08/05/2026
20
8-NJI MAÝ - HALKARA GYZYL HAÇ WE GYZYL ÝARYMAÝYŇ BÜTINDÜNÝÄ GÜNI
1863-nji ýylda döredilen Halkara Gyzyl Haç Guramasy ählumumy parahatçylygyň bähbidine ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmäge, howpsuzlygy we durnukly ösüşi gazanmaga ýardam edýän Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Halkara Hereketi hökmünde döredildi. Bu Halkara Hereketi Gyzyl Haç Halkara Guramasyny, Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Halkara jemgyýetleriniň federasiýasyny, dünýäniň 192 döwletlerini, şol sanda Türkmenistanyň Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetlerini öz içine alýar. Mälim bolşy ýaly, her ýylyň 8-nji maýynda Bütindünýäde Halkara Gyzyl Haç Guramasyny esaslandyryjy Şweýsariýaly gumanist we jemgyýetçilik işgäri, Parahatçylyk boýunça ilkinji Nobel baýragynyň eýesi Žan Anri Dýunanyň doglan güni bellenilýär.
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti ýurdumyzyň baýry ynsanperwer jemgyýetçilik guramalarynyň biri bolmak bilen, täze taryhy eýýamda ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmelere işjeň gatnaşýar. Ol raýatlaryň durmuş goraglylygyny üpjün etmek, ilatyň saglygyny goramak, maşgala institutynyň derejesini berkitmek, ýaş nesli türkmen halkynyň rehimlilik, duýgudaşlyk we ýakynyňa kömek goluny uzatmak ýaly iň gowy däpleriniň ruhunda terbiýelemek ýaly ugurlarda uly işler geçirýär. Milli jemgyýet öz asylly ynsanperwer wezipesini ýerine ýetirmek bilen Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Halkara Hereketinde biziň ýurdumyza mynasyp wekilçilik edýär.
1926-njy ýylda döredilen Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti ata-babalarymyzyň wesýet eden ynsanperwerlik, hoşniýetlilik we adalatlylyk ýaly maksatlaryna tarap ugruny üýtgewsiz saklamagy başardy, şeýle hem şu ýyl Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň döredilmeginiň 100 ýyllygy uly dabara bilen bellenilýär. Ýüz ýyl — bu diňe bir taryhy sene däl, eýsem, ynsanperwerlikden, ak ýürekli kömekden we rehimlilik ideallaryna wepalylykdan doly uly bir ýoldur. Gyzyl Ýarymaý jemgyýetiniň ýüz ýyllygy — bu kömek elini uzatmaga taýýar bolan her bir ynsanyň baýramydyr.
Tawus NEPESOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby
Soňky täzelikler
23/04/2026
BÜTINDÜNÝÄ KITAP WE AWTORLYK HUKUGY GÜNI
22/04/2026
ENE ÝER — UMUMY ÖÝÜMIZ WE MUKADDESLIGIMIZ