30/11/-0001
658
Tejribeli hünärmen bilen okuw sapagy
2023-nji ýylyň 10-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Halkara Jemagat hukugy we Halkara hususy hukugy hünäriniň magistrantlary bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň hünärmeni Suraý Seýilbaýewanyň gatnaşmagynda Türkmenistan bilen Awstriýa döwletiniň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar, Birleşen Milletler Guramasynyň Awstriýada ýerleşýän ýöriteleşdirilen edaralaryna bagyşlanyp okuw sapagy geçirildi.
Okuw sapagynyň dowamynda Türkmenistanyň Awstriýa bilen hoşniýetli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň esasy ugurlary, Birleşen Milletler Guramasynyň Atom energiýasy boýunça halkara agentligi, Neşe serişdelerine we jenaýatlara garşy göreşmek baradaky müdirligi, Senagat ösüşi guramasy, Halkara täjirçilik hukugy boýunça komissiýasy, ýadro synaglaryny hemmetaraplaýyn gadagan etmek baradaky ylalaşyk guramasy we olaryň alyp barýan işleriniň esasy ugurlary barada bellenilip geçildi.
Şeýle-de, hünärmen öz çykyşynda Türkmenistan bilen Awstriýanyň arasynda hyzmatdaşlygyň has giň gerime eýe bolýandygy, esasan hem, söwda-ykdysady, ylym-bilim, syýahatçylyk ulgamlarynda alnyp barylýan işler barada nygtady.
Sapagyň ahyrynda magistrantlar özlerini gyzyklandyrýan soraglar bilen hünärmene ýüzlendiler we olara doly we dogry jogap aldylar.
Sona KERIMOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara jemagat hukugy hünäriniň magistranty.