Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
        • Prezentasiýa bäsleşigi geçirildi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
        • YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi / T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (G-I)
    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (G-I) surady
    11/07/2023

    1542

    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (G-I)

    Gadam goýmak – ýöremäge, hereket etmäge başlamak, ýöremek.

    Gel, köňül, ýara gideli, Hemra bolsaň, ýör biläni.

    Ýar ýolunda gadam goýsak,

    Paý ornuna ser biläni (Ýör biläni).

    Gadam urmak – öňe hereket etmek, ýöremek.

    Bular beýle diýgeç, ýerimden turdum,

    Gadam urdum, el etegne ýetirdim,

    Mest boldum, sust boldum, özüm ýitirdim,

    Gep-kelam tapmadym, galdym haýrana (Boldum girýana).

    Gadam ýerine ganat baglap uçmak – ýöremegiň deregine uçup gitmek, has çalt hereket etmek.

    Gulzumy garsanyp kyrk ýol geçer men, Eger ki meýl etse ýar bizim sary.

    Gadam ýerne ganat baglap uçar men,

    Diýse dilber: “Aşyk, ýör bizim sary!” (Ýar bizim sary).

    Gadamyny düz goýmak – dogry basmak, etmesiz zady etmezlik, günä gazanmazlyk.

    Köňlüm, pes tutgul özüňi, Pany dünýä öter gider.

    Her kim gadamyn düz goýsa,

    Güzerden bihatar gider (Öter gider).

    Gaflat ukusy – habarsyz, bihabar bolmak, duýman galmak.

    Gaflat ukusynda ýatyp, seýl etmedim bossanyma,

    Bu gün nazar salsam ol ýan, çiçeklerim solupdyr (Ygtyýarym alypdyr).

    Gaflat ýassygyna baş goýmak – ser. Gaflat ukusy.

    Gaflat ýassygynda goýupdyr başy,

    Gapyl adam munça irnip durupdyr.

    Ten kapasy içre wagşy jan guşy,

    Her dem perwaz eýläp, urnup durupdyr (Irnip durupdyr).

    Gaflatdan çykmak – oýanmak, duýmak, habarly bolmak.

    Namart menem sil içinde akmasam,

    Yşk imes men pany jahan ýakmasam,

    Öler boldum bu gaflatdan çykmasam,

    Gelenler barysy ozup başlady (Gezip başlady).

    Gahar atyna münmek – hetdenaşa gaharlanmak, gazaplanmak.

    Guwanmagyl syratyna,

    Müner sen gahar atyna,

    Duş bolsaň ýaman hatyna,

    Ömrüň öter şer biläni (Ýör biläni).

    Gahary gaýnamak – ser. Gahar atyna münmek.

    Gahry gaýnap başyndan,

    Turdy Aly joşundan,

    Bardy wagyz pişinden,

    Diýr: “Menem Ahmede ýar” (Wagyz).

    Gahryna ugraşmak – gahar-gazabyna duçar bolmak, gaharyna gabat gelmek.

    Ýüzüm ýar ýüzüne düşse, dilim alhamdulilladyr,

    Eger gahryna ugraşsam, okyrym kulhuwalladyr (Bu ne terhostöwelladyr).

    Gallaç galmak – aç-ýalaňaç, garyp, hiç zatsyz galmak, gedaý düşmek.

    Adam ogly, jan şährinde, Gözle, yzda hanyň galdy.

    Gallaç galyp sen jahanda,

    Panyda, bak, donuň galdy (Nanyň galdy).

    Galmagala salmak – gykylyga, gopguna, jenjele sezewar etmek.

    Tagat kylmaý ömri gapyl ötir sen,

    Bizekat mallary munda ýygyr sen,

    Taňla barsaň hasabyna ne diýr sen,

    Ajap galmagala saldy bu dünýä (Boldy bu dünýä).

    Gam astynda ýatmak – gaýgyda, gam-gussada, hasratda bolmak, bir zadyň pikirini etmek.

    Gapyl adam, gam astynda ýatyp sen, Ötdi ömrüň uşak-düşek kär bile.

    Dünýä mardyr, ýassanyp sen, ýatyp sen, Ynjalarmy bile ýatan mar bile? (Kär bile).

    Gam badasyny bermek – gaýgylandyrmak, hasrata sezewar etmek, gussa batyrmak.

    Pelek maňa gam badasyn bereli, Wysal haýsy, hijran haýsy, bilmedim.

    Hak işine ten bermişem, göreli,

    Arzuw haýsy, arman haýsy, bilmedim (Hijran haýsy, bilmedim).

    Gam badasyny noş etmek – ser. Gam badasyn bermek.

    Magtymguly, noş etdim gam badasyn iki tas,

    Üç içere ragbat ýok, çün jandan boldum halas... (Köňlüm).

    Gam iýmek – bir zadyň öňünden ugruna çykmak, aladasyny etmek.

    Öz erkim bilen söz diýmen,

    Gelejek ryzka gam iýmen,

    Jahanda bar işden ýaman

    Bir möminiň azarydyr (Reftarydyr).

    Gam laýyna batmak – gynanmak, gamlanmak, çykgynsyz aladada, tükenmez gussada bolmak.

    Haýry-yhsan mende ýokdur jürmi-usýandyr işim,

    Batmyşam gam laýyna weýranadyr muňly başym,

    Kylmadym owwal ýaragyn, çarh urup uçar guşum,

    Ol kyýamatda ne ýüz birlen Saňa bargaý men-ä (Bargaý men-ä).

    Gam laýyna gark bolmak – ser. Gam laýyna batmak.

    Ýowuzlykda gam laýyna gark bolan, Ukuly gözlerim gözel il gözlär.

    Ençe ah-u zarly kapasda galan,

    Azat bolan bilbil, gyzyl gül gözlär (Il gözlär).

    Gam siline gark bolmak – ser. Gam laýyna batmak.

    Hywa gark bolupdyr gamyň siline,

    Tagma basypdyrlar türkmen diline,

    Eýran jebir edipdir gözel iline,

    Barysy gaçyşyp geldi diýdiler (Saldy diýdiler).

    Gam siline bermek – ser. Gam siline gark bolmak.

    Hyrydar gözi bile kim gelip gördi meni,

    Hijran ýagmyry ýagyp, gam sile berdi meni (Buluda gardy meni).

    Gam tagtynda geňeş gurmak – gaýgy-gamda, hasratda, pikir-aladada bolmak.

    Uly jemagatlar, uly geňeşler,

    Göwündeş syrdaşlar, naçar, gardaşlar,

    Gam tagtynda geňeş guran teşwüşler,

    Tagty synyp, hökmi rowan göterler (Duman göteriler).

    Gama bulaşmak – ser. Gam laýyna batmak.

    Gezer sen oýnap, dalaşyp,

    Galar sen gama bulaşyp,

    Hasrata, derde ulaşyp,

    Galaýyn diýseň, öýlengin (Öýlengin).

    Gamdan azat etmek – gam-gussadan çykarmak, hasratdan boşatmak.

    Kimse wepa tohmun eker,

    Kimse ajal zähmin çeker,

    Kimi gamdan azat eder,

    Sargarmaýyn, solan barmy? (Gülen barmy?).

    Gamdan dolup galmak – ser. Gam laýyna batmak.

    Gamdan dolup galdy boşan başlarym,

    Göz ýumuldy, çytyldylar gaşlarym,

    Gurhan okap gezen deňi-duşlarym,

    Mal isteýip, çete baryp seç kyldy (Uç kyldy).

    Gamgusar eýlemek – mähriban, ýakyn, dost, ýar etmek.

    Eý, Hudaý-a, gudratyňdan, Ýokdan bar eýlediň meni.

    Deň-duşlardan gaýra kylyp,

    Gamgusar eýlediň meni (Eýlediň meni).

    Gamyny iýmek – ser. Gam iýmek.

    Adam ogly, bil, öler sen,

    Bu dünýäniň gamyn iýr sen,

    Munda düşek gaty diýr sen,

    Ýerni guçmaly dünýä sen (Dünýä sen).

    Gan aglamak – güýçli jibrinmek, nala çekmek, zorluk görüp zeýrenmek, gaty gynanmak.

    Ençe nalyş eýleýip men, il-gün bilen gan aglasam,

    Zaryma handan kylar ol, barmaz sözümiň parhyna (Yşk dowzahyna).

    Gan dökmek – ýowuz uruşmak, janyňy aýaman söweşmek, gan döküp uruşmak.  Bu ýerde „nala çekmek” manysynda ulanylypdyr.

    Pyragy, watan diýp gan döker gözüm,

    Baky garap durmuş hijrana ýüzüm,

    Byradarsyz gamda galdym bir özüm,

    Baryndan dyndarmyş bu zalym hijran (Ýetirmez hijran).

    Gan içmek – öldürmek, nähak adam öldürmek.

    Gapyl, magrur olma dünýä malyna,

    Seni aldar, işwe bilen alyna,

    Golun boýar adamzadyň ganyna,

    Gan içip ganmady, biliň bu dünýä (Boldy bu dünýä).

    Gan ýuwutmak – ejir, azap çekmek, süteme sezewar bolmak, horluk görmek. Magtymgulynyň bu bendinde „Gan ýuwutmak –

    janyny almak, nähak adam öldürmek” manysynda ulanylypdyr.

    Pyragy, dert aýdyp, derde ýanmaly,

    Gan ýuwudyp, zalym Fetdah ganmaly,

    Diri özüm, läkin öli sanmaly,

    Aňsa öldir, bu dessany ol Fetdah (Fetdah).

    Gan ýyglamak – ser. Gan aglamak.

    Gury kelle bolup özüm gutuldym,

    Hudaýa gan ýyglap, mynajat kyldym,

    Çaýdan çykyp seniň ýanyňa geldim,

    Bize kerem kylyň» diýdi, dostlar heý (Çakyr kelle).

    Ganat baglamak – 1. Ganat çykaryp ugramak, uçmaga ýetişmek, uçurym bolmak. 2. Gaty begenmek, şatlykdan uçaýjak bolmak, ýeňil gopmak.

    Garyp bolup gezdim aglap,

    Jigerim ataşa daglap,

    Men bu gün, bak, ganat baglap,

    Asmana uçmuşam, begler (Geçmişem begler).

    Ganat baglap uçmak – ser. Ganat baglamak.

    Gulzumy garsanyp kyrk ýol geçer men, Eger ki meýl etse ýar bizim sary.

    Gadam ýerne ganat baglap uçar men,

    Diýse dilber: “Aşyk, ýör bizim sary!” (Ýar bizim sary).

    6*

    Ganyny dilemek – günäsiniň geçilmegini, oňa rehim edilmegini soramak.

    Keşt eýlediň dagy-daşy eleýip,

    Gylyçlar gemirip, ganlar ýalaýyp

    Dogry gelip, Ahtam ganyn dileýip,

    Mukatyla gowga salan Alydyr (Alydyr).

    Ganyny geçmek – günäsini geçmek, bagyşlamak.

    Gulluk ýetirgin janyňdan,

    Aýama parça nanyňdan,

    Ganly bolsa, geç ganyňdan,

    Bir garyp myhman ýigide! (Köýmän ýigide).

    Ganyny saçmak – öldürmek, söweşip duşmanlary öldürmek.

    Owwal-deslap baryp Haýbar dagynda, Kapyrlar ganyny saçdy Muhammet.

    Lekläherde, Sekwan, Käbil şährinde,

    Jepa çekip dinin açdy Muhammet (Saçdy Muhammet).

    Gapysyna baş goýmak – kömek islemek, haraý gözlemek, ýalbarmak.

    Baş goýup ýatsam gapyňda, kyblagähim, ýa Resul, Sen eşitgil nala-ýu perýady-ahym, ýa Resul (Ýa Resul).

    Gapysyny ýapmak – 1. Işini bes etmegi. 2. Terk etmek, gatnaşygy doly kesmek.

    Keramatly medreseýi-agzamlar

    Ýapdy gapysyny, göçdi makamlar,

    Ýaraşyga geler dürli tagamlar,

    Daşdan dörän ajap görkli gap bolsa (Köp bolsa).

    Gara ganlar ýuwutmak – ser. Gan ýuwutmak.

    Gara ganlar ýuwdup, hasratlar çekip, Mala meşgul bola-bola gider sen.

    Dodagyň tebredip, ýüregiň ýakyp,

    Soňky täzelikler

    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (L) surady

    20/01/2024

    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (L)
    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (K-II) surady

    19/07/2023

    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (K-II)
    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (K-I) surady

    19/07/2023

    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (K-I)
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI