamasyna laýyklykda, her ýylyň 12-nji awgustynyň «Halkara ýaşlar güni» diýlip yglan edilmegi bilen, ýaşlar meselesine halkara jemgyýetçiligiň ünsüni ýene bir ýola çekmek, raýdaşlygyň, medeni diplomatiýanyň üsti bilen parahatçylygy ýola goýmakda ýaşlaryň esasy güýçdigini nygtamak göz öňünde tutuldy. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 54-nji sessiýasynda bolsa «Ýaşlara degişli syýasatlar we maksatnamalar» atly Kararnama kabul edildi. Bu tagallalar bütin dünýädäki ýaşlaryň bir guramanyň çäginde jebisleşmegine, olaryň ukyp-başarnyklaryny mundan beýläk-de açyp görkezmäge, özara pikir alyşmak üçin giň meýdançany döretmäge mümkinçilik berdi.
ÝUNESKO-nyň döredilen gününden bäri alyp barýan işleri seljerilende, onda ýaşlary ösdürmek ulgamyna esasy ornuň degişlidigine göz ýetirmek bolýar. Bu gurama halkara we sebit derejesinde BMG-niň ýaşlar barada işläp taýýarlan köptaraplaýyn ýörelgelerinden peýdalanýar. Ýaşlary goldamak maksady bilen, agza ýurtlarda ýaşlar baradaky meseleleri çözmek üçin olara ylym, bilim, medeniýet, kommunikasiýa ulgamlaryndaky döwlet syýasatyny işläp düzmäge ýardam edýär. ÝUNESKO öz işinde halkara derejede ýaşlaryň halkara guramalarynyň we institutlarynyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge, öz çägindäki taslamalaryň, maksatnamalaryň üsti bilen olaryň hyzmatdaşlygyny giňeltmäge çalyşýar. Şunda ýaşlaryň mümkinçiliklerini dogry ulanmak we ösüş gazanmakda ondan netijeli peýdalanmak esasy maksatlaryň hatarynda durýar.
Täze taryhy döwürde hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlara aýratyn üns bermegi, «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi, ÝUNESKO-nyň ýaşlary ösdürmek baradaky maksatnamalaryna ýurdumyzyň işjeň gatnaşmagy döwlet we halkara derejede ýaşlar syýasatynyň dabaralanýandygyna şaýatlyk edýär. Geljekde-de bu abraýly gurama bilen bilelikde, ýaşlary ählitaraplaýyn kämilleşdirmek, olary döwleti we parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty ösdürmegiň esasy kuwwatyna öwürmek babatda netijeli işler alnyp barlar. Gahryman Arkadagymyzyň «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly ählumumy başlangyjyny dünýä ýaýmakda-da türkmen ýaşlarynyň mynasyp goşantlaryny goşjakdyklaryna tüýs ýürekden ynanýarys.
Jumamyrat GURBANGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory.
Çeşme: "Türkmenistan", - 4.01.2024 ý. // Türkmenmetbugat (turkmenmetbugat.gov.tm)