25/11/2026
20
MEÝLETINÇILIK WE DURNUKLY ÖSÜŞ: HALKARA HYZMATDAŞLYGYNYŇ TÄZE GÖRNÜŞLERI
2026-njy ýylyň 25-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Birleşen Milletler Guramasynyň Meýletinçiler maksatnamasy hem-de BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy tarapyndan bilelikde guralan «Meýletinçilik we durnukly ösüş» atly Milli dialog geçirildi. Çärä BMG-niň düzümleriniň, döwlet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, hususy pudagyň wekilleri hem-de meýletinçiler gatnaşdylar. Duşuşyk meýletinçiligiň jemgyýetçilik ösüşindäki ornuny ara alyp maslahatlaşmak, tejribe alyşmak we geljekki hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemek üçin möhüm meýdança boldy.
Meýletinçilik ynsanperwerligiň, raýdaşlygyň we jemgyýetçilik jogapkärçiliginiň aýdyň beýany bolup, raýatlaryň öz islegleri bilen jemgyýete peýda getirmäge, mätäçlere goldaw bermäge hem-de umumy maksatlary amala aşyrmaga gönükdirilen başlangyçlaryny birleşdirýär.
BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2026-njy ýylyň «Durnukly ösüş ugrunda Halkara meýletinçiler ýyly» diýlip yglan edilmegi bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygyň ähmiýetini görkezýär. Şunda Türkmenistanyň hem bu başlangyjyň öňe sürülmegine goşant goşan döwletleriň hatarynda bolmagy aýratyn bellärliklidir.
Milli dialogyň dowamynda Merkezi Aziýada meýletinçiligiň ýagdaýyna bagyşlanan syn hem-de 2026-njy ýyl üçin dünýäde meýletinçiligiň ýagdaýy baradaky hasabat tanyşdyryldy. Çäräniň çäklerinde halkara tejribäniň Türkmenistanyň şertlerinde ulanylyş mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi.
Duşuşykda Halkara meýletinçiler ýylynyň netijelerini geljekde dowam etdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Munuň üçin döwlet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, hususy pudagyň we halkara düzümleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da berkitmek bellenildi. Çäräniň maksatnamasynda BMG meýletinçileriniň şahsy tejribelerine hem orun berildi. Olaryň çykyşlary meýletinçiligiň jemgyýete ýetirýän peýdasy bilen bir hatarda, adamyň şahsy we hünär taýdan kämilleşmegine ýetirýän täsirini hem görkezdi.
Geçirilen Milli dialog Türkmenistanyň meýletinçilik ulgamyndaky mümkinçiliklerini giňeltmekde, halkara tejribäni öwrenmekde we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm ädim boldy.
Fatima MATSAPAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby