30/11/-0001
895
Sülgün BAZAROWA
«Garaşsyzlyk, Bitaraplyk – ösüşiň goşa ganaty» atly bäsleşige
Asyrlar içre ýaň salan taryhly, heňňamlar içre heň çalan taryply eziz Diýarymyzyň gül goýnunda garşylanylýan ak säherler hakydalarmyza hakyky bagtyň hyjuwly habarçysy bolup ornaşýar. Bu bolsa barlygyna bagt düşlän bossan – Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ýurdumyzda halkymyzyň eşretli zamanada, durmuşyň hözürini görüp ýaşamagy ugrunda alnyp barylýan giň gerimli we asyrlara barabar işleriň Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda sanlyja ýyllaryň dowamynda alnyp barylýandygynyň aýdyň ykrarnamasy. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýilip atlandyrylan şanly ýylymyzda hem bu ykrarnama täzeden ykrar edilip, ýurdumyzyň abraýy dünýä döwletleriniň arasynda ýene bir gez belende göterildi diýsek ýalňyşmarys. Gazalnylýan üstünlikleriň we ýetilýän belent sepgitlariň ählisi bolsa goşa ganatymyz bolan Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň miweleri. Şonuň üçin biz hem 140 ýaşan paýtagtly Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk toýy mynasybetli türkmen milli elipbiýindäki 30 harpy öz içine alýan gözel Diýarymyz bilen baglanyşykly sözbaşylardan ybarat bolan makalalarymyzy okyjylar köpçüligine ýetirmek isledik.
ADYŇ ASYRLARA AÝDYM, AŞGABAT!
Aşgabadyň asyrlara aýdym bolan adyna Ginnesiň bütindünýä rekordlar kitabynda on bir gezek gabat gelmek bolýar. Bu bolsa türkmen paýtagtynyň ýer ýüzünde gaýtalanmajak täsinlikleriň eýesidiginiň dünýäde on bir gezek ykrar edilendigini subut edýär.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy boýunça «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda ýörite Kararnamany kabul etmegi netijesinde «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýilip atlandyrylan ýylymyzda arzyly arzuwlaryň hasyl bolýan şäheri Aşgabat 140 ýaşady. 140 ýylyň içinde düýpgöter özgeren paýtagtymyz Orta Aziýanyň uly syýasy, ykdysady, ylym-bilim we medeniýet merkezine öwrüldi. Şonuň üçinem Aşgabat öň diňe Aziýanyň merjenine deňelýän bolsa, indi dünýä döwletleri biziň paýtagt şäherimizi ýer ýüzüniň göwher gaşy hasaplaýar.
BITARAPLYK—BAKY BAGTA BADALGA
Bitaraplyk—baky bagta badalga,
Hem türkmene bagtyň getirmegidir.
Aslynda ol «Wysal» diýlen adalgaň
Hakyky durmuşa geçirlenidir
—
diýýär şahyr. Hawa, hakykatdan-da Bitaraplyk biziň baky bagtyýarlygymyzyň badalgasy. 1991-nji ýylda Garaşsyzlyk alyp galkynan Diýarymyz 1995-nji ýylda Bitaraplyk alyp beýgeldi. Ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk ýörelgeleri esasynda halkara guramalar bilen alyp barýan gatnaşyklarynyň täze derejä çykarylýandygyna 2020-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda paýtagtymyzda geçirilen «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahatyny ýatlap geçmek bolar. Bu maslahatda hormatly Prezidentimiziň eden taryhy çykyşy dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döretdi. Hormatly Prezidentimiz öz çykyşynda: «Türkmenistan oňyn Bitaraplyk ýoluny saýlap aldy we onuň parahatçylyk söýüjilik, beýleki döwletleriň içerki işine gatyşmazlyk hem-de özygtyýarlylygyna we çäk bitewüligine hormat goýmak, halkara harby guramalara hem-de şertnamalara gatnaşmazlyk ýaly düýpli düzgünnamasyny işläp düzdi» diýip belledi. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, dabarasy alyslara aşan Bitaraplyk ýörelgämiziň baş maksadynyň bütin Ýer ýüzünde parahatçylygy wagyz etmekden ybaratdygyny subut edýär. 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda BMGniň Baş Assambleýasynda 71-nji mejlisinde milli Liderimiziň beýik başlangyjy dolulygyna goldanylyp, 12-nji dekabr «Halkara Bitaraplyk güni» diýlip yglan edilmegi bolsa häzirki döwürde umumadamzat jemgyýetinde Bitaraplygyň ähmiýetiniň uludygyny görkezýär.
ÇAÝ — MELHEM HEM YLHAM
«Çaýlaşmak» düşünjesi halkymyzda birek-birege düşünişmegi, mähirli gatnaşygy aňladýar. Şoňa görä hem çaý içmek arkaýyn oturyp düşünişmek mümkinçiliginden habar berýär. Çaý içmegi ata-babalarymyz nepesiňi durlamak hasap edipdirler. Çaý içilende adamyň şähdiniň açylyp, onuň onki süňňüniň ynjalyk tapýandygyna ynanypdyrlar. Sähel ynjalyksyzlygy çaý içip ýeňip bolýandygyna bil baglapdyrlar. Ata-babalarymyz ýurdumyzyň tebigy howa şertlerine laýyklykda göwne iň makul içgi hasaplan çaýy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hem özüniň gymmatyny ýitirmän gelýar. Munuň şeýledigine hormatly Prezidentimiziň «Çaý — melhem hem ylham» atly kitabynda: «Sergin howada ojar odunyň başynda oturyp çaýlamak meniň iň eý görýän edähetim. Oduň ysy, meýdanyň terligi şeýle bir şähdiňi açýar, şol pursat gursagyňy joşgunly pikirler eýeleýär. Çaýyň ýerini tutjak içgini tapaýmak kyn. Çaý başynyň söhbetleri hem ýürege ýakyn, süýji söhbetler. Ýyly mähir gatylan ýaly bu içgi nepesiňi durlaýar. Il üçin döwletli geňeşde maksadalaýyk karara gelinmegine hem käte çaý başynda halys ýürekden aýdylan oý-pikirler sebäp bolýar» diýen setirleri okap, has hem aýdyň göz ýetirmek bolýar.
DYNÇ ALYŞ MERKEZLERI — DÖWREBAP ŞYPAHANALAR
Dynç alyş merkezleridir şypahanalar babatda gürrüň gozgalsa, ilki bilen, mähriban Arkadagymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzda şypahanalar ulgamynyň kemala gelendigini bellemek bolar. Ahal welaýatynyň çäginde ýerleşýän «Arçman» we «Ýyly suw», Balkan welaýatyndaky «Mollagara» we «Awaza», Diýarymyzyň demirgazyk welaýatyndaky «Daşoguz», Lebap welaýatyndaky «Farap», Mary welaýatyndaky «Baýramaly» hem-de Aşgabat şäherindäki «Berzeňňi» şypahanalary ynsan saglygynyň berkidilmeginde möhüm orun eýeleýär. Olar bir bitewi düzümi emele getirip, halkymyza hyzmat edýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň öňüsyrasynda hem saglygy goraýyş ulgamy şatlykly habaryň şaýady boldy. Has takygy, 2020-nji ýylyň 6-njy noýabrynda hormatly Arkadagymyz mübärek şagadamlary bilen açylan «Bagabat» şypahanasy halkymyzyň saglygyny goramak ugrunda alnyp barylýan işlere döwrebap hyzmatlary bilen goşant goşup başlady.
EKSPORT EDILÝÄN ÖNÜMLERIŇ GERIMI GIŇEÝÄR
Häzirki döwürde esasy wezipe diňe bir içerki bazarlary oba hojalyk önümleri bilen bolelin üpjün etmek hem-de daşary ýurtlardan önümleri getirmegi bes etmek bilen çäklenmän, eýsem, bu önümleri daşary ýurtlara hem eksport etmekden ybarat. Şu nukdaýnazardan-da, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak boýunça Döwlet maksatnamasy işjeň durmuşa geçirilýär. Şonuň netijesinde häzirki wagtda dünýä bazarynda alyjylar köpçüliginiň söýgüsini gazanan ýurdumyzda öndürilýän oba-hojalyk önümleriniň, dokma senagatdyr senagat önümleriniň birnäçesi daşary ýurtlara eksport edilýär.
Älem giňişligine çykan hemramyz
2015-nji ýylyň 17-nji maýynda Türkmenistanyň ilkinji «TürkmenÄlem 52°E» aragatnaşyk emeli hemrasy Aşgabat wagty bilen irden 7 sagat 10 minutda özüniň ýerleşmeli Älem giňişliginiň gündogar uzaklygynyň 52-nji nokadynda Ýer üstünden 36 müň km beýiklikde üstünlikli ýerleşdirildi. Synag-barlaglardan soňra «TürkmenÄlem 52°E» aragatnaşyk emeli hemrasy 2015-nji ýylyň iýun aýynyň birinji ongünlüginde potratçy – Fransiýanyň «Thales Alenia Spaсe» kompaniýasy tarapyndan Türkmenistana tabşyryldy. Milli hemra türkmen teleradioýaýlymlaryny alyp görkezmek üçin ulanylyp, olaryň kuwwatlyklary standart görnüşindäki, şeýle hem ýokary çözüjilik ukyby teleýaýlymlaryň onlarçasyny görkezmäge mümkinçilik berdi.
FAKULTETLER YZYGIDERLI AÇYLÝAR
Mälim bolşy ýaly, 9-njy iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz 2021-nji ýylda ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň degişli meýilnamalaryny tassyklap, giriş synaglarynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy. Milli Liderimiziň ykdysadyýetiň ähli pudaklary üçin zerur bolan hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde täze, döwrebap hünär ugurlaryny kesgitlemek baradaky görkezmesine laýyklykda, 2021-2022-nji okuw ýylynda täze hünärleriň 32-si açyldy.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň habar bermegine görä, şu okuw ýylynda Türkmen oba hojalyk institutynda täze hünärleriň birbada 6-sy — agroinženerçilik, gidromelioratiw ulgamlarynyň ulanylyşy, ýer gurluşygy we kadastrlar, oba hojalygynda maglumat howpsuzlygynyň menejmenti, ykdysadyýet we dolandyryş, buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit hünärleri açylyp, degişli ugurlarda talyplar bakalawr maksatnamasy esasynda bilim alýarlar. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde dag işleri, standartlaşdyrmak we metrologiýa, tehnologik maşynlar we enjamlar, elektroenergetika we elektrotehnika, işgärleri dolandyryş ugurlary boýunça açylan hünärleriň 5-sinde bolsa talyplar elektronika we tehnologiýa degişli täze hünär bilimlerini alýarlar. Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inženertehnologiýalar uniwersitetiniň okuw maksatnamasyna kartografiýa we geoinformatika, emeli aň we ekspert ulgamlary, maglumatlary goramagyň tehniki serişdeleri, innowasion menejment we halkara işewürligi, kompýuter lingwistikasy boýunça täze hünärler girizilse, Türkmen döwlet maliýe institutynda maliýe we karz, töwekgelçilikleri dolandyrmak we ätiýaçlandyryş işi, bank işi we pul dolanyşygy; Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda halkara gatnaşyklary, halkara ykdysady gatnaşyklary, syýasy kommunikasiýa we internet žurnalistikasy; Türkmen döwlet medeniýet institutynda aktýorçylyk sungaty, telewideniýe žurnalistikasy hem-de kinorežissura ýaly ugurlarda bakalawr ulgamy boýunça täze hünärler girizildi.
Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda sanly ulgamlaryň barha tiz ornaşdyrylýan şertlerinde informatika we kommunikasiýa tehnologiýalary hem-de himiýa tehnologiýasy boýunça bilim almaga isleg bildirýän ýaşlar Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyna, zähmet we tehnologiýalaryň esaslary hünäri boýunça Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyna, signallary ibermegiň, kabul etmegiň we gaýtadan işlemegiň radiotehniki serişdeleri hünäri boýunça Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutyna, dikeldiş we sport lukmançylygy hünäri boýunça Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetine, animasiýa we grafika dizaýny boýunça Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasyna, maglumatölçeýiş tehnikasy we tehnologiýasy hünäri boýunça bolsa Türkmenistanyň Döwlet energetika institutyna resminamalaryny tabşyrdylar. 2021-2022-nji täze okuw ýylynda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň hem-de Türkmen döwlet maliýe institutynyň tutuşlygyna bilim bermegiň iki basgançakly ulgamyna geçendigini hem aýtmak gerek. Şular bilen birlikde, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda, Türkmen döwlet medeniýet institutynda, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde we Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde hem okuwlar bakalawr we magistr maksatnamalary esasynda alnyp barylýar. Ýeri gelende bellesek, hormatly Prezidentimiziň Hökümetiň giňişleýin mejlisinde gol çeken Karary esasynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 7-si hojalyk hasaplaşygyna geçirildi. Bu bolsa ýaşlara berilýän bilimiň hilini dünýä derejesine laýyklykda düýpli kämilleşdirmek, tölegli esasda bilim berýän bilim ojaklarynyň maliýe-ykdysady ýagdaýyny has-da gowulandyrmak babatda uly ähmiýete eýedir.
GORAGHANALAR
Janly tebigatyň ekologik deňagramlylygyny, baýlygyny we köpdürlüligini, şeýle hem daşky tebigy gurşawyň peýdaly häsiýetlerini aýap saklamak we dikeltmek maksady bilen ýurdumyzda döwlet goragyna alnan, aýratyn tebigaty goraýyş, ylmy, medeni-öwreniş, dynç alyş-sagaldyş, estetiki gymmaty bolan tebigy gurşawyň ýer bölekleri (ýerler, tokaýlar, suwlar, ýerasty baýlyklar, howa giňişligi) bolan 9 sany goraghana hereket edýär Olar «Amyderýa», «Bathyz», «Gaplaňgyr», «Hazar», «Köpetdag», «Köýtendag», «Repetek», «Sünt-Hasardag», «Bereketli garagum» döwlet goraghanalarydyr.
HARBY GULLUKÇYLAR ÜÇIN DÖWLET SYLAGARY
Şu ýyl harby we hukuk goraýjy edaralarda zähmet çekýän harby gullukçylar üçin Türkmenistanyň «Türkmenistanyň Watan goragçysy» diýen hormatly ady, «Garaşsyz Türkmenistanyň Watan goragçysy» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly döredildi.
IŞEWÜRLER, IŞLERIŇIZ ILERI!
Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň çäginde diýarymyzda öndürilýän önümleriň möçberi gün-günden artýar. Häzirki döwürde ykdysadyýetimiziň ösüş depginlerini has-da artdyrmak, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça wezipeler kabul edilen toplumlaýyn döwlet maksatnamalarynda bellenen esasy ugurlar boýunça üstünlikli işler alnyp barylýar. Bazar ykdysadyýeti şertlerinde bazar-ykdysady gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmak, döwlet eýeçiliginiň dolanyşygyny yzygiderli kämilleşdirmek ösüşleriň zerur şerti bolup çykyş edýär. Ykdysadyýetiň netijeliligini ýokarlandyrmakda telekeçilik işleriniň ähmiýeti uludyr.
JUMABAÝEWA DÜNÝÄ REKORDYNY TÄZELEDI
Aýazly gyşy ak garsyz, güýzi şahyr Gurbannazarsyz, ýaşyl ýazy gülsiz, tomusy bolsa Günsiz göz öňüne getirmek mümkin däl. Aýly agşam diýlende ýyldyzlaryň göz öňüňe gelişi ýaly, zenanlaryň arasyndaky agyr atletika diýlende hem dünýä sportunyň parlak ýyldyzy — Ýulduz Jumabaýewa göz öňüňe gelýär. Çünki ol ýeňişlere bolan ynamymyzy Watanyň abadan ertirine bolan ynam bilen deňeýän hormatly Prezidentimiziň «Sport biziň döwlet syýasatymyzyň iň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Sporty ösdürmek döwletiň ählumumy ösüşleriniň esasy mazmunynyň beýanydyr. Türkmen türgenleriniň üstünliginden durmuşa hyjuwlylygyň synmazlygy duýulýar. Sport biziň üçin ruhubelent ýaşaýşyň gözbaşydyr.» diýen sözlerinden ruhlanyp, dünýä rekordyny täzelän yrylmaz yhlasly türgen. Ol «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň adyna Halkara agyr atletika federasiýasynyň ýolbaşçysyndan we baş kätibinden gelip gowşan hatda beýan edilen hoş habar bilen her bir türkmenistanlyny uly buýsanja, guwanja beslän Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 5-nji ýyl talyby, ol ak mermerli binalary bilen ösüşler barasynda sözsüz söhbet açýan paýdagtymyz Aşgabadyň 140-njy ýazynyň ilkinji aýynyň 10-njy gününde dünýäniň agyr atletikasynyň zenanlar mekdebindäki iň uly üstünligi taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazan edenli türkmen gyzy, ol dünýädäki iň bagtly eje bilen kakanyň perzendi. Ýulduza ähli türkmen enesi Emine eje bolup, türkmeniň ähli ýaşulylary Alymbaý kaka bolup, bedewlerini uçar ganatyna deňeýän türkmen ýigitleri Atajan aga bolup, deňi-taýy bolmadyk nepis halylary, bahary ýatladýan owadan lybaslary, sünnälenen el işleri bilen älem-jahany haýran edýän türkmen gyzlary Faridadyr Hamida bolup, dünýäniň ähli tälimçileri bolsa, Zeripbaý Kerimbaýew bolup guwanýar. Ogulbeg Jumaýewanyň : «... perzentlerimiziň ata-enä berýän şatlygydyr bagtyny, heý-de, ölçäre metrler, göterere tereziler tapylarmyka?! Tapylmaz, Gün bolup nuruňy dökseň-de, at bolup jülgeleri sökseň-de, awara şemallar ýaly, ähli ýurtlaryň serhetlerinden säginmän geçip, ülkeme-ülke aýlansaňda, tapylmaz..» diýip belleýişi ýaly, Ýulduzyňam bütindünýä rekordyny täzeläp, ony öz perzendi saýýan her bir türkmen ene-atasyna bagyş eden bagtyny, şatlygyny ölçäre metrler, göterere tereziler tapylmasa gerek?!..
«Türkmeniň nusgalyk alabaýy» atly ŽURNAL
Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda «Türkmeniň nusgalyk alabaýy» atly žurnalynyň birinji sany çapdan çykdy. Ilkinji sany milli Liderimiziň türkmen alabaýyna bagyşlanan goşgusy bilen açylan žurnal Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasy tarapyndan esaslandyryldy. Bu neşir türkmen alabaýlaryny tutuş dünýäde giňden wagyz etmäge hem-de okyjylary şu ýyl döredilen we dünýäniň dürli ýurtlaryndan kinologlary öz hataryna birleşdiren assosiasiýanyň işi bilen tanyşdyrmaga ýardam etdi.
KÜŞTDEPDI
Küştdepdi — ýaşlyk joşgunynyň, owadanlygyň, çalt we çeýe hereketiň tansy. Şonuň üçin hem ol köplenç ýaşlar tarapyndan ýerine ýetirilýär. Ýöne käwagt oňa özleriniň şatlygy we joşgunlary bilen ýaşlardan birjik-de kem oturmaýan ýaşuly ýaşdaky adamlar hem goşulyşýarlar.
2017-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Çeju şäherinde(Koreýa respublikasy) «Küştdepdi aýdym we tans dessurynyň» ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň Reprezentatiw sanawyna girizilmegi bolsa sunagtyny söýýän we sarpalaýan aýdyň maksatly türkmen ýaşlarynyň başyny Göge diredi.
LAÇYN GUŞUM, GANATLARŇY GÖKDE ÝAÝ!
Keşbinde tebigatyň we adamyň bitewilik pikirini jemleýän laçyn ýerden aýagyny üzüp, asmana uçmaga taýýar bolup dur. Ägirt uly guşuň şekili alyslardan görünýär. Oňa Göge ganat baglan ýerinde — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watanynda «parahatçylygyň ilçisi» diýýärler. Onuň sazlaşykly keşbi, howada gaýyp ýörene meňzeýän aerodinamiki görnüşi bilen ünsüňi özüne çekýär. Bu suratlandyran laçynymyz Türkmenistanyň baş howa menziliniň keşbi. Bu ýerde ähli zatlar syýahatçylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrar ýaly derejede gurnalan. Bularyň ählisi hut şu adaty bolmadyk görnüşden başlanýar: ganatlaryny ýaýyp duran ägirt uly guş howa menziline gelýänleri garşy alýar. Ondan nazaryňy aýyrmak aňsat däl. Menzile ýakynlaşdygyňça, ol özüniň ägirtligi we nurana keşbi bilen haýran galdyrýar. Paýtagtymyzyň Halkara howa menziliniň esasy ýolagçy terminaly ganatlaryny ýaýyp uçup barýan ak guşy ýatladýar. Laçynyň şekili türkmen uçarlarynyň her birini bezeýär. Bu halkara howa menziliniň esasy ýolagçy terminalynyň ýokarsynda 705 inedördül metr bolan iň uly haly gölüniň şekillendirilmegi netijesinde ol «Iň uly göl» diýlip atlandyrylan binagärlik aýratynlygy üçin 2016-njy ýylyň 11-nji sentýabrynda Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.
Laçyn – türkmen halkynyň garaýşynda diňe bir ýiti gözlüligi, okgunly uçuşy, gaýtalanmajak ajaýyp gözelligi we tebigat bilen sazlaşygy däl, eýsem, ilkinji nobatda, ynamlylyk, ygtybarlylyk we wepadarlyk ýaly häsiýetleri alamatlandyrýar. Bu üç söz Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň şygary bolup hyzmat edip biler: munuň özi ýolagçylaryň tehnikalaryň ygtybarlylygyny ynamlylygyny hem-de uçarmanlaryň öz işine wepalylygyny aňladýar. Şu ýylyň nyşanynda biri Bitaraplyk, biri Garaşsyzlyk bolan ganatlary bilen Ýer şaryny göterip duran laçyn guşunyň ýerleşdirilmegi-de aýratyn mana eýedir.
«ÇYN BEDEWLER MEÝDANYNDA BELLIDIR»
Ganatly bedewler türkmene tebigatyň beren peşgeşi. Halkymyzyň geçmişini-de, şu gününini-de gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan ahalteke bedewlerimizden gaýry göz öňüňe getirmek mümkin däl. Olaryň türkmen ýigitleriniň şat gününde gardaşy, mat gününiň syrdaşy bolandygyna taryh gözli şaýatdyr. Çyn bedewdigi türkmen sährasynda belli bolan Akhan atly bedewimiziň 2018-nji ýylda Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi bolsa Ahalteke atlarynyň milli gymmatlyklarymyzdygynyň dünýä ykrarýetini gazanandygymyzy delillendirýär. Bu gün tutuş dünýäde meşhur bolan ýelden ýüwrük ahalteke bedewlerini seýislemek sungatyny ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek üçin hem zerur işler amala aşyrylýar.
HALKARA NOWRUZ GÜNI
Nowruz baradaky ilkinji maglumatlar zoroastrizmiň mukaddes kitaby «Awestadan» başlap, Mahmyt Kaşgarlynyň «Diwanu lugat at türk» eserlerinde aýdyň beýanyny tapýar. Gündogar edebiýatynyň parlak ýyldyzlary Abu Reýhan Birunynyň «Geçen asyrlardan galan ýadyrgärlikler», Alyşir Nowaýynyň «Seddi Isgender», Omar Haýýamyň «Nowruznama» atly eserleri-de bu baýram dogrusynda aýdyň maglumatlar berýär. Gözbaşyny Türkmenistandan alyp gaýdýandygy taryhy maglumatlar esasynda birnäçe ýola subut edilen Nowruz baýramy 2009-njy ýylyň 30-njy sentýabrynda 24 döwletiň goldamagynda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.
«IŇŇE BILEN GUÝY GAZMAK DIÝSE-DE,
HYZMATYŇ OŇ BILEN ÖLÇEMEN, HALY!»
Neolit döwrüne degişli keramika böleklerinde türkmen halylarynda duş gelýän geometriki şekillere meňzeş çyzgylaryň, biziň eýýamymyzdan öňki VII asyra degişli ýylgynlydepe arheologik ýadygärliginde türkmen halylarynyň iň esasy nagyşlarynyň biri «dagdana» meňzeş şekilleriň tapylmagy netijesinde «Halyny dünýä inderen Watan nire?» diýen sorag berilende dymýan taryh ahyrsoňy «Türkmenistan!» diýip «dillendi».
Türkmen halylary hakynda iň ilkinji ýazuw çeşmesi XIII asyrda Gündogar Ýewropa, Aziýa syýahat eden italýan syýahatçysy Marko Pola degişlidir. Marko Polo türkmen halylary hakynda ýakymly sözler aýdýar, olaryň «dünýäde iň inçe we owadan» halydygyny nygtaýar. Italýan Täzeden döreýiş döwrüniň beýik ussatlarynyň çeken suratlary, mysal üçin, Andrea del Werrokkonyň «Madonna keramatly loan Krestit we Donatus bilen» atly suraty türkmen halylarynyň dünýädäki meşhurlygyny gadymy döwürlerden bäri artdyryp gelýändigine güwä geçýär. Şonuň üçinem 2003-nji ýylda «Altyn asyr» halysynyň dünýäde elde dokalan iň äpet haly hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilip, türkmen milli halyçylyk sungaty 2019-njy ýylda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.
OTUZ ÝAŞYŇ GUTLY BOLSUN, WATANYM!
27-nji sentýabr. 2021-nji ýyl. Mundan 30 ýyl ozal dünýä inipsiň, Mähribanym! Onsoň ata-babalarymyzyň özbaşdak döwletli bolmak baradaky arzuwlarynyň amala aşmagyna, köp asyrlyk milli we ruhy gymmatlyklarymyzy, şeýle hem, arzyly ynsanperwer däplerimizi dikeltmäge mümkinçilik döräpdir. Seniň mizemezligiň halkyň jebisliginde jemlenýär. Indi sen üç onýyllyk bäri ykdysadyýetde, medeniýetde, bilimde, ylymda, sportda... taryhy ösüşleri üpjün edip, Garaşsyzlygyň we Bitaraplygyň ýoly bilen öňe barýaň. Goý, bu ýoluň asyrlara uzasyn! Otuz ýaşyň gutly bolsun, Watanym!
«Öý — öwlüýä»
«Öý — öwlüýä» diýýän halkymyzyň şanly ýylynda ähli welaýatlarymyzda gurlup, ulanylmaga berlen «Türkmeniň ak öýi» binalarynda meňzeşliklerem, her welaýatyň ýerli medeniýetine mahsus aýratynlyklaram bar. Has täsin ýeri, şol meňzeşlikler we aýratynlyklar biri-biri bilen utgaşyp, milli bitewiligi emele getirýär.
Ençeme asyrlaryň dowamynda ýedi täsinlik hökmünde göz öňünde tutulan sanawy saldarlap görsek: Müsürde ýerleşýän Heopsyň piramidasy — müsür faraony üçin gurlan, gadymy Babyl şäherindäki Semiramidanyň asma baglary — hökümdar Nawuhodonosor II aýaly üçin gurlan, Olimpiýa şäherinde Zewsiň äpet heýkeli — grek mifologiýasyna görä, hudaý Zewsiň şanyna gurlan, Efes şäherinde Artemidanyň ybadathanasy — aw, öý hem-de ýabany tebigatyň hudaýy hasaplanan Artemidanyň şanyna gurlan, Galiarnasdaky mawzoleý — hökümdar Mansolyň jaýlanan ýeri, Rodos şäherindäki grek hudaýynyň ýene bir äpet heýkeli, Isgenderiýýe şäherindäki äpet maýak... Bularyň ýanynda binagärlik gurluşy babatda olaryň hiç birine meňzemeýän, älemi ýa-da zeminiň asmana bolan yşkyny ýatladyp duran «Türkmeniň ak öýi» binasyny goşup görýäň welin, bir aýratynlyk mese-mälim gözüňe ilýär. Bularyň arasynda diňe «Türkmeniň ak öýi» binasy halk üçin gurlan.
PYRAGYNYŇ 300 ÝYLLYGYNA
Garaşsyzlygymyzy we baky Bitaraplygymyzy gazanan ilkinji günümizden başlap, Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň öwrenilmegi üçin giň ýol açyldy. Şahyryň eserleri dolulygyna birnäçe gezek neşir edilip, halka ýetirildi. Gazet-žurnallarda Magtymgulynyň döredijiligi barada ýüzlerçe makalalar çap edildi. Ýurdymyzda Magtymgulynyň döredijiligine bagyşlanan Ylmy maslahatlar geçirildi.
Beýikliginiň baş alamatyna halk bilen bir jan-bir tendigi sebäp bolan şahyryň 300 ýyllyk ýubileýi hem daşda däl. Beýik oglunyň 300 ýyllyk toýuna taýýarlyk görülýän günlerde paýtagtymyzyň günortasynda Köpetdagyň gözel künjeginde, şu günlerde gurluşygy güýçli depginde dowam edýän, Magtymguly Pyragynyň beýik heýkeliniň gurulýan ýerinde alnyp barylýan gurluşyk işleri baradaky hormatly Prezidentimiziň berýän tabşyryklaryny diňlänimde-de Beýik Şahsyýetlere diňe Beýik Şahsyýetleriň has ýokary baha berýändigine aýdyň göz ýetirdim.
ROWAÝATA ÖWRÜLEN OÝUNLAR
Halkymyzda «Ertir tur, ataňy gör, ataňdan soň — atyňy» diýen nakyl bar. Munuň özi atlaryň maşgalanyň bir agzasy hasaplanýandygyny aňladýar. Bedewlerimize goýulýan bu hormat-sarpanyň gözbaşyny has gadymyýetden alyp gaýdýandygyny ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli sanawyna girizilen «Görogly» şadessanyndaky Görogly begiň Gyratyny, Agaýunus periniň Howalygyryny, Sapar Kösäniň Bozdumanyny üstüni tagtdan zyýada görüp münendiginde, olary öz ýüreginiň bir parçasy — perzendi deý eý görendiginde hem bilmek bolýar. Türkmen ýaşlarynyň ýelden ýüwrük bedewlerimize bolan belent hormat-sarpasynyň, egsilmez söýgüsiniň aýdyň mysalyny «dünýä sirkiniň buýsanjy» adyna eýe bolan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň «Sirk rowaýaty» diýilip tanalýan Ezber türgenler toparynyň dünýäniň ençeme ýurdunda geçirilen halkara bäsleşiklerinde gazanan ýeňişlerinde hem görmek bolýar. Eşidenleriňizi görer gözüňiz bilen deňeşdirmek isleseňiz 2020-nji ýylda Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň hormatly Prezidentimiziň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitaby esasynda döreden «Galkynyş» dokumental kinofilme tomaşa edip bilersiňiz.
Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna, şeýle hem Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygyna bagyşlanylyp geçirilen «Aşgabat bahary» atly gysga göwrümli çeper filmleriň kinofestiwalynda «Aşgabadyň waspy kino sungatynda» atly hepdeligiň çäklerinde «Türkmenistan» hem-de «Watan» kinoteatrlarynda hem dürli ýyllarda düşürilen 10 sany filmiň görkezilişi geçirildi. «Galkynyş» atly dokumental kinofilmiň hem şu onluga girendigini bellemek gerek.
ÝÜREK MÄHRI SIŇEN SUNGAT
Şu ýyl Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde milli amaly-haşam sungatynyň ajaýyp eseriniň — hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähriban käbesi Ogulabat ejäniň işläp bejeren kürtesiniň bu muzeýe gowşurylmagyna bagyşlanan dabara we bu waka mynasybetli «Ýürek mähri siňen sungat» atly maslahat geçirildi.
1971-nji ýylda Ogulabat eje tarapyndan keşdelenen bu kürte «gyýak», «okgözi», «içýan agyz», «tazy guýruk» nagyşlary bilen bezelipdir. Aragerbisi alaja düýe ýüň bilen örülip, merkezinde çatylypdyr. Ýakasynyň sag tarapynda «1971 ýyl» diýen iňňe bilen ýerine ýetirilen ýazgy köjeme usulynda tikilipdir. Ogulabat eje bu kürtäni ýarym asyr mundan ozal baldyzy üçin niýetläp tikipdir hem-de kürtäni 20 günüň içinde taýýarlapdyr.
Mundan başga-da, Ogulabat ejäniň öz eli bilen ören joraby hem muzeýe gowşuryldy. Bu jorap ussatlyk bilen örülipdir, oňa hem öz döwrüniň mahsus nagyşlary salnypdyr. Şeýle nepis el işleriniň bu ajaýyp zenan tarapyndan ýerine ýetirilmegi onuň işeňňirliginden, zähmetsöýerliginden habar berýär.
Ýarym asyr mundan ozal ýerine ýetirilen bu ajaýyp el işlerini muzeýe gowşurmak dabarasynyň Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününe gabat gelmegi halkymyzyň durmuşynyň onuň milli mirasy bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyny aýdyň görkezmek bilen birlikde, Watanymyzyň döwletlilik binýadyny hem özünde jemleýändigini subut edýär.
«AKYLLY» ŞÄHER
Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 25-nji maýynda gurluşygyna ak pata beren «Aşgabat-siti» taslamasyndan belli bolşy ýaly, «akylly» şäheriň ýerleşjek meýdany 744 gektar bolup, onuň düzüminde ýaşamak hem-de dynç almak üçin ähli zerurlyklar üpjün edilen dürli maksatly binalaryň we desgalaryň 240-dan gowragy gurlar. Olar etrap häkimliginiň, beýleki edara binalarynyň, durmuş ulgamyna degişli desgalaryň köp sanlysydyr, şeýle hem 1200 orunlyk dört sany çagalar bagy, 3000 orunlyk umumybilim berýän dört sany orta mekdep, Medeniýet öýi hem-de 5000 orunlyk stadionly sport toplumy, Türkmen milli konserwatoriýasynyň we ýöriteleşdirilen sazçylyk mekdebiniň döwrebap binalary, köpugurly hassahana, iki sany Saglyk öýi, şonça-da söwda-dynç alyş merkezi, dükanlardyr naharhanalar, toý mekany, köp gatly awtoduralgalaryň dördüsi, «Türkmenbaşy» we «Halkbank» döwlet täjirçilik banklarynyň şahamçalarydyr. Täze dörediljek şäherde 12 — 35 gatly, 107 müňden gowrak ilata niýetlenen, 17 müň 836 öýli, sekiz görnüşli 180 sany ýaşaýyş jaýyndan ybarat toplum bina ediler. «Aşgabat-sitiniň» düzüminde çagalar döredijilik merkeziniň, seýilgähiň, düzümleýin ýol-ulag desgalarynyň, jemagat hojalygyna degişli binalaryň, inženerkommunikasiýa ulgamlarynyň içindäki ýollaryň, ýerasty we ýerüsti geçelgeleriň, köp gatly awtoduralgalaryň gurluşygy-da göz öňünde tutulýar. Binalaryň üpjünçiliginde, şäher hojalygynyň dolandyryş düzüminde täzeçil tehnologiýalar, sanly ulgam ulanylar. «Akylly» öýleriň, «akylly» duralgalaryň gurluşygyna möhüm ähmiýet berler. Hormatly Prezidentimiziň belleýişi ýaly, bu ýaşaýyş toplumynyň esasy girelgesi aýlawly köpri görnüşinde bolar. Ol demirden gurnalan ak öý şekili bilen halkymyzyň myhmansöýerliginiň hem-de dost-dogan üçin gapysynyň hemişe açyklygynyň nyşanyna öwrüler.
TOKIYA2020
Agyr atletikaçy Polina Gurýewa Türkmenistanyň taryhynda Olimpiýa medalyna mynasyp bolan ilkinji türgen boldy. Ol 59 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, Tokio şäherinde geçirilýän Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medalyna mynasyp boldy. Türgen gyz ştangany götermegiň iki görnüşiniň jemi boýunça 217 kilogramlyk netije bilen hem ýurdumyzyň taryhyndaky ilkinji Olimpiýa medalymyzy gazandy, hem-de şahsy rekordyny täzeledi. Polina Gurýewa ştangany silterläp götermekde 96, itekläp götermekde 121 kilogramlyk netije görkezdi.
«Ussat! Ussat! Ussat!»
Şahyryňam:
Diýdiler: «Dünýäde nämedir gyt zat?»
Üç gezek diýdiler: «Ussat! Ussat! Ussat!»
«Näçe gyt bolsa-da ussat – diýdiler,
Çyn şägirt ondanam gyt zat!» diýdiler —
diýip tekrarlaýyşy ýaly, «Şägirt Halypadan ozdurmasa hünär ýitýär». Şulary nazara almak bilen, Alym Arkadagymyz halypa-şägirtlik ýoluny «Ýokary derejeli ruhy-ahlak mekdebi» diýip atlandyrýar we oňa «Uly mekdep» diýip baha berýär.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyz halkyň täze, döwrebap halypa-şägirtlik atly ruhy mekdebini esaslandyrdy. Hormatly Prezidentimiziň esaslandyran bu mekdebinde taryhdan şu güne çenli halypa-şägirtlik ýolunyň dürli döwürlerdäki orny, halypaçylygyň we şägirtligiň aýratynlyklary, kämillige gol beren ynsanlara bolan çuňňur söýgi, ýokary ahlak sypatly ynsanlara, döredijilik adamlaryna bolan sarpa täze döwrüň dünýägaraýşy esasynda öwrenilýär. Alym Prezidentimiziň halypa-şägirtlik mekdebi esasynda ata-babalarymyzyň ýörelgeli ýoly ösüşiň we özgerişiň syrlary jemlenen hazyna hökmünde hormatlanylýar. Bu mekdebiň esasynda ýaş nesli durmuşda dogry ýola salmak babatdaky arzuw-islegler, her bir ynsanyň Watanyň, il-günüň öňündäki ynsanperwerlik borjunyň mukaddesligi hakyndaky nesihatlar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwrebap düşünjeli kämil ynsanlary kemala getirýär. Şeýlelikde, milli ýörelgelere eýerýän hormatly Prezidentimiz üçin esasy maksat diňe bir alymy, sazandany däl, eýsem, öz beren ylym-bilimi bilen birlikde, öwreden adalatly garaýyşlary, gylyk-häsiýetleri esasynda jemgyýete peýdaly ynsany ýetişdirmekdir.
Hormatly Prezidentimiziň halypa-şägirtlik ýoly hakynda aýdan pikirlerini öwrendigiňçe, bu mekdebiň halkyň geçmişdäki ýaşaýyş-durmuş derejesini öwrenmekde, milli aňyýet kämilligini gazanmakda täze-täze gözlegleriň zerurdygy, ony has giňden öwrenilmeginiň möhümdigi barha has aýdyňlaşýar. Ýeri gelende bellesek, milli mirasa, ata-babalarymyzyň ýörelge mekdebine uly hormat goýýan Gahryman Arkadagymyz «Ile döwlet geler bolsa...» atly kitabynyň 4-nji babyny hem «Halypa-şägirtlik däpleri» diýip atlandyrdy.
ÜZÄRLIK — MÜŇ DERDDE DERMAN
Üzärlik — müň derdiň dermany. Bu barada hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp tomluk ylmy-ensiklopedik kitabynda giňişleýin gürrüň berilýär. Üzärligi diňe derman üçin däl-de, hatda ony senagat hajatlary üçin hem ulanyp, ondan reňk alypdyrlar. Onuň tüssesi howada bar bolan dürli ýokançlyklary ýok edýär. Ene-mamalarymyz mukaddeslik hökmünde üzärligi öýleriniň gapysynyň ýokarysyna gysdyryp goýupdyrlar, onuň bilen öýe rysgal döwlet geler diýen düşünjä eýeripdirler.
Üzärligiň suwuna gijilewik keselinde suwa düşme, onuň dänelerini bolsa peşew çykaryş ulgamynyň sowuklama kesellerinde, içgeçme ýüze ýagdaýynda çaýa garyp içmek maslahat berilýär. Üzärligiň çaýynyň çilim çekmäni goýdurmakda , garaguş kesellinidir böwrek agyrylyny bejermekde ähmiýeti uludyr. Şeýle-de şol çaý bilen agzy çaýkap dişagyryny, daşyndan çalyp gözagryny bejerip bolýar. Alymlaryň barlagynyň netijesine görä üzärligiň 10 göterimli gaýnatmasy bedendäki zyýanly mikroblary gyrýar. Bu ösümlikden alynýan garmin serişdesi beýnä täsir edip, adamyň gan basyşyny peseldýär, de almasyny güýçlendirýär, içegäniň, ýatgynyň, ýüregiň myşsalaryny kadalaşdyrýar we gan damaryny giňeldýär.
WELOSPORT BOÝUNÇA GINNESIŇ KITABYNDA
Ginnesiň bütindünýä rekordlar kitabynda welosport boýunça Türkmenistan Diýarymyzyň ady iki ýerde agzalýar. Olar: 2018-nji ýylyň 1-nji iýunynda «Aşgabat» köpugurly stadionynda welosport boýunça 3246 adamyň gatnaşmagynda geçirilen okuw sapagy we Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesinde 2019 welosipedçiniň gatnaşmagynda geçirilen «Iň dowamly bir nyzamly welosipedli ýörişdir»
YZLARY BAR IŇ GADYMY JANDARYŇ
Mundan 65 million ýyl oazal ýok bolan dinozawrlar Türkmenistanyň günorta-gündogarynda Özbegistan we Owganystan serhedinde ýerleşýän Köýtendagda ýaşap geçipdir. Munuň şeýledigini subut edýän iň uly delil — ýagny, yzlar otçul dinozawrlara degişli. Yzlaryň iň ulusynyň 40 metr uzynlygyndaky dinozawra degişli bolandygy çak edilýär.
ÝURDUM, ÝUNESKO-DA GYMMATLYKLARYŇ!
Bilşimiz ýaly, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz Türkmenistan 1993-nji ýyldan bäri ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzasy. 1994-nji ýylda bolsa, ýurdumyz ÝUNESKO-nyň «Bütindünýä medeni we tebigy mirasyny goramak baradaky» Konwensiýasyna goşuldy. Häzirki wagtda Türkmenistanyň çäginde taryhy we medeniýet ähmiýetli 1000-den gowrak ýadygärlik ýüze çykaryldy we hasaba alyndy.
Mälim bolşy ýaly, 1999-njy ýylda Türkmenistandan ilkinji gezek bütindünýä ähmiýetli ýadygärlik hökmünde «Gadymy Merw», 2005-nji ýylda Köneürgenç, 2007-nji ýylda «Nusaýyň Parfiýa galalarynyň» döwlet taryhy-medeni ýadygärlikler toplumy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna goşuldy. 2015-nji ýylda «Görogly» dessançylyk sungaty, 2009-njy ýylda Nowruz baýramy, 2017-nji ýylda «Küştdepdi aýdym we tans dessury», 2019-njy ýylda bolsa türkmen milli halyçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizildi.
Türkmenistan Bütindünýä mirasynyň sanawyny baýlaşdyrmak maksady arkaly, ÝUNESKO bilen işjeň özara hereketleri dowam edýär. Türkmenistanyň Hökümetiniň we ÝUNESKO-nyň arasynda 2021 — 2023-nji ýyllar üçin Hereketleriň meýilnamasyna laýyklykda «Dizaýn» döredijilik ulgamynda Aşgabady hem-de «Senetler we halk döredijiligi» ulgamynda Türkmenabady, «Edebiýat» ulgamynda Mary şäherini ÝUNESKO-nyň täsin şäherle riniň ählumumy ulgamyna girizmäge taýýarlyk bilen birlikde, «Dutar ýasamak ussatlygy we aýdym aýtmak bilen birlikde ýerine ýetirijilik saz sungaty» ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek meýilleş dirilýär. Şonuň ýaly-da ahalteke atlaryny seýislemek hem-de türkmen alabaýlaryny köpeltmek baradaky hödürnamanyň ÝUNESKO tarapyndan seredilmegi baradaky alnyp barylýan işler hem halkymyzyň medeni we ruhy gymmatlyklarynyň dünýä derejesindäki ähmiýetiniň has hem ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir.
ZEMINIŇ ABATLYGY—ÝAŞAÝYŞYŇ ABADANLYGY
Biziň ata-babalarymyz ýaşaýşyň çeşmesi bolan gözel tebigatymyz bilen sazlaşykda ýaşamagyň inçe usullaryny döredipdirler. Asyrlaryň dowamynda halkymyzyň durmuşyna, milli däp-dessurlaryna berk ornaşan, daşky gurşawyň arassa saklanmagyna gönükdirilen şeýle ýörelgeler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe täze many-mazmuna eýe bolýar. Halkymyzyň gadymyýetden gelýän bu ynsanperwer däpleri häzirki döwürde adamzadyň ählumumy meseleleriniň ygtybarly çözgütlerini tapmaga gönükdirilýän düýpli çäreler bilen utgaşyp, barha ösdürilýär.
Ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet ekologiýa syýasatynyň esasy maksady eýsem diňe halkymyzyň däl, dünýä ilatynyň arassa daşky gurşawda ýaşamagyny üpjün etmekden, tebigy baýlyklarymyzy aýawly peýdalanmakdan we geljekki nesillerimize has gözel görnüşde ýetirmekden, bu ugurda sebit we halkara derejede ygtybarly hyzmatdaşlygy alyp barmakdan ybaratdyr. Bu babatda howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň Milli strategiýasynda we Milli tokaý maksatnamasy, Türkmenistan döwletimiziň 2017-2019-njy ýyllary aralygynda Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna başlyklyk etmegi, şeýle hem 2019-njy ýylyň 11-12-nji awgustynda “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Birinji Hazar ykdysady forumynyň geçirilmegi ýaly iri taslamalaýyn işler bellenilmäge mynasypdyr.
Birleşen Milletler Guramasynyň daşky gurşaw boýunça konwensiýalarynyň onlarçasyna goşulmak bilen, ýurdumyz durnukly ösüş babatda dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde goýlan meseleleri çözmäge düýpli çemeleşýär. Bu ugurda ýurdumyzda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy we Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Bütindünýä ekologiýa gaznasy, Araly halas etmegiň halkara gaznasy, Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiýa merkezi, Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti ýaly, köp sanly halkara we sebit guramalary bilen yzygiderli hyzmatdaşlyklar alnyp barylýar. Zeminimiziň abatlygy ugrunda alnyp barylýan bu işler bolsa abadan ýaşaýyşymyzy üpjün edýär.
Sülgün BAZAROWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş
uniwersitetiniň
žurnalistika hünäriniň talyby
Soňky täzelikler
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI