Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
        • Prezentasiýa bäsleşigi geçirildi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
        • YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi / T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (H-II)
    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (H-II) surady
    13/07/2023

    1266

    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (H-II)

    Huş gitmek – akylyň kütelmegi, ýadyňda saklamazlyk, ýadyň bolmazlygy.

    Kuwwat gaçar, bil büküler, huş gider,

    Seniň bilen bolan deňi-duş gider,

    Magtymguly iki eliň boş gider,

    Il ýygnanyp tabytyňy tutansoň (Ötensoň).

    Huşa ýetmek – akyllanmak, pähimlenmek, akylyň, düşünjäniň kämilleşmegi.

    Sürdüň, dünýäni sürdüň,

    Ahyr wepasyn gördüň,

    Kyrkyňa gadam urduň,

    Kämil sen, huşa ýetdiň (Joşa ýetdiň),

    Huşy dargamak – akylyň, aňyň, pähim-paýhasyň, düşünjäniň, zehiniň peselmegi. 

    Gama erkim berdim, huşum dargatdym,

    Saraý weýran, kerwenimi ugratdym,

    Meňli hanym − yşk söwdasyn unutdym,

    Rehm eden bolmady, bagtym garadyr (Bagtym garadyr).

    Huşy kesmek – düşünmek, akyl ýetirmek, manysyny aňlamak.

    Dana bolmaý keser huşum başdaşymdan aýrylyp,

    Aklym çaşdy, serim boşdur, gör, huşumdan aýrylyp,

    Ýowuz galyp, gan ýyglaram, gardaşymdan aýrylyp,

    Degdi sere, gitdi huşum, neýleýin, biçäreýem (Neýleýin, biçäreýem).

    Huşdan aýrylmak – ser. Huşy dargamak.

    Akly barlar terhos eýläp sözümden, Pälin ýele berdi, huşdan aýryldy.

    Desmalyn göterdi zenan ýüzünden,

    Ata çykdy, öýde işden aýryldy (Huşdan aýryldy).

    Huşuňy ýitirmek – özüňden gitmek, essiň aýylmak, özüňi bilmezlik.

    Magtymguly, hoş hap içre ýatyrdym,

    Emriňe ugradym, iman getirdim,

    Özümi unutdym, huşum ýitirdim,

    «Pyragy» diýp çagyraý sen bu namym (Içmeýin jamym).

    Hüşgär oturmak – ätiýaçly, eserdeň, seresaply, hemişe taýýar bolmak.

    Gämide hüşgär oturgyl, girdaba gelmesden burun,

    Ýaşlygyň gadryny bilgil, tä ulalmasdan burun (Ölmesden burun).

    Hüw çekmek – Allany ýatlamak, hüw Hak – ýa Alla. Türkmen halk döredijiligindäki hüwdiniň hem şu sözden bolmagy mümkin. Sebäbi, hüwdi aýdylanda „Alla-alla” sözleri gaýtalanýar.

    Gelen derdini men alyp, hüwler çekiban gezerem,

    Lukman gelip, göz aýlaýyp, çäre kylmaz azaryma (Yşk bazaryma).

    Hyjalata galmak – utanmak, uýalmak, haýa etmek, şerimde bolmak.

    Hasylym usýandyr gendeligimden,

    Ölüm asan erer zindeligimden,

    Hyjalata galdym bendeligimden,

    Saňa laýyk amal gelmedi menden (Çykardym çenden).

    Hyjalata goýmak – utandyrmak, masgara etmek.

    Bende, sen bet işe batyrlyk etme, Alnyňda goýarlar ol gün bu işi.

    Nebse uýma, şeýtan raýyna gitme,

    Hyjalata goýar, bilgin bu işi (Bu işi).

    Hylwat tutmak – ýekelikde, ýalňyzlykda, gizlinlikde bolmak.

    Isa kibi hylwat tutsam semada,

    Idris kibi gulluk etsem zyýada,

    Hydyr, Ylýas kibi girsem zulmata,

    Ýa, Rep, habar bilerinmi, ýar, senden (Ýar senden).

    Hyrydar gözi bilen görmek – islegli, höwesli, muşdak bolmak.

    Hyrydar gözi bile kim gelip gördi meni,

    Hijran ýagmyry ýagyp, gam sile berdi meni (Buluda gardy meni).

    Hyýala düşmek – bir iş etmegiň ugruna düşmek, göwün ýüwürtmek, dürli arzuw beslemek.

    Köňül perwaz eýläp, galdy ýerinden,

    Howalanmyş, gökden inmez, ýaranlar,

    Bir hyýala düşmüş, çykmaz serinden,

    Bu hyýaldan gaýdyp dönmez, ýaranlar (Gökden inmez, ýaranlar).

    Soňky täzelikler

    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (L) surady

    20/01/2024

    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (L)
    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (K-II) surady

    19/07/2023

    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (K-II)
    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (K-I) surady

    19/07/2023

    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (K-I)
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI