719
T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (B-I)
Bagry daş bolmak – rehimsiz, nebsi agyrmaýan, zalym.
Döwletli ogullar ýaşda baş bolar,
Ýaşadykça, bidöwletler ýaş bolar,
Birehim zalymyň bagry daş bolar,
Barar ýere kesek atyjy bolma (Gidiji bolma).
Bagry gan bolmak – sütem edilip içi ýanan, bagry ýanan, zulum gören.
Diýdi soltan: «Bent kylyňlar alnymdadyr, bu guly»,
Magtymguly öz dilinden gör, bagry gan bolupdyr (Ygtyýarym alypdyr).
Bagry köýmek – gaty gynanmak, ýanmak, nebsiň agyrmak, haýpyň gelmek.
Magtymguly, köýdi bagrym ot bolup,
Dünýä gelen gidejekdir mat bolup,
Özün bilmeý, oýun edip, şat bolup,
Ýashana ýerinde gülmek ýaraşmaz (Ýaraşmaz).
Bagry para bolmak – ýüregi awamak, ynjalykdan aýrylmak, hasrat çekmek.
Последние новости