30/11/-0001
896
Sülgün BAZAROWA
«Garaşsyzlyk, Bitaraplyk – ösüşiň goşa ganaty» atly bäsleşige
Asyrlar içre ýaň salan taryhly, heňňamlar içre heň çalan taryply eziz Diýarymyzyň gül goýnunda garşylanylýan ak säherler hakydalarmyza hakyky bagtyň hyjuwly habarçysy bolup ornaşýar. Bu bolsa barlygyna bagt düşlän bossan – Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ýurdumyzda halkymyzyň eşretli zamanada, durmuşyň hözürini görüp ýaşamagy ugrunda alnyp barylýan giň gerimli we asyrlara barabar işleriň Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda sanlyja ýyllaryň dowamynda alnyp barylýandygynyň aýdyň ykrarnamasy. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýilip atlandyrylan şanly ýylymyzda hem bu ykrarnama täzeden ykrar edilip, ýurdumyzyň abraýy dünýä döwletleriniň arasynda ýene bir gez belende göterildi diýsek ýalňyşmarys. Gazalnylýan üstünlikleriň we ýetilýän belent sepgitlariň ählisi bolsa goşa ganatymyz bolan Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň miweleri. Şonuň üçin biz hem 140 ýaşan paýtagtly Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk toýy mynasybetli türkmen milli elipbiýindäki 30 harpy öz içine alýan gözel Diýarymyz bilen baglanyşykly sözbaşylardan ybarat bolan makalalarymyzy okyjylar köpçüligine ýetirmek isledik.
ADYŇ ASYRLARA AÝDYM, AŞGABAT!
Aşgabadyň asyrlara aýdym bolan adyna Ginnesiň bütindünýä rekordlar kitabynda on bir gezek gabat gelmek bolýar. Bu bolsa türkmen paýtagtynyň ýer ýüzünde gaýtalanmajak täsinlikleriň eýesidiginiň dünýäde on bir gezek ykrar edilendigini subut edýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy boýunça «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda ýörite Kararnamany kabul etmegi netijesinde «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýilip atlandyrylan ýylymyzda arzyly arzuwlaryň hasyl bolýan şäheri Aşgabat 140 ýaşady. 140 ýylyň içinde düýpgöter özgeren paýtagtymyz Orta Aziýanyň uly syýasy, ykdysady, ylym-bilim we medeniýet merkezine öwrüldi. Şonuň üçinem Aşgabat öň diňe Aziýanyň merjenine deňelýän bolsa, indi dünýä döwletleri biziň paýtagt şäherimizi ýer ýüzüniň göwher gaşy hasaplaýar.
BITARAPLYK—BAKY BAGTA BADALGA
Bitaraplyk—baky bagta badalga,
Hem türkmene bagtyň getirmegidir.
Aslynda ol «Wysal» diýlen adalgaň
Hakyky durmuşa geçirlenidir
— diýýär şahyr. Hawa, hakykatdan-da Bitaraplyk biziň baky bagtyýarlygymyzyň badalgasy. 1991-nji ýylda Garaşsyzlyk alyp galkynan Diýarymyz 1995-nji ýylda Bitaraplyk alyp beýgeldi. Ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk ýörelgeleri esasynda halkara guramalar bilen alyp barýan gatnaşyklarynyň täze derejä çykarylýandygyna 2020-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda paýtagtymyzda geçirilen «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahatyny ýatlap geçmek bolar. Bu maslahatda hormatly Prezidentimiziň eden taryhy çykyşy dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döretdi. Hormatly Prezidentimiz öz çykyşynda: «Türkmenistan oňyn Bitaraplyk ýoluny saýlap aldy we onuň parahatçylyk söýüjilik, beýleki döwletleriň içerki işine gatyşmazlyk hem-de özygtyýarlylygyna we çäk bitewüligine hormat goýmak, halkara harby guramalara hem-de şertnamalara gatnaşmazlyk ýaly düýpli düzgünnamasyny işläp düzdi» diýip belledi. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, dabarasy alyslara aşan Bitaraplyk ýörelgämiziň baş maksadynyň bütin Ýer ýüzünde parahatçylygy wagyz etmekden ybaratdygyny subut edýär. 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda BMGniň Baş Assambleýasynda 71-nji mejlisinde milli Liderimiziň beýik başlangyjy dolulygyna goldanylyp, 12-nji dekabr «Halkara Bitaraplyk güni» diýlip yglan edilmegi bolsa häzirki döwürde umumadamzat jemgyýetinde Bitaraplygyň ähmiýetiniň uludygyny görkezýär.
ÇAÝ — MELHEM HEM YLHAM
«Çaýlaşmak» düşünjesi halkymyzda birek-birege düşünişmegi, mähirli gatnaşygy aňladýar. Şoňa görä hem çaý içmek arkaýyn oturyp düşünişmek mümkinçiliginden habar berýär. Çaý içmegi ata-babalarymyz nepesiňi durlamak hasap edipdirler. Çaý içilende adamyň şähdiniň açylyp, onuň onki süňňüniň ynjalyk tapýandygyna ynanypdyrlar. Sähel ynjalyksyzlygy çaý içip ýeňip bolýandygyna bil baglapdyrlar. Ata-babalarymyz ýurdumyzyň tebigy howa şertlerine laýyklykda göwne iň makul içgi hasaplan çaýy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hem özüniň gymmatyny ýitirmän gelýar. Munuň şeýledigine hormatly Prezidentimiziň «Çaý — melhem hem ylham» atly kitabynda: «Sergin howada ojar odunyň başynda oturyp çaýlamak meniň iň eý görýän edähetim. Oduň ysy, meýdanyň terligi şeýle bir şähdiňi açýar, şol pursat gursagyňy joşgunly pikirler eýeleýär. Çaýyň ýerini tutjak içgini tapaýmak kyn. Çaý başynyň söhbetleri hem ýürege ýakyn, süýji söhbetler. Ýyly mähir gatylan ýaly bu içgi nepesiňi durlaýar. Il üçin döwletli geňeşde maksadalaýyk karara gelinmegine hem käte çaý başynda halys ýürekden aýdylan oý-pikirler sebäp bolýar» diýen setirleri okap, has hem aýdyň göz ýetirmek bolýar.
DYNÇ ALYŞ MERKEZLERI — DÖWREBAP ŞYPAHANALAR
Dynç alyş merkezleridir şypahanalar babatda gürrüň gozgalsa, ilki bilen, mähriban Arkadagymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzda şypahanalar ulgamynyň kemala gelendigini bellemek bolar. Ahal welaýatynyň çäginde ýerleşýän «Arçman» we «Ýyly suw», Balkan welaýatyndaky «Mollagara» we «Awaza», Diýarymyzyň demirgazyk welaýatyndaky «Daşoguz», Lebap welaýatyndaky «Farap», Mary welaýatyndaky «Baýramaly» hem-de Aşgabat şäherindäki «Berzeňňi» şypahanalary ynsan saglygynyň berkidilmeginde möhüm orun eýeleýär. Olar bir bitewi düzümi emele getirip, halkymyza hyzmat edýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň öňüsyrasynda hem saglygy goraýyş ulgamy şatlykly habaryň şaýady boldy. Has takygy, 2020-nji ýylyň 6-njy noýabrynda hormatly Arkadagymyz mübärek şagadamlary bilen açylan «Bagabat» şypahanasy halkymyzyň saglygyny goramak ugrunda alnyp barylýan işlere döwrebap hyzmatlary bilen goşant goşup başlady.
EKSPORT EDILÝÄN ÖNÜMLERIŇ GERIMI GIŇEÝÄR
Häzirki döwürde esasy wezipe diňe bir içerki bazarlary oba hojalyk önümleri bilen bolelin üpjün etmek hem-de daşary ýurtlardan önümleri getirmegi bes etmek bilen çäklenmän, eýsem, bu önümleri daşary ýurtlara hem eksport etmekden ybarat. Şu nukdaýnazardan-da, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak boýunça Döwlet maksatnamasy işjeň durmuşa geçirilýär. Şonuň netijesinde häzirki wagtda dünýä bazarynda alyjylar köpçüliginiň söýgüsini gazanan ýurdumyzda öndürilýän oba-hojalyk önümleriniň, dokma senagatdyr senagat önümleriniň birnäçesi daşary ýurtlara eksport edilýär. Älem giňişligine çykan hemramyz 2015-nji ýylyň 17-nji maýynda Türkmenistanyň ilkinji «TürkmenÄlem 52°E» aragatnaşyk emeli hemrasy Aşgabat wagty bilen irden 7 sagat 10 minutda özüniň ýerleşmeli Älem giňişliginiň gündogar uzaklygynyň 52-nji nokadynda Ýer üstünden 36 müň km beýiklikde üstünlikli ýerleşdirildi. Synag-barlaglardan soňra «TürkmenÄlem 52°E» aragatnaşyk emeli hemrasy 2015-nji ýylyň iýun aýynyň birinji ongünlüginde potratçy – Fransiýanyň «Thales Alenia Spaсe» kompaniýasy tarapyndan Türkmenistana tabşyryldy. Milli hemra türkmen teleradioýaýlymlaryny alyp görkezmek üçin ulanylyp, olaryň kuwwatlyklary standart görnüşindäki, şeýle hem ýokary çözüjilik ukyby teleýaýlymlaryň onlarçasyny görkezmäge mümkinçilik berdi.
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI