Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Habarlar / Türkmen Garaşsyzlygy dünýä metbugatynda
    Türkmen Garaşsyzlygy dünýä metbugatynda surady
    30/11/-0001

    854

    Türkmen Garaşsyzlygy dünýä metbugatynda

    2021-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli daşary ýurtlarda çap edilen žurnallaryň tanyşdyrylyş dabarasy bolup geçdi. Oňa ýurdumyzyň metbugat neşirleriniň baş redaktorlary, Daşary işler ministrliginiň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, professor mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar. Şeýle-de tanyşdyrylyş dabarasyna daşary ýurt žurnallarynyň baş redaktorlary wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdylar. Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Jumamyrat Gurbangeldiýew, «Türkmenistan» gazetiniň baş redaktory Kakamyrat Rejepow, «Türkmen dünýäsi» gazetiniň baş redaktory Batyr Myradow, «Zenan kalby» žurnalynyň baş redaktory Maýsa Taýjykowa hem-de Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Durmuş-ynsanperwerlik bilimleri fakultetiniň dekany Habib Halmammedow dagy çykyş edip, olar öz çykyşlarynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň daşary ýurt neşirleriniň ýörite sanlary arkaly ýaýbaňlandyrylmagynyň ata Watanymyzyň at-owazasynyň dünýä ýüzünde has-da belende göterilýändiginiň nobatdaky subutnamasydygyny nygtadylar. Şeýle-de dabarada wideoaragatnaşyk arkaly Türkiýe Respublikasynyň «Ýerli düşünce» žurnalynyň baş redaktory, Türkiýäniň Adalat we Ösüş partiýasynyň Ordu şäheri boýunça deputaty Metin Gündogdynyň, Türkiýe Respublikasynyň «Istanbool Today» žurnalynyň baş redaktory Haýrettin Turanyň, Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy, Awstriýa Respublikasynyň «Galkynysh» žurnalynyň baş redaktory Neda Bergeriň, Hindistan Respublikasynyň «Business Central Asia» žurnalynyň redaktory Inderwir Singhiň, Türkiýe Respublikasynyň «Ýerli düşünce» žurnalynyň redaksion toparynyň agzasy, Türkiýäniň Prezidentiniň Baş geňeşçisi Ýalçyn Topçynyň hem-de Pakistan Yslam Respublikasynyň «The Diplomatic Insight» žurnalynyň baş redaktory Muhammad Asif Nuruň çykyşlary diňlenildi. Çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda syýasatda, ykdysadyýetde, ylymda we medeniýetde ýurdumyzda Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikler hem-de hemişelik Bitaraplyk derejämizden ugur alýan daşary syýasatymyzyň sebitde parahatçylygy üpjün etmekdäki ähmiýeti barada aýratyn durlup geçildi.

    Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar tarapyndan ata Watanymyzyň at-abraýyny dünýä ýaýmakda taýsyz tagallalary alyp barýan, halkymyzyň bagtyýar durmuşy ugrunda uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň adyna çäksiz sagbolsunlar aýdyldy.

    Mätgurban MÄTGURBANOW,

    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

    Halkara gatnaşyklary institutynyň

    Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä welosiped güni mynasybetli dabaralar geçirildi surady

    03/06/2025

    Bütindünýä welosiped güni mynasybetli dabaralar geçirildi
    HALKARA RUS DILINE BAGYŞLANAN BÄSLEŞIK surady

    03/06/2025

    HALKARA RUS DILINE BAGYŞLANAN BÄSLEŞIK
    ÇAGALARY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNI MYNASYBETLI ONLINE  OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI surady

    02/06/2025

    ÇAGALARY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNI MYNASYBETLI ONLINE OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI