Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
        • Prezentasiýa bäsleşigi geçirildi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
        • YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi / T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (J-I)
    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (J-I) surady
    18/07/2023

    1501

    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (J-I)

    Jahan ýaýylmak – dünýäniň parahatçylykda, abadançylykda bolmagy, asudalyk, parahatçylyk.

    Bilbiller mest bolsun, älem aýylsyn,

    Gaýgylar dep bolsun, gamlar sowulsyn.

    Nowşirwan wagty dek jahan ýaýylsyn,

    Rehm eýleýip, ýagmyr ýagdyr, Soltanym (Ýagmyr ýagdyr, Soltanym).

    Jahana inip gelmek – dogulmak, döremek, dünýä inmek.

    Ýok ýerden surat eýläp, Hak menzil etdi jana.

    Dokuz aýlap oturdyň,

    Inip geldiň jahana (Hak menzil etdi jana).

    Jahany ýortmak – mydama başagaý bolup, ömrüňi hars urup geçirmek.

    Günbe-günden derdim artyp,

    Ýörmedim jahany ýortup,

    Zähmet çekip, azar tartyp,

    Düzdügim dessanym galdy (Armanym galdy).

    Jan bermek – 1. Aradan çykmak, ýogalmak. 2. Gaty yhlas etmek, jan paralamak, kökenek bolmak. 3. Herekete getirmek, ruhlandyrmak, galkyndyrmak, oýarmak.

    Gutular sen Hak ýolunda jan berseň,

    Hülle bolar silkip-silkip don berseň,

    Saýa bolar mätäçlere nan berseň,

    Bir aja nan bermek haçdyr, ýaranlar (Keçdir, ýaranlar).

    Jan çekmek – bir zadyň, biriniň ugrunda yhlas bilen işlemek, bir işi bitirmek üçin çalyşmak, dyrjaşmak.

    Magtymguly jan çekse,

    Rehm etmezler, ýaş dökse,

    Yşkyň ýolunda ýogsa,

    Talan barmy, ýaranlar? (Barmy, ýaranlar).

    Jan daglamak – tüýs ýürekden syzdyryp aýtmak. garaçynyňy etmek, üstünde kökenek bolmak.

    Özün bilmez akmak men,

    Jan dagladym, ýakdym ten,

    Duçar bolsalar her çen,

    Kyýamat sorar boldy (Gurar boldy).

    Jan etmek – ser. Jan çekmek.

    Jebr etgüji soltan ýakyjy közden,

    Bahyldan dilemek, sowukdyr buzdan,

    Jepaýa jan etmek ― zäherdir suzdan,

    Öwütdir bu sözler, bizden nyşana» (Boldum girýana).

    Jan gelmek – janlanmak, dirilik alamaty bolmak, direlmek.

    Magtymguly uýar Kelam sözüne,

    Ýer-gökler tutaşar, daglar düzüne,

    Ysrapyl sur çalsa ýeriň ýüzüne,

    Umytsyz häk tene täze jan geler (Bir beýan geler).

    Jan guşy – ynsana, haýwana dirilik berýän ruh, dirilik alamaty, jan. Ýaranlar, pany dünýäniň,

    Ahyry bibat görüner.

    Jan guşuny aldap tutar,

    Şum pelek saýýat görüner (Bibat görner).

    Jan matagyny almak – janlanmak, direlmek.

    Dalmynyp, dat etse, gulak tutmaz sen,

    Ýyglap, ýaş dökene rehim etmez sen,

    Jan matagyn alsaň, gaýdyp satmaz sen, Ýene dönüp almak olmaz zer bile (Ar bile).

    Jan sarp etmek – maksada ýetmek üçin ölümiňden gorkmazlyk, özüňi bir maksada bütinleýin bagyşlamak, janyňdan geçmäge razy bolmak.

    Jaýsyz jebri köpdür köne jahanyň,

    Hak yşkyna sarp et boldukça janyň,

    Uhut uruşynda ol Mustapanyň,

    Iki dişi şehit düşen günler, heý (Joşan günler, heý).

    Jan şährine talaň düşmek – howp abanmak, ynjalyp, rahatlanyp bilmezlik, iki baka urunmak.

    Ýurdum Etrek, ilim gökleň, Men bir söwer ýar gözlär men.

    Jan şährine düşdi talaň,

    Kuwwat beren pir gözlär men (Gözlär men).

    Jana degmek – ynjamak, gaharyňy getirmek, janyňy agyrtmak, çetiňe degmek.

    Jana degse garrylygyň zäheri,

    Bozuk bolar köňül-göwre şäheri,

    Elden gitse ýigitligiň bahary,

    Kuwwat gaçar, dyz egiler, bil galmaz (Sil galmaz).

    Jana derman – janyňa şypa, lezzet bermek, ruhlandyrmak.

    Bu meniň janym seniň ýoluňda gurban, ýa Resul, Her ne kim kylsaň jepa, bu jana derman, ýa Resul. Söýübän, bar eýlemişdir seni Rahman, ýa Resul,

    Gullugyňda intizardyr uşbu jahan, ýa Resul (Ýa, Resul).

    Jana gelmek – direlmek, ölüm nyşany aýrylmak, janlanmak.

    Gelse nowruz äleme, reň kylar jahan peýda, Ebrler owaz urup, dag kylar duman peýda.

    Bijanlar jana gelip, açarlar dahan peýda... (Duman peýda).

    Jana jepa bermek – horluk görmek, özüňe ejir, jebir, sütem etmek.

    Jana jepa ber, nebse haý,

    Iş et, ahyrýet gamyn iý,

    Pygambere salawat diý,

    Şowk etseň şepagat bile (Bir sagat bile).

    Jana jepa salmak – ser. Jana jepa bermek.

    Terhos eýläp galar boldum,

    Jana jepa salar boldum,

    Tagna bilen köýer boldum,

    Soldum göýä ýyl hazany (Terk eýleme bu mekany).

    Jana muşakgat degmek – kynçylyga, jebir-süteme sezewar bolmak.

    Ýarsyzlykdan ýaman iş ýok,

    Göz salyp gezsem her ýana,

    Ýa, Ýaradan, bir ýar bergil,

    Köp muşakgat degdi jana (Her ýana).

    Jana ot salmak – howsala salmak, gynandyrmak, ynjalyksyzlandyrmak, biynjalyk etmek.

    Meňli jana ot salar,

    Ody jismimde galar,

    Magtymguly, uýalar

    Meniň sahypjemalym (Hindistanda hyýalym).

    Jana talaň salmak – ser. Jan şährine talaň düşmek.

    Gelgin, senden habar alam, Sen ezelden ýalan dünýä.

    Tükenmez ömrümi tusduň,

    Jana talaň salan dünýä (Ýalan dünýä).

    Jana ýaramak – ynjalyk tapmak, rahatlanmak, lezzet almak, hoş ýakmak, hezil etmek.

    Ýagşy sözi jana ýarar, Ýagşy bilen ýoldaş bolan.

    Gaçyp gutulmaga uwnar

    Bir ýaman goňşa duş bolan (Ýoldaş bolan).

    Jandan gulak salmak – çynyň bilen diňlemek, bir sözüni hem sypdyrman eşitmäge çalyşmak.

    Eý, akyly aryg ýigit, munda gel,

    Birniçe sözüm bar, jandan gulak sal,

    Nirde derwüş görseň, baryp, alkyş al,

    Derwüşden ýeg hiç kim ýokdur Hudaýa! (Gitdi bu raýa).

    Jandan irmek – janyňy gaýgyrmazlyk, ýaşasyň gelmezlik, dünýäden doýmak.

    Altmyşda gyş öýe girdiň,

    Altmyş bäşde jandan irdiň,

    Ýetmişde gunça gül tirdiň,

    Toply zemistana geldiň (Sana geldiň).

    Jandan ötmek – ölümden gorkmazlyk, ölümiňe kaýyl bolmak, ölümini boýun alan.

    Tokaýlar bir zaman peleňsiz bolmaz,

    Hindi jandan öter, pilinden galmaz,

    Gazak geçi söýer, goç, gäwmiş almaz,

    Mekany bolarmyş göçler içinde (Ýaşlar içinde).

    Jandan umyt üzmek – ýaşamak umydyň gutarmagy, ölümiňi boýun almak, ýaşaýşa bolan ynamyň tamamlanmagy.

    Bu pikirden, bu hyýaldan daş bolup,

    Nefsi-howa, kibr, kinden boş bolup,

    Ol bazarda yşk talana duş bolup,

    Belli, jandan umyt üzmeli boldum (Gyzmaly boldum).

    Jany nara salmak – janyny oda salmak, kynçylyga, jebir-süteme döz gelmek.

    Kabul kylsaň men guly, daýym hyzmat kylaýyn,

    Taňrydan ne dert inse, baryn özüm alaýyn,

    Ezraýylyň alnynda men sadaka bolaýyn,

    Ger ki, gözel, isteseň, janym nara salaýyn,

    Bazygäriň ornunda oýnap daýym galaýyn,

    Sen Gurhanym nazar sal, bu ýüzüme sylaýyn,

    Meniň kibi bir gulda sahypkyran, gözelim (Pany-jahan gözelim).

    Jany gurban bolmak – kimdir biriniň ýa-da bir zadyň ugrunda janyňy bermek, ölmek.

    Magtymguly diýir, dowa et derde,

    Janym gurban olsun tanygan merde,

    Agzy gülüp, kalby bulan namarda,

    Gardaş olma, yrak eýle özüňi (Yrak eýle özüňi).

    Jany ýanmak – ser. Jany ýakmak.

    Pany jahan şirin jany ýandyran,

    Nar üstüne ataşyny indiren,

    Rüstem Zaly gaýrat atna mündüren,

    Äşkär kylsam, biliň, ol Ispendiýar (Namys bilen ar).

    Janyna batmazlyk – göwnüňden turmazlyk, hoş ýakmazlyk, göwnüňe ýaramazlyk

    Niçeleriň gül basandyr gözüne,

    Niçeleriň syýa tartmyş ýüzüne,

    Niçeleriň perwa bermez sözüne,

    Niçäniň ýaman söz janyna batmaz (Gulagyn tutmaz).

    Janyny almak – öldürmek, ölüme sezewar etmek.

    Ajal gelse, bende hany-manyndan,

    El üzer il-günden, şirin janyndan,

    Allanyň emrinden, Hak permanyndan,

    Ezraýyl öz janyn alsa gerekdir (Magşarnama).

    Janyny ýakmak – 1. Jebir-sütem etmek, gynamak. 2. Lapyny keç etmek.

    Ýakdy janym, neýleýin bu dowzahyň suzany,

    Bu janyma jebr eýläp, goýduň pygana, Meňli (Zybana Meňli).

    Janyňa jepa eýlemek – özüňi horlamak, özüňe jebir etmek, emgenmek.

    Janyňa jepa eýläp, munça gezme hasratda,

    Sowap ýagşy amalda ýa jud ýagşy niýetde,

    Älem barça hyzmatda, adam ýatyp gaflatda,

    Hasylyň ataş bolgaý, eýleseň ýaman peýda (Duman peýda).

    Janyny pida kylmak – ser. Jany gurban bolmak.

    Ýanyp perwana deý her dem,

    Ýüregim dolduryp ýüz gam,

    Kaddym ham, gözlerim pürnem,

    Bu janyma pida kyldy (Mübtela kyldy).

    Janyndan el üzmek – ser. Jandan umyt üzmek.

    Köňlümi geçirdim jümle-jahandan,

    Ne jahandan, belki, el üzdüm jandan,

    Hydyrdan, Isadan, Şahymerdandan,

    Hümmet istäp bakdym suýy-asmana (Heder eder).

    Janyňdan geçmek – ölümden gorkmazlyk, ölümiňe kaýyl bolmak, ölmek.

    Deňsiz bile deň eýleseň özüňi, Dert boluban, sözi geçer janyňdan.

    Yrak bolma gadryň bilen gardaşdan,

    Soňky täzelikler

    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (L) surady

    20/01/2024

    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (L)
    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (K-II) surady

    19/07/2023

    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (K-II)
    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (K-I) surady

    19/07/2023

    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (K-I)
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI