20/11/2026
28
«ÝAŞ YKDYSATÇYLAR» YLMY GURNAGYNYŇ MAGISTRANTLAR BILEN DUŞUŞYGY
2026-njy ýylyň 20-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň guramagynda «Ýaş ykdysatçylar» ylmy gurnagynyň nobatdaky duşuşygy geçirildi. Duşuşyga kafedranyň halypa mugallymy, tehniki ylymlaryň kandidaty, dosent Öwezmyrat Bäşimow we Halkara ykdysadyýet magistr taýýarlyk ugrunyň magistrantlary gatnaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda Halkara ykdysadyýet magistr taýýarlyk ugrunyň magistrantlary R.Çopanow «Türkmenistanyň kärhanalarynyň zähmet işlerini kämilleşdirmekde halkara standartlarynyň ulanylyşy», H.Myratdurdyýewa «Halkara patent bazarynyň ösüşiniň esasy ugurlary» atly ylmy işleri bilen tanyşdyryp, saýlap alan temalary boýunça çykyş etdiler. Magistrantlaryň çykyşlarynda halkara patent bazarynyň ösüş aýratynlyklaryna we intellektual eýeçiligiň halkara ykdysady gatnaşyklardaky ornuna, şeýle hem kärhanalarda zähmet şertlerini kämilleşdirmekde halkara standartlaryny ulanmagyň ähmiýetine üns çekildi. Duşuşygyň ahyrynda «Ýaş ykdysatçylar» ylmy gurnagynyň agzalarynyň ylmy işleri boýunça teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de halypa mugallym tarapyndan degişli teklipler berildi.
Şagül ÇARYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň magistranty