27/05/2023
1976
TÜRKMEN DIPLOMATIÝASYNYŇ ÝOKARY MILLI MEKDEBINDE ZEHINLI ÝAŞLARY SYLAGLADYLAR
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda nurana geljegimiziň eýeleri bolan ýaş nesilleriň döwrebap derejede bilim almagy, dünýäniň ylym giňişligine aralaşmagy, bäsleşiklerdir olimpiadalara gatnaşmagy üçin giň gerimli işler, döwrebap özgertmeler üstünlikli ýaýbaňlandyrylýar. Döwrüň giň mümkinçiliklerinden ruhlanýan ýaşlarymyz döwlet we halkara derejesinde geçirilýän bäsleşiklere yzygiderli gatnaşyp, bilimlerini artdyrýarlar, ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirýärler. Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň hem-de mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen internet olimpiadalarynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasynyň guralmagy kämil ylymly-bilimli ýaşlaryň kemala gelýändiginiň nobatdaky gezek aýdyň beýany boldy.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan özüniň daşary syýasatynyň we halkara hyzmatdaşlygynyň aýrylmaz bölegi hökmünde energetika, ulag we suw ulgamlaryndaky halkara hyzmatdaşlygyny giňden ösdürýär. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda 2019-njy ýyldan bäri hereket edýän Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi hem bu ugurda ýurdumyzyň öňe süren netijeli halkara hyzmatdaşlygyny alyp barmaga gönükdirilen halkara başlangyçlaryny dabaralandyrmagy hem-de olaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilişini çuňňur bilýän kämil, döwrüň talabyna laýyk we zehinli ýaşlary ýüze çykarmagy maksat edinýär. Ýokarda agzalýan ugurlar boýunça amala aşyrylýan ähmiýetli işlere we ýetilen belent sepgitlere talyplaryň ünsüni çekmek, olarda bu ugurlardan toplan ylym-bilim başarnyklaryny açyp görkezmek maksady bilen, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty tarapyndan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda dürli bäsleşikler, internet olimpiadalar yzygiderli guralýar.
Ýaňy-ýakynda institutyň Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkeziniň guramagynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Türkmenistanyň diplomatiýasynyň energetika, ulag we suw ugurlary boýunça internet olimpiadasy geçirilidi. Onlaýn görnüşde geçirilen internet olimpiadasyna ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň 120 den gowragy gatnaşdy. Olimpiada Türkmenistanyň diplomatiýasynyň energetika, ulag we suw ugurlary boýunça ähmiýetli meseleleri hem-de ýurdumyzyň daşary syýasatynyň degişli ugurlary boýunça ýeten sepgitlerini öz içine alýan test görnüşinde alnyp barylyp, onuň netijeleri boýunça talyplaryň 57-si ýeňiji bolmagy başardy.
Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda 2017-nji ýyldan bäri hereket edýän Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy-usulyýet merkezi hem ýaşlaryň arasynda Durnukly ösüş maksatlary boýunça düşünjelerini artdyrmak maksady bilen okuw-usuly sapaklary we dürli bäsleşikleri geçirýär. Ýakynda bu merkez tarapyndan guralan ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň 10-11-nji synp okuwçylarynyň gatnaşmagynda geçirilen daşky gurşawy goramak we ekologiýa medeniýeti boýunça internet olimpiadany hem bellemek bolar. Bu olimpiada hem zehinli mekdep okuwçylarynyň 350-den gowragy gatnaşyp, olaryň 45-den gowragy bolsa ýokary ball netijelerini gazanyp, ýeňiji bolmagy başardylar. Oňa ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň gutardyş synplarynyň okuwçylaryndan gyzyklanmalaryň uly bolandygy aýratyn bellärliklidir.
Olimpiadalaryň ýeňijilerine Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Diplomlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Sanly ulgam arkaly geçirilen bu olimpiadalar «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny» we «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny» hem-de ony durmuşa geçirmegiň Meýilnamasyny ýerine ýetirmek, bilim ulgamyna innowasiýalary giň gerimde ornaşdyrmak, mekdep okuwçylarynyň arasynda ekologiýa dersinden zehinli ýaşlary ýüze çykarmak we bu ugruň has düýpli öwrenilmegine ýardam etmekde möhüm ähmiýete eýedir.
Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde internet olimpiadalarynyň yzygiderli geçirilmegi Türkmenistanda sanly bilim ulgamynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini, ýaşlarymyzyň innowasion tehnologiýalardan ussatlyk bilen baş çykarýandygyny görkezýär.
Mähriban GANDYMOWA,
Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti
kafedrasynyň mugallymy
Şeýle hem bu barada şu ýerden
okap bilersiňiz: