16/10/2026
29
BÜTINDÜNÝÄ DEŇIZ GÜNI
Bütindünýä deňiz güni dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni halkara deňiz gatnawynyň ähmiýetine, deňiz ulagynyň howpsuzlygyny üpjün etmäge, deňiz gurşawyny goramaga we bu pudagyň durnukly ösüşine gönükdirýän möhüm halkara senedir. Bu sene her ýylyň sentýabr aýynyň soňky penşenbesinde bellenilýär. Halkara deňiz guramasy (IMO) tarapyndan öňe sürülýän bu baýramçylyk deňiz ulagynyň dünýä ykdysadyýetindäki ornuny açyp görkezmek, deňizçilik pudagynda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak we halkara kadalarynyň ýerine ýetirilmeginiň ähmiýetini düşündirmek üçin möhüm mümkinçilik bolup durýar. Häzirki zaman dünýä ykdysadyýetini deňiz gatnawlaryndan üzňe göz öňüne getirmek mümkin däldir. Halkara söwdasynyň uly bölegi deňiz ýollary arkaly amala aşyrylýar. Deňiz ulaglary çig malyň, energiýa serişdeleriniň, azyk önümleriniň, senagat harytlarynyň we beýleki zerur önümleriň dünýä bazarlaryna ýetirilmeginde möhüm ähmiýete eýedir. Deňiz portlary, logistika merkezleri, gämi gurluşyk kärhanalary we deňiz hyzmatlary köp ýurtlaryň ykdysady ösüşine, täze iş orunlarynyň döredilmegine hem-de halkara söwda gatnaşyklarynyň giňelmegine ýardam berýär. Şonuň üçin deňiz gatnawlarynyň ygtybarlylygy diňe bir deňizçilik pudagy üçin däl, eýsem dünýä ykdysadyýetiniň durnuklylygy üçin hem möhüm şertleriň biridir. Halkara deňiz gatnawlaryny düzgünleşdirmekde Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edarasy bolan Halkara deňiz guramasy aýratyn orun eýeleýär. Gurama halkara deňiz ulagynyň howpsuzlygyny we goraglylygyny ýokarlandyrmak, gämilerden deňiz gurşawynyň hapalanmagynyň öňüni almak hem-de halkara deňiz kadalarynyň ähli ýurtlarda netijeli durmuşa geçirilmegine ýardam bermek boýunça işleri alyp barýar. IMO tarapyndan işlenip taýýarlanylýan halkara konwensiýalar we beýleki kadalaşdyryjy resminamalar deňizçilik pudagynda umumy talaplaryň kemala gelmegine, döwletleriň arasynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine we deňiz gatnawlarynyň has ygtybarly bolmagyna şert döredýär.
Deňiz howpsuzlygy halkara deňizçilik ulgamynyň esasy ugurlarynyň biridir. Gämileriň tehniki ýagdaýyna gözegçilik etmek, deňizde ýüzüş düzgünlerini berjaý etmek, nawigasiýa enjamlaryny dogry ulanmak, adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk görmek we halas ediş işlerini guramak adam ömrüni goramakda möhüm ähmiýete eýedir. Bu ugurda Deňizdäki adam ömrüni goramak boýunça halkara konwensiýasy (SOLAS) ýaly halkara resminamalar möhüm kadalaşdyryjy esas bolup hyzmat edýär. Şeýle-de deňizçileriň degişli bilimlere, hünär başarnyklaryna we tejribä eýe bolmagy gämi gatnawlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmegiň esasy şertleriniň biridir. Deňiz ulagynyň ösüşi bilen birlikde deňiz gurşawyny goramak meselesi hem barha uly ähmiýete eýe bolýar. Gämilerden nebit önümleriniň, zyýanly suwuklyklaryň, galyndylaryň we plastik serişdeleriň deňze düşmeginiň öňüni almak, howa zyňyndylaryny azaltmak we deňiz ekoulgamlaryny goramak halkara jemgyýetçiliginiň öňünde duran möhüm wezipelerdir. Gämilerden hapalanmagyň öňüni almak boýunça halkara konwensiýa (MARPOL) deňiz gurşawynyň dürli görnüşli hapalanmalardan goralmagyna gönükdirilen esasy halkara resminamalarynyň biridir. Ekologik talaplaryň berjaý edilmegi deňizleriň biologik köpdürlüligini goramaga we tebigy baýlyklary geljekki nesiller üçin saklamaga ýardam berýär.
Bütindünýä deňiz güni halkara hyzmatdaşlygynyň, hünär biliminiň, ylmy-tehnologik ösüşiň we ekologik jogapkärçiligiň deňiz pudagynyň geljegini kesgitleýän esasy ugurlardygyny ýene bir gezek ýatladýar. Deňiz baýlyklaryny goramak, halkara kadalaryny netijeli ýerine ýetirmek we howpsuz deňiz gatnawlaryny ösdürmek häzirki nesilleriň hem-de geljekki nesilleriň öňündäki umumy jogapkärçilikdir.
Nartäç BERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby
Soňky täzelikler
16/05/2026
HALKARA ÝAGTYLYK GÜNI