718
T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (B-I)
Bagry daş bolmak – rehimsiz,
nebsi agyrmaýan, zalym.
Döwletli ogullar ýaşda baş bolar,
Ýaşadykça, bidöwletler ýaş bolar,
Birehim zalymyň bagry daş bolar,
Barar ýere kesek atyjy bolma (Gidiji bolma).
Bagry gan bolmak – sütem
edilip içi ýanan, bagry ýanan, zulum gören.
Diýdi soltan: «Bent kylyňlar alnymdadyr, bu guly»,
Magtymguly öz dilinden gör, bagry gan bolupdyr (Ygtyýarym alypdyr).
Bagry köýmek – gaty gynanmak, ýanmak, nebsiň agyrmak,
haýpyň gelmek.
Magtymguly, köýdi bagrym ot bolup,
Dünýä gelen gidejekdir mat bolup,
Özün bilmeý, oýun edip, şat bolup,
Ýashana ýerinde gülmek ýaraşmaz (Ýaraşmaz).
Bagry para bolmak –
ýüregi awamak, ynjalykdan aýrylmak, hasrat çekmek.
Ah, neýleýin, bagtym gara,
Ýürek, bagrym
boldy para,
Arzym aýdyň söwer ýara,
Bu derdimiň dermanydyr (Zamanydyr).
Bagry ýanyk – ser.
Bagry köýmek.
Bir söz bilen köýen bagrym ýandyrdyň,
Jigerden aýyrdyň, başdan dyndardyň,
Ýüz görkezmän, hoş söz bilen gandyrdyň,
Näzli ýarym, geler bolsaň, gel indi (Öl indi).
Bagry birýan – hasratly, dertli, ýangynly.
Men galyp men, bagry birýan,
Kuýaşymdan akyp girýan,
Bile ýören dosty-ýaran
Ýaman güne sataşypdyr (Nurum uçupdyr).
Bagryna basmak – gujaga gysmak, gujaklamak.
Üç ýüz altmyş gaýyp erenleri basdy bagryna,
Ýalňyz galan zemin içre tikeni enar eýledi (Bazar eýledi).
Bagryndan nala çekmek – örtenmek, ýanyp-bişmek.
Magtymguly, Hakdan pyýala çekse,
Pyýala joş berip, hyýala çekse,
Aşyklar bagryndan
bir nala çekse,
Dagy elendirer, daşy ýandyrar (Joşy ýandyrar).
Bagryny birýan etmek – ser. Bagry birýan.
Niçeleri urýan etdiň,
Gara bagryn
birýan etdiň
Didesini girýan etdiň,
Şeýle derde goýan dünýä (Ýalan dünýä).
Bagryny bozmak – gynanmak, hasrat çekmek, örtenmek.
Gojaman daglar entär, ýumrular, bu ýer galar.
Aşyk dünýäden ötse bagryn bozup ýar galar (Ýurt galar).
Bagryny daglamak – ezýet çekmek, ynjalykdan aýrylmak.
Diýdim: «Hak ne isteýir?». Diýdi: «Bagda gül-reýhan».
Diýdim: «Bagban aglaýyr». Diýdi: «Bagryn daglaýyr».
Diýdim ki: «Alaç eýle!». Diýdi: «Lukmaň ezizden»
(Diýdi:“Habar
ýok sizden”).
Bagryny duzlamak – ser.
Bagryny daglamak.
Bihuda köp ýara gülüp sözleme,
Yşk oduna ýürek-bagryň duzlama,
Märekä barganda bijaý sözleme,
Söz sözleseň söz jaýyna sal ýagşy (Mal ýagşy).
Bagryny ezmek – ser.
Bagryn bozmak.
Kim bardyr ki, pelek bagryn ezmemiş,
Göwresin gyýmamyş, köňlün bozmamyş, Magtymguly,
dag-derýalar dözmemiş,
Bu dessurdyr, aýralyga aglarlar (Iglärler).
Bagryny gan kylmak – ser. Bagry gan bolmak.
„Ymmatym” diýp,
Mustapa eýlär idi ahy-pygan,
Bes, mübärek bagryny ymmatlar üçin kyldy
gan... (Muhammet Mustapa).
Bagryny küle basmak – Magtymgulynyň bu bendinde
„öçmek, sönmek” manysynda gelipdir.
Weýran boldy, täji-tagt, köşükler,
Söndi, bagryn
küle basdy yşyklar,
Ýar diýip sergezdan pakyr aşyklar
Inçe bil, gara göz, gaşdan aýryldy (Il gözlär).
Bagta daýanmak – bagta, ykbala bil baglamak, bagtyň
ähli işleri şowuna düşürjekdigine ynanmak.
Daýanmaň bagta, ykbala,
Dolanar ýüz müň hyýala,
Ygtybar ýok genje, mala,
Dünýä meňzär düýşümize (Ne iş geler başymyza).
Bagty açylmak – 1. Eşretli durmuşa ýetmek, işiň ugruna
bolmak, rowaçlanmak. 2. Durmuşa çykmak.
Kerem etseň, Kadyr Taňrym, Dünýälikden at islärin.
Talygym ukuda galmyş,
Bir açylmyş bagt islärin (At
islärin).
Bagty bent etmek – gowy ýaşaýyşdan, eşretli durmuşdan
mahrum bolmak, işiň ugur almazlyk, şowuna bolmazlyk.
Pelek kine çekmiş, eýýam ant etmiş,
Döwletim boýnuna gyl kement atmyş,
Ykbalym işigin bagtym
bent etmiş,
Daşyn demir, için külünder bile (Galandar bile).
Bagty çökmek – şowsuzlyga, betbagtçylyga sezewar
bolmak, işi gaýtmak.
Eý-ä, dostlar, çöken bagtym, Gije-gündizi oýanmaz.
Miwesin döken daragtym,
Ne bahar-ýazy oýanmaz (Oýanmaz).
Bagty galmak – edeni ugruna bolmak, işi şowuna düşmek.
Bardyr dilde ajap nakyl:
«Sen öler sen, bolma bahyl»
Bagty galsa namart ogul
Ýurt içinde şalyk eýlär (Tekepbirlik eýlär).
Bagty synamak – bagta töwekgellik etmek, synanyşyp
görmek.
Eý ýaranlar, halaýyklar, Mert ýigidi tapar boldum.
Bagt synap, bu panyda,
Ykbalymy çapar boldum (Tapar boldum).
Bagty şor bolmak– işiň ugruna bolmazlygy, betbagtlyk.
Magtymguly, misginem, köňlüm öýi nämagmur,
Söze ýakyn bende men, haýrym kem-u şerim zor,
Özüm halka näkabyl, ykbalym keç, bagtym şor... (Seda boldum).
Bagty uýmak – ser.
Bagty çökmek.
Bikär goýma ömür tagty,
Oýandyrsak uýmuş bagty,
Doga kylyp, säher wagty,
Nalyş kylsam guşlar bile (Daşlar bile).
Bagty ýatmak – çykgynsyz ýagdaýa düşmek, işi gaýtmak,
betbagtçylyga sezewar bolmak.
Akly çaşan, bagty ýatan, bir misgin bigäne men,
Daga urup dargaýan ummanda lemmer etdiň meni (Meni).
Bahana aramak – esassyz delil gözlemek, haýsydyr bir
işi etmezlige sebäp tapjak bolmak.
Ýalan işden pelek arar bahana,
Ot ýakdyrmaz, ezýet berer jahana,
Salar bolsaň bir lukmany dahana,
Duýdurman zäherin gatyp baradyr (Baradyr).
Bal urmak – ganat kakmak, ganatlanmak, uçmak.
Bir juma gijesi gördüm düýşümde, Bal urup, göklere uçdum,
ýaranlar.
Perwaz eýläp, seýran etdim dünýäni,
Bir abadan jaýa düşdüm, ýaranlar (Uçdum, ýaranlar).
Bark urmak – hoşboý, ýakymly ys bermek, ýakymly ysly.
Bu dünýä gowgadyr, bir galmagaldyr,
Kimi ber-hä-berdir, kim al-ha-aldyr,
Ýigitler, bu dünýä şuňa mysaldyr,
Bark urar asmanda, baran eglenmez (Pygan eglenmez).
Baş alyp gitmek – 1. Ýeke özüň çykyp gitmek, öwrülip
gelmezlik.
Taňry bermese, nädeli,
Baş alyp, kaýda gideli,
Oturşy-turşy edaly,
Gaşlary galam islärin (Kerem islärin).
Baş aparmak – öldürmek, ýok etmek.
Biziň gören dostlar awara döndi,
Baş aparan ärler biçärä döndi,
Ýörgür arap atlar, gör, hara döndi,
Gymmatdan aýrylyp, ýaman pelekden (Nadan pelekden).
Baş bermek – wepat bolmak, ölmek, gurban bolmak.
Magtymguly, söweş bolar,
Ýigidiň syry paş bolar,
Ýa baş berer, ýa baş alar,
Goçaklar ýoldaş üstünde (Baş üstüne).
Baş bolmak – ýolbaşçylyk etmek, baştutan
bolmak, ýolgörkezijilik etmek, görelde görkezmek, işe gönükdirmek, yzyňa eýertmek,
öňe düşmek.
Magtymguly öwüt aýdar, Aňlan gulagynda güýder,
Özüni ýüňsakgal eder,
Bozulan ile baş
bolan (Ýoldaş bolan).
Baş egmek – 1.
Tagzym etmek, salam bermek. 2. Tabyn bolmak, boýun egmek.
Ýene Selman Parsy işikden girdi,
Gelip pygambere baş egip durdy,
Kelläni görgenniň beýanyn kyldy,
Pygambermiz haýran galdy, dostlar heý (Çakyr kelle).
Baş etmek – ýolbaşçy, baştutan etmek.
Halaganyn saýlap Haýdary-kerrar,
Bäş ýüz sahabany kyldylar taýýar,
Kelläni baş edip serdar kyldylar,