Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi / T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (AI)
    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (AI) surady
    22/06/2023

    1007

    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (AI)

    Ajal eseri – ölümiň nyşany, ajalyň alamaty.

    Gel göwün, ukudan götergil seriň,

    Emma ki golaýdyr ajal eseriň,

    Magtymguly, gözden uçupdyr nuruň,

    Ol behişdiň nur içinde telmuryp (Zar içinde telmuryp).

    Ajal hanjaryny urmak – janyny almak, ýok etmek.

    Han eýläp il perrajyny,

    Boşadyp sen aždaryny,

    Urup ajal hanjaryny,

    Gaýta başdan näz eýlediň (Az eýlediň).

    Ajal hilesin görmek – ölüme sezewar bolmak, aradan çykmak.

    Aýralyga adam ogly neýlesin?

    Kim galar görmeýin ajal hilesin,

    Magtymguly haýwan bilse balasyn,

    Ynsan bagryn duzlamaýan bolarmy? (Gözlemeýen bolarmy?).

    Ajal kazasy – ölüm ýazgydy, ölüm.

    Bar nygmatdan ýegdir saglyk mazasy,

    Bar gullukdan ýagşy Hakyň ryzasy, Eger dogry gelse ajal kazasy,

    Müň ýalbarmak bilen köňül güýtmez hiç (Köňül ýatmaz hiç).

    Ajal sakysy – ölüm paýlaýan, jan alyjy, Ezraýyl.

    Magtymguly, söz bakysy,

    Gözüňde gaflat ukusy,

    Garşyňda ajal sakysy,

    Gapyl adam duzagydyr (Pelegidir).

    Ajal şerbeti – ölüm, ölüm içgisi.

    Magtymguly, bu dünýäniň döwletin,

    Gelen görer-çeker ölüm mähnetin,

    2*

    Mydam ýörüderler ajal şerbetin,

    Bu şerbetden hiç kim datmaýyn galmaz (Ýetmeýen galmaz).

    Ajal tedbirine derman tapmazlyk – ölüme çäre tapylmazlygy, ajala çäre bolmazlygy.

    Äleme hökm eden Isgender soltan,

    Ajal tedbirine tapmady derman,

    Tagtyny ýel çeken hökmi-Süleýman,

    Dünýäde galmady, ötdi ýaranlar (Batdy, ýaranlar).

    Ajal ýakaňy tutmak – ajalyň ýetmek, başyňa ölüm düşmek, ölüme sezewar bolmak.

    Ajal ýakaň tutar, bir gün bagyrdar,

    Giden gaýdyp gelmez, bu bir ugurdyr,

    Menziller yrakdyr, ýükler agyrdyr,

    Irteräk terpeniň, giçdir, ýaranlar (Keçdir, ýaranlar).

    Ajal ýeli degmek – ölmek, aradan çykmak.

    Daýym diý, Hak ýady bolsun soragyň,

    Sapar etmek gerek, tutgul ýaragyň,

    Bu dünýäde niçe ýansa çyragyň,

     Ajal ýeli degip, öçer, ýaranlar! (Geçer, ýaranlar).

    Ajal ýetmek – ýaşaýyş möwriti gutarmak, ölüm wagty gelmek.

    Kimseler garrydyr, kimseler ýaşdyr,

    Kimseler towanger, kimse gallaçdyr,

    Magşarga barygan bir uly göçdür,

    Keýnimizden ajal ýetip baradyr (Kimse gidip baradyr).

    Ajal turmak – ölmek, aradan çykmak.

    Altmyş bäşde, nowruz güni, luw ýyly, Turdy ajal, ýolun tusdy atamyň.

    Bu dünýäniň işi beýlemiş, beli,

    Ömrüniň tanapyn kesdi atamyň (Atamyň).

    Ajal zähmin çekmek – ajal ýarasy, ölüm.

    Kimse wepa tohmun eker,

    Kimse ajal zähmin çeker,

    Kimi gamdan azat eder,

    Sargarmaýyn, solan barmy? (Gülen barmy?).

    Ajalsyz ölmek – ajaly ýetmän ölmek, möhletinden, wagtyndan ir ölen hasaplamak.

    Oýan haby-gaflatdan, ajalsyz ölen köňlüm,

    Umyt üzüp älemden, dergahdan dilen, köňlüm. (Köňlüm).

    Ajaly gelmek – ölmek, aradan çykmak, dünýäden ötmek.

    Yşk derýasy joşar geler sakadan,

    Köňlüňi saklagyl ýaman wepadan,

    Ajal geler, tutar bir gün ýakadan,

    Sagyňa, soluňa baka bilmez sen (Çyka bilmez sen).

    Ajal ýeli ösmek: ser. Ajal ýeli degmek.

    Dostlar, öser bir gün ajalyň ýeli,

    Hazan urup solar ömrüň ter güli,

    Eziz jana ölüm urar çeňňeli,

    Aýlanyp, aýlanyp, ýazlyşmak bardyr (Aglaşmak bardyr).

    Ajalyň elinden dat etmek – ölümden zeýrenmek, ölümden perýat etmek.

    Bir niçäni şalyk bile şat edip,

    “Şähriýar” diýp, älem içre at edip,

    Ajalyň elinden bir gün dat edip,

    Gitdiler barysy, ýöreni bolmaz (Peýany bolmaz).

    Ajalyňdan gorkmak – ölümden gorkmak.

    Ajalyňdan gorkup girseň ummana, Gorkudan ne peýda gidejek jana,

    Ömrüň ahyr bolup, dolsa peýmana,

    Haşhaşyň samany başy syndyrar (Daşy syndyrar).

    Ajy söz – ýakymsyz, ýokuş söz, ýakmaz söz, sögünç.

    Ýagşy niýet-Senden dilegim köpdür,

    Ajy sözler dilden çykan bir okdur,

    Doganyň dogana bahasy ýokdur,

    Agany inige mätäç eýleme (Mätäç eýleme).

    Ak don geýmek – kepene dolanmak, aradan çykmak.

    Dünýä, aklym ýetmez, beýle ýeser sen,

    Golsuz tutar sen-de, ýüpsüz asar sen,

    Pyragy, diliň ýyg, diliň keser sen,

    Ak don geýip, ýere girmek biläni (Söýmek biläni).

    Akyl dolandyrmak – pikirlenmek, oýlanmak.

    Gel, akyl dolandyr indi,

    Ýürek peýwendi, jan bendi,

    Her kişiniň öz perzendi,

    Özüne jemally görner (Donly görner).

    Akyl getirmek – düşünmek, manysyna göz ýetirmek, aňlamak.

    Ýer göteren gäw – dört müň baş, sekiz müň şahly,

    Jennet öýi mömin üçin ýasagly,

    Magtymguly diýr, saňa getirdim akly,

    Yzy üzülmez ölüm göçi beýledir (Magrupy – Magtymguly).

    Akyla bakmak – akylly - parasatly maslahaty diňlemek, danalara gulak asmak.

    Parasat kyl, bakyp akla,

    Goç ýigidiň sözün hakla, Magtymguly, diliň sakla,

    Habar soralmagan ýerde (Görüm görülmegen ýerde).

    Akyla inmek – eden ýalňyşyňa düşünmek, paýhaslanmak.

    Magtymguly, sen ütelgi saýýat golun zar kylyp, Teşwüş bilen gözel ömrüň ötürip sen har kylyp, Biwepaga göwün berip, bir mynasyp ýar kylyp, Akla inip aglar sen, indi puşman neýlesin (Neýlesin).

    Akyly çaşmak – näme edýäniňi bilmezlik, aljyramak, akylyňy aldyrmak.

    Owazaň Çyn-Maçyn, daglar aşasy,

    Seni görenleriň akly çaşasy,

    Hindistanyň reňkli gyzyl şişesi,

    Suraýy çilimiň naýy, gözel sen (Gözel sen).

    Akyly gitmek – däliremek, akylyndan jyda  bolmak,

    Laçynsyz çöl ýerde galan maslyk men, Meni görüp, läşler aglar halyma.

    Dünýä gadryn bilmez nadan mahluk men,

    Akly gidip, başlar aglar halyma (Läşler aglar halyma).

    Akyly gysga – köp zada akyl ýetirip bilmeýän, doly düşünmeýän, kemala gelmedik, ýetişmedik.

    Akylyň haýran bolmak – geň galmak, awara bolmak.

    Birin söýüp, birin eýlese naçar,

    Ile ryswa bolup, öz aýbyn açar,

    Akly haýran bolup, baryndan geçer,

    Deň tutmasa ýaryn, bikemal bolar (Kyl-u kal bolar).

    Akyly her çen ýetmek – köp zada düşünmek, her bir zadyň düýp manysyny bilmek.

    Akyl her çen ýetirseň,

    Gola hajat getirseň,

    Gyş paslyňy ötürseň,

    Unutmagyl ol ýazyň (Eýlegil özüň).

    Akyly kem bolmak – samsyk, alasamsyk, tentek

    Köňül açylar, jem bolar, Bir-bire ynsan ugraşsa.

    Huş gider, akyl kem bolar,

    Dil bilmez haýwan ugraşsa (Ynsan ugraşsa).

    Akyly kesmek – manysyna düşünmek, akyl ýetirmek.

    Gahra münüp, galdyrmagyn şeýtany,

    Nebse uýup, unutmagyn Rahmany,

    Kesse aklyň ýagşy bilen ýamany,

    Her bir söze dolup-daşma ganyňdan (Sözi geçer janyňdan).

    Akyly kütelmek – pikirlenmegiň, düşünmegiň derejesiniň peselmegi.

    Aryp bolan düzüp ötdi nakyllar,

    Huşlar esgi, kütelipdir akyllar,

    Görden çykyp geler boldy bahyllar,

    Pany jahan içre kän sesin aňsa (Jeň sesin aňsa).

    Akyly pana ýetmezlik – dünýädäki bolup geçýän wakalara, işlere düşünmezlik.

    Aklym pana ýetmez, halym zebundyr,

    Nalyş − lukmam, al şerabym hut hundyr,

    Umman Jeýhun yşka ýanan Mejnundyr,

    Ne Nežd dagy, ne Leýlisi, sal galmaz (Päl galmaz).

    Akylyňy talaňa bermek – akylyňy aldyrmak, däliremek.

    Yşk goşun ýygyp gelip, akyl mülkün dagytdy,

    Talaňa berip aklym, diwana boldum imdi (Birýana boldum imdi).

    Akyly ýetmek – düşünmek, bilmek.

    Zeberdest pirlere ermiş halypa,

    Günde bäş wagt uçup geler Magryba,

    Zeminden azm urar ol afytaba,

    Aklyň ýetse sora şuny, Gurhandan (Ryswa jahandan).

    Akyly ýetmezlik – ser. Akyly ýetmek.

    Adam ogly, dünýä geldiň gitmäge,

    Görüp dur sen bargu ýeriň ýatmaga,

    Jäht eder sen çalnyp jahan tutmaga,

    Bu işlere, meger, aklyň ýetmez hiç (Köňül ýatmaz hiç).

    Akylyny aldyrmak – ugursyz pikire gitmek, akmak bolmak.

    Gadam goýsam, sähralara, çöllere,

    Köňül gaýnar, söz joş eder dillere,

    Iller saňa haýran, sen hem illere,

    Ýa aklyň aldyryp, çaşa düşüp sen (Joşa düşüp sen).

    Akylyny almak – bir zadyň yşkyna düşürmek, haýsydyr bir zada tutuş durky bilen berilmek.

    Magtymguly, turdum togap etmäge,

    Til perman bermedi jowap etmäge,

    Yşk ähliniň halyn harap etmäge,

    Aklyn alyp, mesti-haýran getirdi (Bir nan getirdi).

    Akylyň azmak – beýhuş etmek, özüňe erk edip bilmezlik.

    Kuwwatyň kemelder, güýjüň üzdürer,

    Keýpi kellä gelse, aklyň azdyrar,

    Soňky täzelikler

    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (L) surady

    20/01/2024

    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (L)
    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (K-II) surady

    19/07/2023

    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (K-II)
    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (K-I) surady

    19/07/2023

    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (K-I)
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI