Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
      • Saparlar
        • “BIR GUŞAK, BIR ÝOL” BAŞLANGYJYNY DURMUŞA GEÇIRMEGIŇ ÇÄKLERINDE HARBIN TEHNOLOGIÝALAR INSTITUTYNDA GEÇIRILEN HALKARA YLMY MASLAHATY
      • Ilçileriň leksiýalary
        • IKITARAPLAÝYN HYZMATDAŞLYK HAS-DA BERKIDILÝÄR
      • Halkara günler
        • MAÝYPLYGY BOLAN ADAMLARYŇ HALKARA GÜNI
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
        • ÝAŞ DIPLOMATLAR MEKDEBINIŇ AGZALARY BILEN OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Halypa diplomat bilen açyk sapak geçirildi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Makalalar / TÜRKMEN-ITALÝAN HYZMATDAŞLYGY BARHA PUGTALANÝAR
    TÜRKMEN-ITALÝAN HYZMATDAŞLYGY BARHA PUGTALANÝAR surady
    28/10/2025

    769

    TÜRKMEN-ITALÝAN HYZMATDAŞLYGY BARHA PUGTALANÝAR

    Berkarar döwletiñ täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyz dostluk we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan köpýyllyk döwletara gatnaşyklary alyp barýar. Türkmenistan Garaşsyzlyk ýyllary içinde 150-den gowrak döwlet bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy. Şol döwletleriň biri hem Italiýa Respublikasydyr. Geçen taryhy döwürde ýurdumyz italýan kompaniýalary bilen bilelikdäki işiň, Italiýanyň söwda we senagat birleşikleri bilen dialogyň baý tejribesini toplady. Munuň aýdyň mysaly hökmünde köp ýyllardan bäri italýan işewürleri Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda, myhmanhana ulgamynda iş alyp barýarlar, gurluşyk we söwda ulgamlarynda birnäçe taslamalary amala aşyrýarlar. “Eni” öňdebaryjy italýan nebit kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Ol Türkmenistanda 2008-nji ýyldan bäri iş alyp barýar. Italýan kompaniýalary Türkmenistanyň nebitgaz pudagy üçin enjamlary we serişdeleri getirýärler. 2024-nji ýylda “ProBusiness”, “Chimec” we “Comair” kompaniýalary bilen hem şertnamalar baglaşyldy. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň hem-de Italiýanyň mümkinçilikleri has giňdir.

    Ýaňy ýakynda hormatly Prezidentimiz Italiýa Respublikasyna saparynyň çäklerinde türkmen-italýan işewürlik maslahatyna gatnaşdy. Hormatly Prezidentimiz bu maslahatyň dowamynda durnukly energetika, dokma senagaty, ulag ulgamlarynda türkmen-italýan hyzmatdaşlygynyň amala aşyrylmagy barada nygtap, Türkmenistan öz önümleriniň Italiýa iberilmegini diwersifikasiýalaşdyrmak, taýýar önümlere aýratyn üns bermek arkaly olaryň görnüşlerini ep-esli giňeltmek mümkinçiliklerine eýe bolup durýandygy hakynda çykyş etdi. Şeýle-de, hormatly Prezidentimiz iki ýurduň arasyndaky söwda gatnaşyklary hem anyk talaplara hem-de isleglere, özara mümkinçiliklere, uzakmöhletli işewürlik ylalaşyklaryna esaslanýandygy we Italiýanyň işewür toparlary bilen ýurdumyzyň arasynda söwda-ykdysady hem maýa goýum gatnaşyklaryny ýola goýmagyň hem-de pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm ädim hökmünde garalýandygy hakynda aýtdy.

    Türkmen-italýan işewürlik maslahatynyň barşynda: Dokma senagatynda hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bilen Italiýanyň «Marzoli Machines Textile S.M.L.» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Dokma senagatynda hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bilen Italiýanyň «Itema S.p.A» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Dokma senagatynda hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bilen Italiýanyň «MCS dyeing & finishing machinery» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Dokma senagatynda hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bilen Italiýanyň «Savio Maccine Tessili S.p.A» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Bu wakalar biziň halkymyzyň geljekde has ynamly zähmet üstünliklerine ýetmeklerine itergi berer.

    Şeýle-de, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň giňden bellenilýän ýylynda Italiýa Respublikasynyň Rim şäherinde “Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary” atly arheologik serginiň geçirilmegi aýratyn many-mazmuna eýe boldy. Biziň Bitaraplyk syýasatymyzdan gelip çykýan aýdyň maksatlar dünýä halklarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmäge, medeni hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge uly ýardam berýär.


    Maral ORAZGYLYJOWA,

    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

    Halkara gatnaşyklary institutynyň

    Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi.

    Soňky täzelikler

    INTERNATIONAL VOLUNTEER DAY surady

    03/12/2025

    INTERNATIONAL VOLUNTEER DAY
    Ýokary hünär taýýarlygy tejribeden başlanýar surady

    02/12/2025

    Ýokary hünär taýýarlygy tejribeden başlanýar
    Türkmenistan bilen BMG-¬niň strategik hyzmatdaşlygy surady

    29/11/2025

    Türkmenistan bilen BMG-¬niň strategik hyzmatdaşlygy
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI