826
SUW DIPLOMATIÝASY UGRY BOÝUNÇA GEÇIRILEN OKUW SAPAGY
2023-nji ýylyň 24-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezinde “Suw pudagyndaky özgertmeleri goldamakda innowasion çözgütler” atly tema boýunça okuw sapagy geçirildi. Sapagy “Türkmensuwylmytaslama” institutynyň Ylmy barlag bölüminiň esasy ylmy işgäri, oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty Geldimyrat Annabaýew alyp bardy. Hünärmen sapakda hormatly Prezidentimiziň durmuş-ykdysady strategiýasynda obasenagat toplumyny okgunly ösdürmegiň, daşky gurşawy goramagyň, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmagyň möhüm şerti hökmünde suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagyna, bu ugurdaky innowasion çözgütleriň önümçilige ornaşdyrylmagyna uly ähmiýet berilýändigini aýratyn nygtady. Sapagyň barşynda suw serişdelerini durnukly dolandyrmak işine innowasion çözgütleri we sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça dünýä tejribeleriniň ulanylyşyna giň orun berildi. Şeýle hem okuw sapagynda suwaryş ulgamy, suw serişdelerini tygşytlamak, onuň elýeterliligi we üpjünçiligi ýaly ugurlara aýratyn üns çekildi. Täsirli geçen sapakda talyplar özlerini gyzyklandyrýan sowallara giňişleýin jogaplar aldylar.
Yklym REJEPMYRADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň III ýyl talyby.