26/06/2023
1158
Durnukly ösüş maksatlary boýunça okuw sapagy
2023-nji ýylyň 26-njy iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy we usulyýet merkezinde “Durnukly ösüş maksatlary” boýunça okuw sapagy geçirildi. Oňa institutyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyplary gatnaşdylar. Okuw sapagy Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy we usulyýet merkeziniň wekili G.Hallyýew we institutyň Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň uly mugallymy P.Çaryýew tarapyndan geçirildi.
Okuw sapagynyň dowamynda “Mynasyp işleri üpjün etmek we ykdysady ösüş”, “Jogapkärçilikli önümçilik we sarp edişlik”, “Durnukly şäherler we ilatly ýerler” ýaly Durnukly ösüş maksatlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şonuň bilen baglylykda Arkadag şäheriniň uly ähmiýeti görkezildi. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2019-njy ýylda gurlup başlanan Arkadag şäheri Türkmenistanyň depginli ösüşiniň aýdyň mysalydyr. Onuň gurluşygy, “akylly” şäherleriň, “ýaşyl” tehnologiýalaryň standartlaryna we ýokary daşky gurşaw standartlaryna laýyklykda arhitektura we şäher gurluşygynyň öňdebaryjy usullary esasynda amala aşyrylýar. Bular barada mugallymlar giňişleýin durup geçdiler.
Sapagyň dowamynda talyplar mugallymlara özlerini gyzyklandyrýan sowallar bilen ýüzlendiler.
Güljeren ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby.