Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Makalalar / Türkmen alabaýy — milli mirasymyz we buýsanjymyz
    Türkmen alabaýy — milli mirasymyz we buýsanjymyz surady
    01/11/2023

    5290

    Türkmen alabaýy — milli mirasymyz we buýsanjymyz

    Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri — milli gymmatlyklarymyza sarpa goýulýan zamana. Türkmen halkynyň adyny älem-jahanda beýgeldip, dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýän şeýle gymmatlyklarymyzyň naýbaşylarynyň biri bolan alabaý itlerimiziň tohum arassalygyny saklamakda we olaryň sanyny artdyrmakda alnyp barylýan işler her birimizi guwandyrýar, buýsandyrýar.
    Gahryman Arkadagymyzyň ýiti galamyndan çykan kitaplary türkmen halkymyzyň hemişelik ýan kitabyna öwrüldi. Milli Liderimiziň «Türkmen alabaýy» atly kitaby hem diňe bir türkmen halkymyzyň söýüp okaýan eserleriniň biri bolman, eýsem dünýä halklaryny hem haýrana goýan eserleriň biridir. Ata-babalarymyzdan nesilden-nesle geçip, biziň günlerimize miras galan milli ýörelgelerimizi, özboluşly gymmatlyklarymyzy, gaýtalanmajak ajaýyplyklary döwrebap derejede dikeldýän hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň müdimilik buýsanjyny doly derejede dünýä ýaýmak, olaryň iň gymmatly taraplaryny açyp görkezmek baradaky aladalary Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» atly ajaýyp eserinde öz beýanyny tapýar. Ylmy esasda doly öwrenilmäge mynasyp bolan türkmen alabaýynyň taryhy, gelip çykyşy hem-de häzirki wagtda olaryň durmuşdaky orny baradaky wakalary, ajaýyp söhbetleri, hekaýalary özünde jemleýän bu gymmatly eseriň maňzynda uly ruhy güýç bar. Köpasyrlyk taryhy döwrüň dowamynda halkymyzyň ruhy gymmatlygyna öwrülen alabaýlar hakynda eser döretmek milli mirasymyzy has-da içgin öwrenmek bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.
    Halkymyzyň asyrlar boýy ýoldaşy bolup gelen alabaýlarymyza belet ýaşulular: «Alabaý — eýesine örän wepaly haýwan» diýip, ynam bilen aýdýarlar. Öýüň sak goragçysy, mal yzynda gezýän adamlaryň kömekçisi hem sürini goraýjysy, ýolda wepaly ýoldaşy bolýan alabaý itlerimiz sözleriň iň ýagşysy bilen taryplanylmaga mynasypdyr. Ir döwürlerde gapysyndan gulp asmadyk türkmen öýüni, mal-mülküni öz wepaly dostuna — alabaýyna ynanyp, islän ýerine gidiberipdir. Alabaýlar eýesine wepalylygy, saklygy bilen birlikde, asudalygy, parahatçylygy goraýjylyk häsiýetleri bilenem meşhurdyr. Olar aňyrdan gelýän adamyň aýak basyşyndan niýetiniň nähilidigini anyklap bilýärler. Şonuň üçinem olar serhetçilerimiziňem kömekçisi, dost-doganlyk serhetlerimiziň goragçysy bolup durýarlar.
    Şeýle-de Türkmenistanyň «Türkmenistanyň halk itşynasy» we «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly atlaryň döredilmegi häsiýetli aýratynlyklary, gaýdwsyzlygy, mertligi, edermenligi bilen tapawutlanýan alabaýlary seýislemekde we olaryň syn-sypatyny kämilleşdirmekde, itçilik pudagy ösdürmekde tutumly işleriň alnyp barylýandygynyň we şol işleri alyp barýanlaryň hormat-sarpasynyň belentdiginiň subutnamasaydyr.
    Türkmen halky iti ýetişdirmek işinde-de ussatlyk görkezipdir. Ony özüniň aýrylmaz hemrasyna, ýakyn kömekçisine öwrüpdir. Bu ýakyn gatnaşyk türkmeniň dilinde-de öz beýanyny tapypdyr. Itiň häsiýetleri, eýesine wepalylygy barada nakyllaryň, durnukly söz düzümleriniň, ertekilerdir rowaýatlaryň, matallardyr tymsallaryň bir topary döredilipdir. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen neşir edilen «Paýhas çeşmesi» atly kitapda şeýle nakyllaryň altmyşdan gowragy ýerleşdirilipdir. Olardan «It çopanyň goldaşy, ýalňyzlykda ýoldaşy», «Itiň agzy ala bolsa-da, möjek görende biriger», «Itim — gutum» ýaly nakyllary mysal getirmek bolar.
    Türkmençilikde, esasan-da oba ýerlerinde her öýde diýen ýaly it saklanylýar. Bu bir tarapdan, hojalygyň goragy üçin zerur bolsa, ikinji tarapdan, it özüniň eýesi hem-de onuň maşgalasy hakda gowy zatlary dileg edermiş, eýesine çirksiz wepaly janawaryň dilegi-de kabul bolarmyş diýlip ynanylypdyr. Perzentsöýer türkmen halky hemişe baş döwletini birinji orunda goýup gelipdir. Şeýle bolansoň, itiň öz eýesi babatdaky ýagşy dileglerini hem öz göwün telwasy bilen baglap, şoňa görä tymsal döredipdir:
    It diýermiş:
    «Hojaýynmyň ogly bolsun alty sany,
    Alty ogluň her birisi berer maňa döwüm nany,
    Etin iýip, maňa oklar,
    Olar her gün omaçany».
    Akylly türkmen itiniň ýene bir gowy häsiýeti – ol çaga degmeýär. Muny türkmençilikde nesilme-nesil ýöredilip gelnen bir dessurdanam görmek bolýar. Öňki döwürlerde biriniň çagasy durmazak bolsa, soňky doglanja bäbejigi gundap, gundag bagyna-da bir döwüm çörek gysdyryp, ony itiň öňünde goýupdyrlar. Item bäbejigi ysgaşdyryp görýär-de, onuň özüne degmän, gundag bagyna gysdyrylan çöregi alyp, aňyrrakda iýmäge durýar. Bu yrymly dessury berjaý edip duranlaram: «Ana, gördüňizmi, bu oglumyzy item almady, indi ony derdem almaz» diýip, itiň bu akylly hereketini ýagşylyga ýorýarlar. Oglanjygyň adyna-da Italmaz goýýarlar.
    Türkmen alabaýy hakynda halk döredijiligimizde nakyllaryň, rowaýatlaryň, sanawaçlaryň birnäçe toplumy bar. Ata-babalarymyz uzak ýyllaryň dowamyndaky synçylygynyň netijesinde itler bilen baglanyşykly birnäçe nakyllary döredipdirler. «It üýrse, myhman geler», «It gara görmän üýrmez», «Bir başy it-de eklär», «It geldi, gut geldi» ýaly nakyllar, «Ýurt ýeriň ýitmesin diýseň, it edin» diýen aýtgy muňa mysaldyr. Eli çeper ene-mamalarymyz bolsa, wepaly itiň keşbini özleriniň döreden sungat eserlerine siňdirmegi başarypdyrlar, ak öýleriň gapysynyň daşyndan asylýan eňsilere, sallançak we düşeklik keçelere «tazyguýruk», «it yzy» nagyşlary salypdyrlar. Alabaý köpasyrlyk taryhymyzyň dowamynda häzirki günlere çenli halkymyzyň wepaly hemrasyna öwrülen jandardyr. Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýeňişleriň nyşany bolan türkmen alabaýlarynyň şöhratyny dünýä ýaýmakda uly işler amala aşyrylýar. Döwletimizi berkarar, durmuşymyzy bagtyýar eden Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň gadamlary batly, ýollary şöhratly bolsun, janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

    Sülgün NEPESOWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy.

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI