19/12/2025
32
SUW DIPLOMATIÝASY BOÝUNÇA NOBATDAKY OKUW SAPAGY
2025-nji ýylyň 19-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkeziniň Suw diplomatiýasy ugurda “Durnukly ösüş maksatlary çygrynda howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler” atly tema boýunça nobatdaky okuw sapagy geçirildi. Okuw sapagyny Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasynyň uly mugallymy Dürli Ballyýewa alyp bardy.
Sapagyň dowamynda mugallym Türkmenistanyň suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, daşky gurşawy goramak we sagdynlaşdyrmak, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak ýaly möhüm meseleleri çözmek, geljekde hem suw diplomatiýasyny ilerletmek bilen Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmek boýunça alnyp barylýan halkara hyzmatdaşlyk barada giňişleýin gürrüň berdi.
Talyplar üçin suw diplomatiýasy ugrundaky bu okuw sapagy örän täsirli boldy. Okuw sapagynyň ahyrynda geçilen tema boýunça sorag-jogap alşyldy.
Oguzhan ORAZGYLYJOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.