30/11/-0001
1889
Terjimeçileriň halkara güni
Halkara terjimeçileriň güni her ýylyň 30-njy sentýabrynda bellenilip geçilýär. Bu baýramçylyk dilden we ýazuw arkaly terjime edýän terjimeçileriň hünär baýramçylygydyr. 1991-nji ýylda Terjimeçileriň halkara federasiýasy (FIT) 30-njy sentýabry Halkara terjimeçileriň güni diýip yglan edildi. Baýramçylygyň bu senede bellenilmeginiň sebäbini 419-420-nji ýyllarda Injili latyn diline doly terjime eden Iýeronima Strikdonskiniň aradan çykan senesi bilen baglanyşdyrýarlar.
2017-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji sessiýasynda Halkara terjimeçiler güni barada Kararnama guramanyň agza döwletleri tarapyndan biragyzdan kabul edildi. Bu Kararnamada dünýäde parahatçylygy üpjün etmekde, halklaryň arasynda özara düşünişmekligi ýola goýmakda terjimeçiligiň we terjimeçileriň ähmiýetiniň uludygy aýratyn bellenilip geçilýär.
Meňli HOJAMUHAMMEDOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň
III ýyl talyby.
Soňky täzelikler
20/03/2026
Bütindünýä şygryýet güni
10/03/2026
ZENAN KAZYLARYNYŇ HALKARA GÜNI
12/02/2026
13-nji fewral — Bütindünýä radio güni