Logo
  • Logo
    • Science
      • Research activities
      • Postgraduate study
      • Scientific and practical conferences
      • 300th anniversary of Magtymguly Fragi
        • « Magtymguly, my word is short, has much meaning... » (Magtymguly Fragi)
        • «Magtymguly, tongue will speak of the destan... » (information about Magtymguly collected from websites)
        • Video recording of Magtymguly Fragi's poems
        • Collection of audio recordings of Magtymguly Fragi's poems
        • Magtymguly Fragi in the world press
        • Publications of Magtymguly Fragi's poems in foreign languages
        • Explanatory Dictionary of Magtymguly
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Scientific articles, abstracts and collections
      • Council of Young Scientists
    • International cooperation
      • Meetings
        • BOOK AWARD CEREMONY BY THE NIPPON FOUNDATION
      • Visits
      • Ambassadors' lectures
      • International days
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • UNESCO Club "Culture of Peace"
    • Faculties
      • FACULTY OF INTERNATIONAL RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL LAW
      • FACULTY OF INTERNATIONAL ECONOMIC RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL JOURNALISM
    • About us
      • Administration
      • Departments
        • Department of International Relations and Diplomacy
        • Department of International Law and Comparative Law Studies
        • Department of International Economic Relations
        • Department of Theory and Practice of Journalism
        • Department of Social Sciences
        • Department of World Languages
      • Indicators
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • About us
    • Education
      • Specialties
      • Applicants
    • Centers
      • Scientific Center for Strategic Studies
      • School of Young Diplomats
      • Department of Digital Systems and Communications
      • Scientific and Methodological Center for the Sustainable Development Goals
        • A training session on the Sustainable Development Goals was held
      • Young Messengers of Peace
      • Training Center for Priority Areas of Diplomacy of Turkmenistan
        • Transport diplomacy
        • Energy Diplomacy
        • Water diplomacy
        • Preventive diplomacy
        • Economic diplomacy
      • Diplomatic Protocol Training Center
    • Ambassadors
    • Media
    Main / Articles / Türkmen alabaýy — milli mirasymyz we buýsanjymyz
    Türkmen alabaýy — milli mirasymyz we buýsanjymyz surady
    01/11/2023

    5289

    Türkmen alabaýy — milli mirasymyz we buýsanjymyz

    Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri — milli gymmatlyklarymyza sarpa goýulýan zamana. Türkmen halkynyň adyny älem-jahanda beýgeldip, dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýän şeýle gymmatlyklarymyzyň naýbaşylarynyň biri bolan alabaý itlerimiziň tohum arassalygyny saklamakda we olaryň sanyny artdyrmakda alnyp barylýan işler her birimizi guwandyrýar, buýsandyrýar.
    Gahryman Arkadagymyzyň ýiti galamyndan çykan kitaplary türkmen halkymyzyň hemişelik ýan kitabyna öwrüldi. Milli Liderimiziň «Türkmen alabaýy» atly kitaby hem diňe bir türkmen halkymyzyň söýüp okaýan eserleriniň biri bolman, eýsem dünýä halklaryny hem haýrana goýan eserleriň biridir. Ata-babalarymyzdan nesilden-nesle geçip, biziň günlerimize miras galan milli ýörelgelerimizi, özboluşly gymmatlyklarymyzy, gaýtalanmajak ajaýyplyklary döwrebap derejede dikeldýän hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň müdimilik buýsanjyny doly derejede dünýä ýaýmak, olaryň iň gymmatly taraplaryny açyp görkezmek baradaky aladalary Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» atly ajaýyp eserinde öz beýanyny tapýar. Ylmy esasda doly öwrenilmäge mynasyp bolan türkmen alabaýynyň taryhy, gelip çykyşy hem-de häzirki wagtda olaryň durmuşdaky orny baradaky wakalary, ajaýyp söhbetleri, hekaýalary özünde jemleýän bu gymmatly eseriň maňzynda uly ruhy güýç bar. Köpasyrlyk taryhy döwrüň dowamynda halkymyzyň ruhy gymmatlygyna öwrülen alabaýlar hakynda eser döretmek milli mirasymyzy has-da içgin öwrenmek bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.
    Halkymyzyň asyrlar boýy ýoldaşy bolup gelen alabaýlarymyza belet ýaşulular: «Alabaý — eýesine örän wepaly haýwan» diýip, ynam bilen aýdýarlar. Öýüň sak goragçysy, mal yzynda gezýän adamlaryň kömekçisi hem sürini goraýjysy, ýolda wepaly ýoldaşy bolýan alabaý itlerimiz sözleriň iň ýagşysy bilen taryplanylmaga mynasypdyr. Ir döwürlerde gapysyndan gulp asmadyk türkmen öýüni, mal-mülküni öz wepaly dostuna — alabaýyna ynanyp, islän ýerine gidiberipdir. Alabaýlar eýesine wepalylygy, saklygy bilen birlikde, asudalygy, parahatçylygy goraýjylyk häsiýetleri bilenem meşhurdyr. Olar aňyrdan gelýän adamyň aýak basyşyndan niýetiniň nähilidigini anyklap bilýärler. Şonuň üçinem olar serhetçilerimiziňem kömekçisi, dost-doganlyk serhetlerimiziň goragçysy bolup durýarlar.
    Şeýle-de Türkmenistanyň «Türkmenistanyň halk itşynasy» we «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly atlaryň döredilmegi häsiýetli aýratynlyklary, gaýdwsyzlygy, mertligi, edermenligi bilen tapawutlanýan alabaýlary seýislemekde we olaryň syn-sypatyny kämilleşdirmekde, itçilik pudagy ösdürmekde tutumly işleriň alnyp barylýandygynyň we şol işleri alyp barýanlaryň hormat-sarpasynyň belentdiginiň subutnamasaydyr.
    Türkmen halky iti ýetişdirmek işinde-de ussatlyk görkezipdir. Ony özüniň aýrylmaz hemrasyna, ýakyn kömekçisine öwrüpdir. Bu ýakyn gatnaşyk türkmeniň dilinde-de öz beýanyny tapypdyr. Itiň häsiýetleri, eýesine wepalylygy barada nakyllaryň, durnukly söz düzümleriniň, ertekilerdir rowaýatlaryň, matallardyr tymsallaryň bir topary döredilipdir. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen neşir edilen «Paýhas çeşmesi» atly kitapda şeýle nakyllaryň altmyşdan gowragy ýerleşdirilipdir. Olardan «It çopanyň goldaşy, ýalňyzlykda ýoldaşy», «Itiň agzy ala bolsa-da, möjek görende biriger», «Itim — gutum» ýaly nakyllary mysal getirmek bolar.
    Türkmençilikde, esasan-da oba ýerlerinde her öýde diýen ýaly it saklanylýar. Bu bir tarapdan, hojalygyň goragy üçin zerur bolsa, ikinji tarapdan, it özüniň eýesi hem-de onuň maşgalasy hakda gowy zatlary dileg edermiş, eýesine çirksiz wepaly janawaryň dilegi-de kabul bolarmyş diýlip ynanylypdyr. Perzentsöýer türkmen halky hemişe baş döwletini birinji orunda goýup gelipdir. Şeýle bolansoň, itiň öz eýesi babatdaky ýagşy dileglerini hem öz göwün telwasy bilen baglap, şoňa görä tymsal döredipdir:
    It diýermiş:
    «Hojaýynmyň ogly bolsun alty sany,
    Alty ogluň her birisi berer maňa döwüm nany,
    Etin iýip, maňa oklar,
    Olar her gün omaçany».
    Akylly türkmen itiniň ýene bir gowy häsiýeti – ol çaga degmeýär. Muny türkmençilikde nesilme-nesil ýöredilip gelnen bir dessurdanam görmek bolýar. Öňki döwürlerde biriniň çagasy durmazak bolsa, soňky doglanja bäbejigi gundap, gundag bagyna-da bir döwüm çörek gysdyryp, ony itiň öňünde goýupdyrlar. Item bäbejigi ysgaşdyryp görýär-de, onuň özüne degmän, gundag bagyna gysdyrylan çöregi alyp, aňyrrakda iýmäge durýar. Bu yrymly dessury berjaý edip duranlaram: «Ana, gördüňizmi, bu oglumyzy item almady, indi ony derdem almaz» diýip, itiň bu akylly hereketini ýagşylyga ýorýarlar. Oglanjygyň adyna-da Italmaz goýýarlar.
    Türkmen alabaýy hakynda halk döredijiligimizde nakyllaryň, rowaýatlaryň, sanawaçlaryň birnäçe toplumy bar. Ata-babalarymyz uzak ýyllaryň dowamyndaky synçylygynyň netijesinde itler bilen baglanyşykly birnäçe nakyllary döredipdirler. «It üýrse, myhman geler», «It gara görmän üýrmez», «Bir başy it-de eklär», «It geldi, gut geldi» ýaly nakyllar, «Ýurt ýeriň ýitmesin diýseň, it edin» diýen aýtgy muňa mysaldyr. Eli çeper ene-mamalarymyz bolsa, wepaly itiň keşbini özleriniň döreden sungat eserlerine siňdirmegi başarypdyrlar, ak öýleriň gapysynyň daşyndan asylýan eňsilere, sallançak we düşeklik keçelere «tazyguýruk», «it yzy» nagyşlary salypdyrlar. Alabaý köpasyrlyk taryhymyzyň dowamynda häzirki günlere çenli halkymyzyň wepaly hemrasyna öwrülen jandardyr. Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýeňişleriň nyşany bolan türkmen alabaýlarynyň şöhratyny dünýä ýaýmakda uly işler amala aşyrylýar. Döwletimizi berkarar, durmuşymyzy bagtyýar eden Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň gadamlary batly, ýollary şöhratly bolsun, janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

    Sülgün NEPESOWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy.

    Latest News

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Useful Links
    Other
    Contact

    744000, Turkmenistan Ashgabat, Street:Galkhynysh, Building 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 All rights are reserved: TDIMHGI