48
MILLI YKDYSADYÝETIMIZIŇ MÖHÜM PUDAGY
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň dünýä ykdysadyýetine integrirlenmegini hem-de daşary ýurtlar bilen gatnaşyklarynyň çuňlaşdyrylmagyny göz öňünde tutýan «Açyk gapylar» syýasaty işjeň alnyp barylýar. Ykdysady özgertmeler we durmuşa gönükdirilen bazar ykdysadyýetini emele getirmek boýunça çäreler yzygiderli amala aşyrylýar. Türkmenistanyň daşary ykdysady syýasaty daşary maýa goýumlaryny, kämil tehnologiýalary we dolandyryş tejribelerini çekmek, nebit-gaz ulgamyny has-da ösdürmek, ýurdumyzyň ösüşini dewersifikasiýalaşdyrmak, kämilleşdirmek maksady bilen, dünýä bazaryna çykmaklygy göz öňünde tutýar.
Häzirki wagtda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz dünýäniň ençeme ýurtlary bilen ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda işjeň hyzmatdaşlyk alyp barýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň oýlanyşykly daşary syýasaty netijesinde, bu günki gün ýurdumyzyň at-abraýy has-da belende göterilýär. Milli ykdysadyýetimiziň gazananlaryny dünýä ýaýmak maksady bilen, milli we halkara sergiler, forumlar, maslahatlar geçirilýär. Şol sanda ýurdumyzda daşary ýurtlaryň ençemesiniň nebit-gaz önümleriniň hödürleýän hyzmatlaryny tanyşdyrmak maksatly halkara sergiler, maslahatlardyr çäreler geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiziň dünýä döwletleri bilen söwda-ykdysady, energetika hyzmatdaşlygyny ösdürmek babatda berýän tabşyryklaryndan ugur alyp, häzirki wagtda Türkmenistan döwletimiz söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk babatda hem-de nebit-gaz ulgamynda dünýäniň ençeme döwletleri bilen ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýdy, şeýle hem ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparlar döredilip, netijeli işleri alyp barýarlar.
Şular bilen baglylykda, Söwda-senagat edarasynda «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň guramagynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025» atly XXX halkara maslahatyň we serginiň geçirilmegi möhüm ähmiýete eýedir. Şunda maýa goýum syýasatynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi bilen, milli ykdysadyýetiň, şeýle-de sebitiň we dünýäniň döwletleriniň arasyndaky nebit-gaz, maliýe-ykdysady hem-de beýleki ugurlar boýunça gatnaşyklaryň durnukly, sazlaşykly, kadaly ösüşi üpjün edilýär. Munuň özi ýurduň makroykdysady görkezijilerini ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga ýardam berýär.
«Türkmenistanyň nebiti we gazy» atly halkara maslahat we sergi daşary ýurtly iri işewür düzümler we abraýly halkara nebit-gaz kompaniýalary bilen gatnaşyklary ýola goýmakda möhüm ähmiýete eýedir. Bu meseläniň üstünlikli çözülmegi diňe bir nebit-gaz taslamalarynyň maliýe mümkinçiligini ýokarlandyrman, eýsem, dünýäniň ösen döwletleriniň baý tejribesini öwrenmäge, hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmaga zerur şertleri döredýär. Häzirki wagtda ýurdumyz dünýä döwletleridir guramalary bilen nebit-gaz hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmegi göz öňüne tutýar.
Forumyň dowamynda «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň we «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň, ýangyç-energetika toplumynda işleýän onlarça pudaklaýyn kärhanalaryň, hususy telekeçileriň diwarlyklary serginiň esasy bölegini eýeledi. Bu ýerde myhmanlar uglewodorod çig malyny gözläp tapmak, çykarmak, ibermek we saklamak ulgamlaryny üpjün etmek, çuň burawlamak, ozalky hereket edýän turba geçirijileri döwrebaplaşdyrmak, olaryň täzelerini gurmak, nebiti, gazy gaýtadan işlemek boýunça kuwwatlyklary artdyrmak, guýularyň öndürijiligini ýokarlandyrmak babatda hyzmatlaryň giň toplumy bilen tanyşdyryldy.
Sergä ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň bu ugurdaky kompaniýalarynyň wekilleriniň 350-den gowragy gatnaşdy we duşuşyklar geçirildi, halkara guramalaryndan, habar beriş serişdelerinden we maliýe edaralaryndan 1460 wekil gatnaşdy. Olar 70 sany döwlete wekilçilik etdiler.
«OGT — 2025-iň» maksatnamasynyň mazmuny energetiki geçiş, energiýa çeşmeleriniň täze eksport ugurlary, ekologiýa meseleleri öz içine aldy. Foruma ýangyç-energetika, himiýa we maliýe pudaklarynda halkara kompaniýalarynyň öňdebaryjy hünärmenleri, alymlar gatnaşdylar.
«OGT — 2025» Halkara maslahat milli we halkara nebit-gaz kompaniýalarynyň hem-de maliýe institutlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, nebit-gaz pudagynda tejribe alyşmak üçin möhüm platforma boldy.
Şular ýaly halkara maslahatlara, sergilere gatnaşmaga ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun!
Sülgün NEPESOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy.