44
SUW DIPLOMATIÝASY BOÝUNÇA TÄZE OKUW TAPGYRY BAŞLANDY
2025-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkeziniň Suw diplomatiýasy ugry boýunça okuw sapaklarynyň 2025-2026-njy okuw ýylynyň I tapgyry başlandy. Okuw sapagyny Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasynyň uly mugallymy Merjen Gurbannazarowa alyp bardy. Oňa institutyň ähli hünärlerinden düzülen 1-nji ýyl talyplary gatnaşdylar.
Sapagyň dowamynda mugallym Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkeziniň döredilmeginiň ähmiýeti, ýurdumyzda suw diplomatiýasy ugrunda alnyp barylýan halkara hyzmatdaşlyk barada gürrüň berdi.
Talyplar üçin suw diplomatiýasy ugrundaky bu ilkinji okuw sapagy örän täsirli boldy. Onda talyplar ýurdumyzyň suw diplomatiýasy babatynda alyp barýan işleri bilen tanyşdylar. Okuw sapagynyň ahyrynda geçilen tema boýunça sorag-jogap alşyldy.
Nartäç BERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň I ýyl talyby.