Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Suw diplomatiýasy / SUW DIPLOMATIÝASY – TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY SYÝASATYNYŇ MÖHÜM UGRY
    SUW DIPLOMATIÝASY – TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY SYÝASATYNYŇ MÖHÜM UGRY surady
    30/11/-0001

    821

    SUW DIPLOMATIÝASY – TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY SYÝASATYNYŇ MÖHÜM UGRY

    Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ýokary bilimiň ylmy binýadyny we hilini ýokarlandyrmaga aýratyn üns berilýär we bu babatda ähli şertler döredilýär.

    Ýurdumyzyň suw diplomatiýasyny ylmy taýdan içgin öwrenmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz 2018-nji ýylyň 20-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň düzüminde Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezini açmak baradaky Karara gol çekdi. Türkmenistanyň häzirki zaman halkara gatnaşyklarynyň belent talaplaryna jogap berýän täze mazmunly hem-de işjeň häsiýetli diplomatiýasynyň emele gelmegi we onuň Birleşen Milletler Guramasy derejesinde energetika, ulag, suw meseleleri boýunça hyzmatdaşlygyň toplumlaýyn halkara-hukuk binýadyny döretmekde aýgytlaýjy orun eýelemegi Merkeziň ulgamlaýyn işiniň esasyny düzýär.

    2021-2022-nji okuw ýylynyň ikinji ýarymynda merkezde okuwlaryň nobatdaky tapgyry öz işine başlady. Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw Merkeziniň Düzgünnamasyna laýyklykda, bu tapgyrda, merkeziň diňleýjileri hökmünde institutyň ähli fakultetleriniň talyplaryndan düzülen topar gatnaşýar. Tassyklanan meýilnama laýyklykda, degişli temalar boýunça umumy we söhbet sapaklary geçirilýär. 2022-nji ýylyň 9-njy martynda “Suw diplomatiýasy” boýunça okuw Merkezinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara jemagat hukugy ugrunyň magistrantlary “Suw diplomatiýasy – Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugry” atly tema bilen diňleýjileriň öňünde okuw sapagyny geçdiler.

    Sapagyň barşynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan özüniň alyp barýan oňyn bitaraplyk syýasaty esasynda dünýäniň ençeme döwletleri bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýandygy, şolardan, esasan hem ulag, energetika we suw diplomatiýalary häzirki wagtda ýurdumyzda köpugurly öwrenilýän we ösdürilýän ugurlaryň biri hasaplanylýandygy barada gürrüň berildi. Bulardan başga-da Türkmenistanyň umumy tagallalaryň birleşdirilmegi hem-de tejribeleriň özara bähbitli alyşylmagyna gönükdirilen suw diplomatiýasy BMG-niň işine hem täze ileri tutulýan ugurlary goşmak bilen, milli, sebit we global derejesinde gülläp ösüşe hem-de abadançylyga itergi berýändigi barada giňişleýin çykyşlar edildi.

    Türkmenistanyň suw diplomatiýasy suw we suw energetika ulgamlarynda hereketleri utgaşdyrmak maksady bilen, beýleki döwletler, ilkinji nobatda bolsa, goňşy döwletler bilen işjeň we gyzyklanma bildirilip hyzmatdaşlyk edilmegini göz öňünde tutýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan esasy wezipesini halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň, birek-birege hormat goýmagyň we sebitiň ähli döwletleriniň bähbitlerini nazara almagyň esasynda hem-de halkara guramalarynyň gatnaşmagynda sebit ylalaşygyny gazanmakda görýär.

    Okuw sapagynyň dowamynda agzalan ugurlar boýunça ýörite taýýarlanylan mysallaryň üstünde durlup, olar boýunça diňleýjiler bilen pikir alyşmalar boldy.

    Serdar AGAÝEW,

    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

    Halkara gatnaşyklary institutynyň

    Halkara jemagat hukugy ugrunyň magistranty.

    Soňky täzelikler

    SUW DIPLOMATIÝASY BOÝUNÇA NOBATDAKY OKUW SAPAGY GEÇIRILDI surady

    16/04/2025

    SUW DIPLOMATIÝASY BOÝUNÇA NOBATDAKY OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
    OKUW SAPAKLARYNYŇ NOBATDAKY TAPGYRY BAŞLANDY surady

    26/02/2025

    OKUW SAPAKLARYNYŇ NOBATDAKY TAPGYRY BAŞLANDY
    TÜRKMENISTANYŇ GERMANIÝA FEDERATIW RESPUBLIKASYNYŇ  KONSULY BILEN OKUW SAPAGY GEÇIRILDI surady

    27/12/2024

    TÜRKMENISTANYŇ GERMANIÝA FEDERATIW RESPUBLIKASYNYŇ KONSULY BILEN OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI