23/04/2026
2006
TALYBYMYZYŇ SPORT ÜSTÜNLIGI
2026-njy ýylyň 18-nji aprelinde Türkmenistan Karate-do Federasiýasynyň guramagynda Karate-do boýunça Ahal welaýatynyň 2026-njy ýylyň Açyk çempionaty geçirildi. Bu sport ýaryşyna ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda dürli ýaşly türgenler gatnaşdylar.
Şol sanda ýaryşyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Atajanow Rasul 18 ýaş we ondan uly oglanlaryň arasynda çykyş edip, III orny eýelemegi başardy.
Bu üstünlik onuň yhlasynyň, zähmetiniň we sporta bolan höwesiniň netijesidir. Şeýle üstünlikler ýaşlaryň sportda ösüş gazanmagyna we ýurdumyza buýsanç getirmegine uly goşant goşýar.
Şanazar ÖWLÝAGULYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.
Soňky täzelikler
03/06/2026
TALYPLARYMYZYŇ HALKARA BÄSLEŞIGINDÄKI ÝEŇŞI
30/05/2026
FILOSOFIÝA – DÜNÝÄ AKYL ÝETIRMEGIŇ ÇEŞMESI