13/07/2026
95
TALYBYMYZ ÝHHG-NIŇ ŽURNALISTIKA UGRY BOÝUNÇA TOMUSKY OKUWYNA ÜSTÜNLIKLI GATNAŞDY
2026-njy ýylyň 28-nji iýuny — 12-nji iýuly aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Ýusup Orazow Täjigistan Respublikasynda geçirilen ÝHHG-niň Žurnalistika ugry boýunça tomusky okuwyna gatnaşdy. Bu okuw Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaş media hünärmenleri we geljekki žurnalistleri üçin Ýewropa Bileleşiginiň Täjigistandaky wekilhanasynyň goldawy bilen ÝHHG-nyň Duşanbedäki Maksatnamalaýyn edarasy tarapyndan guraldy.
Bu maksatnama häzirki zaman köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň alyp barýan esasy iş ugurlaryna gönükdirildi. Halkara hünärmenler professional etika kadalaryna, media sowatlylygyny ösdürmäge we ýalan maglumatlara (dezinformasiýa) garşy göreşmek usullaryna aýratyn üns berdiler.
Bu ýylky tomusky okuwa gatnaşmak üçin sebitiň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinden jemi 20 sany ýaş hünärmenler we talyp ýaşlar saýlanyp alyndy. Oňa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen bir hatarda, Merkezi Aziýa Uniwersitetiniň (UCA), Şanhaýyň Nýu-Ýork Uniwersitetiniň (NYU Shanghai), “Ala-Too” halkara uniwersitetiniň we Özbegistanyň Döwlet dünýä dilleri uniwersitetiniň wekilleri gatnaşdylar. Tomusky okuw hünär taýdan kämilleşmek üçin netijeli meýdança hökmünde oňyn netije görkezdi we guramaçylar geljek ýylda hem şular ýaly okuwlary geçirmegi meýilleşdirýärler.
Geçirilen amaly okuwlaryň çäginde gatnaşyjylar “Safina” döwlet teleýaýlymynyň alyp barýan işleri bilen tanyşdylar. Şol sanda, studiýa toplumynyň tehniki enjamlary, şеýle hem žurnalistleriň göni ýaýlymdaky işiniň aýratynlyklary we dessin habarlar goýberilişlerini taýýarlamagyň usullary barada jikme-jik öwrendiler. Bu maksatnamanyň tutuş Merkezi Aziýa sebitinden gelen pikirdeşler we halkara gatnaşyklarynyň geljekki hünärmenleri bilen içgin tanyşmak we özara gatnaşyk saklamak üçin ajaýyp binýat bolup hyzmat edendigini bellemek bolar.
Tomusky okuwyň jemleri boýunça institutyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Ýusup Orazowa okuwy üstünlikli tamamlandygy barada resmi halkara sertifikat gowşuryldy.
Türkmen ýaşlaryna hünär bilimini artdyrmaga, halkara taslamalara, bäsleşiklere gatnaşmaga, şeýle hem dünýä tejribesini öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çuňňur minnetdarlygymyzy bildirýäris.
Sylapberdi ÇARYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby