Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Habarlar / Türkmen-hindi diplomatik gatnaşyklarynda bilimiň täze binýady
    Türkmen-hindi diplomatik gatnaşyklarynda bilimiň täze binýady surady
    30/11/-0001

    803

    Türkmen-hindi diplomatik gatnaşyklarynda bilimiň täze binýady

    Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan parahatsöýüjilikli daşary syýasatyň we diplomatiýanyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri bilen gatnaşyklara aýratyn orun degişlidir. Türkmenistanyň dostlukly hyzmatdaş döwletleriniň biri hem Hindistan Respublikasydyr. Häzirki döwürde bütin dünýäde Türkmenistanyň bitaraplyk hukuk ýagdaýyna uly hormat goýulýar. Hormatly Prezidentimiz “Garaşsyz döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy bolan hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ýurdumyzyň ykdysady ösüşini we abadançylygyny üpjün etmegiň möhüm şertidigini, mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň ygtybarly binýadydygyny” nygtaýar. Türkmen-hindi gatnaşyklarynda ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn orun degişlidir.

    Ine, munuň aýdyň subutnamasy hökmünde Hindistanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi, jenap Widhu Peethambaran Nairiň Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory, taryh ylymlarynyň kandidaty Jumamyrat Gurbangeldiýew bilen bolan duşuşygyny agzamak bolar. Hormatly myhman ilkinji nobatda, Hormatly Prezidentimiziň hut özüniň gatnaşmagynda 2011-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda açylyp, ulanylmaga berlen institutyň Baş binasynda ýerleşen Türkmen diplomatiýasynyň Milli muzeýine aýlanyp görmek bilen, türkmen-hindi halklarynyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan taryhy, ruhy we medeni gatnaşyklary bardygyna ýene bir gezek göz ýetirdi.

    Duşuşygyň dowamynda institutyň rektory Hindistanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisine Hindistanda neşir edilýän meşhur “Business Central Asia” atly žurnalyň türkmen döwletiniň gazanýan üstünlikleri bilen tanyşdyrýan makalalary yzygiderli çap edýänliginiň buýsançlydygyny bellemek bilen, häzirki wagtda Türkmenistan bilen Hindistanyň arasynda özara gatnaşyklaryň, ösüşiniň giň gözýetimleriniň açylmagy bilen bilelikde dostlugyň we hyzmatdaşlygyň täze ugurlarynyň emele gelýändigini, munuň bolsa Hormatly Prezidentimiziň daşary syýasy strategiýasynyň üstünlikli öňe gidýändiginiň aýdyň subutnamasydygyny belledi.

    Türkmen-hindi ylym-bilim gatnaşyklarynyň ösüşini alamatlandyrýan işler biziň institutymyzyň tejribesini alanymyzda hem aýdyň ýüze çykýar. Institutyň professor-mugallymlary hünär başarnyklaryny kämilleşdirmek, öňdebaryjy hindi tejribesini öwrenmek maksady bilen Hindistanyň Tehniki we ykdysady Hyzmatdaşlygy (ITEC) maksatnamasynyň çäklerinde guralýan okuwlara gatnaşmak maksady bilen, Hindistan Respublikasynda birnäçe okuw saparlarynda boldular.

    Hormatly Prezidentimiziň teklibi esasynda yglan edilen Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly mynasybetli 2015-nji ýylyň 19-njy martynda Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Nýu-Deli şäherindäki Jawaharlal Neru adyndaky uniwersitetiniň ýanyndaky Ýüpek ýoluny öwreniş Maksatnamasy bilen hyzmatdaşlykda “2015-nji ýyl Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly: Beýik ýüpek ýolunyň sebitinde parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna – Türkmenistan we Hindistan” atly halkara seminary geçirildi we oňa institutdan wekil hökmünde Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň müdiri, professor Amangeldi Rahmanow gatnaşdy. Onuň çäklerinde Bitarap we Garaşsyz Türkmenistanyň daşary syýasatyna we diplomatiýasyna, taryhyna we medeniýetine degişli kitaplar we ýeten sepgitlerini görkezýän wideoşekiller görkezildi. Seminaryň çäklerinde Bitarap Türkmenistanyň şanly senesine bagyşlanyp paýhas oýuny geçirildi, oňa hindi talyplary işjeň gatnaşdy.

    Institutyň professor-mugallymlary türkmen-hindi gatnaşyklarynyň wajyp meselelerine bagyşlanan “Hindistan – Merkezi Aziýa 5-nji Dialogyna”, Hindistan we Merkezi Aziýa meseleleri boýunça halkara maslahatyna, şeýle-de bilim ulgamynda tejribe alyşmak maksady bilen Nýu-Deli şäherinde ýerleşýän Mahatma Gandi adyndaky Parahatçylyk we durnukly ösüş institutynda tanyşdyrylyş saparlaryna gatnaşdylar. Hindi-türkmen ylmy gatnaşyklarynyň ösüşini alamatlandyran möhüm sepgit bolup, 2015-nji ýylyň 11-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Hindistanyň Suşma Swaraj adyndaky Diplomatik gullugy institutynyň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň baglaşylmagy çykyş edýär.

    Iki ýokary okuw mekdepleriniň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlyk halkara gatnaşyklary üçin hünärmenleri taýýarlamak hem-de özara tejribe alyşmak nukdaýnazaryndan wajyp bolup durýar. Taraplar hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarly bolmak bilen, hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini doly peýdalanmak boýunça netijeli işleri alyp barýarlar. Munuň aýdyň mysaly hökmünde, ähtnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde 2020-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Hindistanyň Suşma Swaraj adyndaky Diplomatik gullugy institutynyň arasynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan teleköpri arkaly “tegelek stol” maslahatynyň geçirilmegini we oňa ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň gatnaşmagyny bellemek zerur. Duşuşygyň barşynda geljekde öňde goýlan maksatlary ara alyp maslahatlaşmak bilen, iki ýurduň diplomatik gullugynda zähmet çekjek hünärmenleriň bilim derejesini ýokarlandyrmak ugrunda özara bähbitli teklipler beýan edildi.

    IIRMFA NEWS

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä welosiped güni mynasybetli dabaralar geçirildi surady

    03/06/2025

    Bütindünýä welosiped güni mynasybetli dabaralar geçirildi
    HALKARA RUS DILINE BAGYŞLANAN BÄSLEŞIK surady

    03/06/2025

    HALKARA RUS DILINE BAGYŞLANAN BÄSLEŞIK
    ÇAGALARY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNI MYNASYBETLI ONLINE  OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI surady

    02/06/2025

    ÇAGALARY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNI MYNASYBETLI ONLINE OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI