31/12/2025
44
TÜRKMEN-GERMAN YKDYSADY GATNAŞYKLARYNYŇ TÄZE TAPGYRY
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow:
– Biz Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw
Respublikasynyň arasyndaky dostlukly
gatnaşyklara ýokary baha berýäris.
Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylda ýola goýuldy. Şol wagtdan bäri diňe bir diplomatik gatnaşyklar däl, eýsem, dürli pudaklarda şol sanda söwda, maýa-goýum we tehnologiýa ugurlarynda hyzmatdaşlyk ösdürilýär. Iki ýurduň arasyndaky ykdysady «Ýol kartasynyň» durmuşa geçirilişi, «German ykdysadyýetiniň gündogar komitetiniň» işjeň gatnaşmagy we «Türkmen-german işewürlik maslahatlarynyň» geçirilmegi ýaly çäreler munuň aýdyň mysalydyr.
Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasyndaky ykdysady gatnaşyklar pugta esaslara daýanýar we soňky döwürde, hususan-da 2024 – 2025-nji ýyllarda, işjeň ösýär. Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň berýän maglumatlaryna görä, 2018-nji ýyldan 2022-nji ýyla çenli döwürde ýurtlaryň arasyndaky söwda gatnaşyklary ep-esli ýokarlanandygy, 2024-nji ýylyň ilkinji üç aýynda haryt dolanyşygynyň 40,4 million ýewrodan geçendigi we 2024-nji ýylda ikitaraplaýyn söwdanyň takmynan 250 million ýewro barabardygy bellenýär.
2024 – 2025-nji ýyllarda GFR-de birnäçe türkmen-german işewürlik forumlary we «Türkmenistanyň ykdysadyýet günleri» geçirildi. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň berýän maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylyň oktýabrynda Frankfurtda geçirilen forumda umumy bahasy takmynan 700 million dollar bolan, 12 sany özara düşünişmek we hyzmatdaşlyk hakynda Memorandumlar baglaşyldy. Olardan «Erbaeher+Kolb GmbH» kompaniýasy bilen «Eminli maslahat» hususy telekeçiliginiň, «Musaid Hessen», «Asset Сapital», «Bey International FDI» kompaniýalary bilen «TMT сonsulting group» hojalyk jemgyýetiniň, mundan başga-da, «SKM Logistics and Trade GmbH» bilen «Döwrebap ulag merkezi» hojalyk jemgyýetiniň, «John Deere» kompaniýasy bilen «Ojar Aziýa» we «Ýaş Syýahat» hojalyk jemgyýetlerini arasynda ylalaşyk baglaşyldy. Bu ylalaşyklar Türkmenistanyň energetika (şol sanda «Galkynyş» ýataklaryny özleşdirmek), elektroenergetika, «ýaşyl» tehnologiýalary, sanly özgertmeleri, oba suw hojalygyny we dokma önümlerini Ýewropa bazaryna çykarmak ýaly geljegi uly pudaklarda german kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy giňeldýär.
2025-nji ýylyň noýabrynda Germaniýa Halkara Hyzmatdaşlyk Jemgyýetiniň (GIZ) «Merkezi Aziýada howa ýagdaýyny dolandyrmak» sebitleýin maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň çäginde Mary sebitinde gün elektrik stansiýasynyň işe girizilmegi hem türkmen-german hyzmatdaşlygynyň has-da işjeňleşýänliginiň aýdyň mysalydyr.
Germaniýa Halkara Hyzmatdaşlyk Jemgyýetiniň (GIZ) bellemegine görä, Türkmenistan eksport – üstaşyr dolanyşygynda ýokary netijeleri görkezýär. Bu netijeler Merkezi Aziýa ýurtlarynyň çäklerinden üstaşyr geçirilmeginde sarp edilýän wagt we çykdajylar boýunça alnyp barlan barlaglar arkaly mälim edilendir. Bu barlaglar barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň maglumatlaryna salgylansak, 2025-nji ýylyň awgust-oktýabr aýlarynda Türkmenistanyň Garabogaz, Farap we Daşoguz awtoýollary gümrük nokatlarynda awtoulaglaryň geçiş awtoýollary ortaça 37 minut bolup, bu görkeziji Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda iň gysga wagt hasaplanylýar. Mysal üçin, Gazagystan – 1 sagat 30 minut, Täjigistan – 1 sagat 40 minut, Gyrgyzystan – 1 sagat 44 minut, Özbegistan – 1 sagat 10 minut dowam edýär. Şeýle hem gümrük serhetlerinde ulaglaryň nobatlylygy boýunça wagtynyň ýagdaýy seljerilip, Türkmenistandaky gümrük nokatlarynda awtoulaglaryň nobata durýan wagty 35 minuda deňdir, bu görkeziji Gazagystanda 2 günden gowrak, Täjigistanda – 1 sagat 15 minut, Gyrgyzystanda – 40 minut, Özbegistanda – 12 sagat 20 minut. Bu bolsa Türkmenistanyň Aziýa bilen Ýewropa sebitleriniň arasynda ygtybarly üstaşyr köpri hökmünde ornunyň barha pugtalanýandygyny görkezýär.
Ýokarda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň köptaraplaýyn ösýändigini belläp geçipdik. Muňa ýene bir mysal hökmünde Türkmenistanyň Söwda we daşary aragatnaşyklar ministrliginiň maglumatlaryna salgylansak, bu ministrlik bilen Germaniýa Halkara Hyzmatdaşlyk Jemgyýetiniň (GIZ) arasynda 2024 – 2026-njy ýyllar üçin «Merkezi Aziýada söwda ulgamlaryny ýönekeýleşdirmek» (TFCA) sebit taslamasy boýunça gol çekilendir. Bu sebit taslamasynyň durmuşa geçirmegiň çäklerinde bolsa, 2025-nji ýylyň 5-nji dekabrynda Türkmenistanyň Oba hojalygy ministrliginiň Ösümlikler boýunça döwlet karantin gullugyna GIZ tarapyndan enjamlar toplumy gowşuryldy. Mundan öň iki tarap Türkmenistanyň ösümlikleri goramak we karantin boýunça halkara konwensiýasynyň (IPPC) howandarlygynda öňe sürlen elektron fitosanitar şahadatnamalary üçin «ePhytoSolution» maglumat ulgamyna integrasiýasyna ýardam bermek boýunça teswirnama gol çekipdiler. Bu integrasiýa Merkezi Aziýanyň we beýleki sebitleriň fitosanitar gulluklarynyň arasyndaky özara hyzmatdaşlygy döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen bolup, bu bitewi «ePhytoSolution» ulgamy arkaly fitosanitar howpsuzlygyň derejesini ýokarlandyrmalydyr. Mundan başga-da, teswirnama fitosanitar şahadatnamalaryny almak işini döwrebaplaşdyrmak wezipesini göz öňünde tutýar, bu bolsa söwda ulgamlaryny ýönekeýleşdirýär we logistik päsgelçilikleri azaldýar.
Umuman aýdanymyzda, türkmen-german hyzmatdaşlygy diňe türkmen halkyna däl, eýsem, bütin Merkezi Aziýanyň halklarynyň abadan durmuşy üçin hem uly ähmiýete eýedir.
Adolat KURANBAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň IV ýyl talyby.