13/04/2023
1114
“Suw diplomatiýasy” ugry boýunça nobatdaky okuw sapagy
2023-nji ýylyň 13-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Halkara we parlamentara aragatnaşyklary baradaky komitetiniň deputaty Kerimguly Geldiýewiň gatnaşmagynda Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezinde “Serhetüsti suwlaryň ulanylyşyny düzgünleşdirmegiň halkara we milli hukuk esaslary” atly okuw sapagy geçirildi.
Bilşimiz ýaly, 2023-nji ýylyň 26-njy martynda ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýetli syýasy jemgyýetçilik çäresiniň ýagny, giň bäsdeşlik esasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary üstünlikli geçirildi. 2023-nji ýylyň 6-njy aprelinde Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň birinji maslahaty geçirilip, maslahatyň barşynda Milli parlamentiň täze ýolbaşçy düzümi saýlanylyp, deputatlaryň öňünde durýan esasy wezipeler kesgitlenildi.
Bu günki okuw sapagynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Halkara we parlamentara aragatnaşyklary baradaky komitetiniň deputaty Kerimguly Geldiýew çykyş edip, suw diplomatiýasynyň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryndan biridigini belläp, suw baýlyklaryndan tygşytly peýdalanmak we daşky gurşaw meselelerini çözmekde halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek, hususan-da, BMG-niň Suw strategiýasyny işläp düzmek, BMG-niň Aral deňzi babatda ýörite maksatnamasyny döretmek we Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegine garşy tehnologiýalar üçin sebit merkezini döretmek ýaly birnäçe milli başlangyçlar barada giňişleýin gürrüň berdi.
Okuw sapagynyň ahyrynda täsirli çykyş eden hormatly wekile institutyň talyplarynyň adyndan minnetdarlyk bildirilip, ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlaryň bilim derejesini ýokarlandyrmak ugrunda uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, umumadamzat ähmiýetli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Çeper MEREDOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň IV ýyl talyby.